Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN DIPLOMLY IŞSIZLERDENMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

diplomly issiz2015-nji ýylda Hytaýda binagärlik okaýan dostum Berdi okuwyny taşlap gelende dostlar bolup gaty gynanypdyk. Oňa bary-ýogy bir ýyl gaýrat etse diplomly bolup biljekdigini, diplomsyz geljeginiň kyn boljakdygyny näçe aýtsagam düşündirip bilmändik. Ol okamagy däl-de işlemegi saýlap aldy. Okuwda we özbaşdak öwrenen ukyplary iş tapmaga ýardam etdi, ýöne iş hemişe tapdyrýarmy näme?

Häzir Türkmenistanda ykdysady şertler özgerdi. Iş tapmagyň şertleri üýtgedi. Zähmet bazary ýokary bilimli, diplomly ýaşlardan doly. Ýöne özgeren ykdysady şertlerde olaryň diňe ujypsyz bölegi göwnündäki işi tapmagy başarýar. Mysal üçin, dostum Ýagşymyrat daşary ýurtda ykdysadyýet ugrundan ýokary bilim alyp geldi. Kiçilikden ykdysadyýet bilen gyzyklanýan Ýagşymyrat diňe resmi bilim bilen çäklenmän, özbaşdak kurslarda hem okapdy. Ýagşymyrat Türkmenistana gelen dessine ýaşlaryň aglabasy ýaly hususy pudakdan iş gözlemäge başlaýar. Kadr agentliklerine dokument tabşyrýar, tanyşlaryndan iş mümkinçiliklerini soraşdyrýar. Ýöne aradan ençeme aýyň geçmegine we abraýly diplomyna garamazdan, iş tapmak başartmaýar. Munuň sebäpleri bilen gyzyklananda kadr agentliginiň işgäri Ýagşymyrada diplomyň ýeterlik däldigini, hususy pudagyň Logo, 1C we SAP-niň programmalaryny ulanyp bilýän ekonomistleri soraýandygyny aýdypdyr. Ýagşymyrat bolsa, diňe Microsoftyň ofis programmalaryny bilmek ýeterlikdir öýdüpdir.

Soň Ýagşymyrat wagt ýitirmezden döwlet edarasyna işe ýerleşmek üçin diplomyny ykrar etdirýär we iş üpjünçilik gullugyna hasaba durýar. Aradan dört aý geçýär, emma hiç hili iş tapylmaýar. Döwlet edaralary boş iş orunlary üçin 3-4 ýyllyk tejribe talap edýän eken. Ýagny, düzgüne görä işe ýerleşmegiň şertleri aňsat däl. Şol sebäpli ýaşlaryň aglabasy hususy pudakda işleýär. Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2018 ýyllyk hasabatyna görä, Türkmenistanda işgärleriň 24.9%-i döwlet eýeçiliginde, 48.2%-i hususy eýeçilikde zähmet çekýär.

Eger-de diplomsyz Berdi abraýly wezipede işleýän bolsa, diplomly Ýagşymyrat bolsa iş tapyp bilmeýän bolsa, onda mesele nämede?

OECD-niň (Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy) baş sekretarynyň bilim ulgamy boýunça maslahatçysy Andreas Schleicher 2012-nji ýylda Stambulda geçirilen ömürboýy öwrenme (Lifelong Learning) boýunça halkara konferensiýada şeýle diýýär: "Maňa dünýäniň iň gowy bilim sistemasynyň nirededigini sorasaňyz, onuň Ýaponiýadadygyny aýdardym. Ýaponiýada adamlar iň ýokary hilli bilim bilen uçurym bolýarlar. Ýöne, muňa garamazdan şereketleriň 80%-i gerekli kadrlary tapyp bilmeýändigini aýdýarlar". Ýagny, Ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) öwrenilen ukyp bilen ykdysadyýete zerur ukyplar gabat gelmeýär. Şeýlelikde, gözlenilýän ukyba eýe bolsaňyz, diplomsyzlygyňyza garamazdan iş tapyp bolýar. Diýmek, işe girmegiň açarsözi: dogry ukyp. Ösen döwletlerde şeýle meseleler ömürboýy öwrenme (Lifelong learning) arkaly çözülýär. Ömürboýy öwrenme özbaşdak, meýletin we yzygiderli öwrenmek we kämilleşmekdir. Ösen jemgyýetlerde adamlar işiň gapdalyndan dürli kurslara gatnap, özleriniň bäsleşik ukyplaryny artdyrmaga üns berýärler.

Meniň garaýşym

Siziň hem diplomly işsiz ýa-da heniz talyp bolmagyňyz mümkin. Türkmenistanda iş bilen bagly meselelere çolaşyp galmazlyk üçin wagt ýitirmezden herekete geçiň! Okuw jaýynda alýan bilimiňiz ýeterlik bolman biler. Iş şertleriniň batly depginde üýtgeýän döwründe ösen döwletlerde bilime bolan garaýyş hem üýtgedi. Adaty bilim sistemasy teoretiki bilim öwretmegi öňe sürýärdi. Döwrebap bilim sistemasy bolsa, meselelere çözgüt tapmak, öwreneniňi tejribe bilen özleşdirmek ýaly praktiki ukyplary öňe sürýär.

Dil öwreniň. Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde-de, hususy sektorda-da rus, iňlis dillerini bilmek siziň iş tapmagyňyzy ýeňilleşdirer.

Ofis programmalarynyň gapdaly bilen ykdysadyýet bilen bagly hünärler üçin Logo, Tiger, 1C ýaly ýörite programmalary öwreniň. Inženerçilik üçin bolsa Autocad, 3DMax ýaly programmalar bilýän kadrlar zerur.

owrenme omurboyudyr

Döwrüň täzeliklerini yzarlaň. Mundan 10 ýyl öň işe ýerleşmek üçin diplom ýeterlikdi. Häzir bolsa esasan ukyp we tejribä seredilýär. Geljekki 10 ýylda nämeleriň özgerjegi näbelli. Şol sebäpli, dowamly öwrenmäni endik ediniň. Ukyplaryňyzy yzygiderli artdyryň!

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Artyk Geldiýew

  • 398 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location