Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GOWY KAKA BOLMANY KIMDEN ÖWRENMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ata bolmakÝoldaşymam, menem türkmen. Ýakynda çagamyz boldy. Çaganyň pampersini kim çalyşmaly, aglasa kim götermeli, haýsymyz iýdirip-içirmeli diýen soraglar bizde bolmaýar. Çagamyz çemçe bilen iýip-içip ugranda, ýoldaşym ony höwes bilen iýmitlendirip başlady. Çaga emzige (soska) öwrenişendä hasam hezillik boldy, çünki indi ony kakasy hem ýatyryp bilýärdi. Kakamyz biz bilen çaganyň sanjymlaryny etdirmäge, ultrases barlagyndan (УЗИ) geçirtmäge gidýär, derman satyn alyp içirýär, çaganyň irki ösüşi baradaky kitaplary okaýar, men işdekäm onuň bilen öýde galýar. Biziň ejelerimiz weli muňa düşünmeýär. Meniň ýoldaşym pampersi çalyşmaly wagtyny, çagany gorşoga oturtmaly wagtyny, şeýle hem ony iýdirip-içirmeli wagtyny bilýär. Enelerimize ýa mamalarymyza myhmançylyga gidenimizde hem ýoldaşym bu zatlary edýär. Ejelerimiz bolsa geň galyşyp, maňa: "Goýaweri!" diýişýärler-de, çagany kakasynyň elinden alýarlar.

Türkmenistanda kakalaryň öz çagalary bilen gyzyklanmaklary, olar bilen bilelikde wagt geçirmekleri üçin örän az mümkinçilik bar. BMG-nyň 2016-njy ýylda geçiren Köp Görkezijiler boýunça sorag-jogap işine görä (MICS) , irki döwürde çagalarynyň alýan bilim-terbiýesi bilen erkekleriň bary-ýogy 15%-i gyzyklanýar.

Düşünjeler

Gynansak-da, biziň jemgyýetimizde ejeler, daýzalar, gelinler, aýal doganlar we beýleki aýal-gyzlar çagalaryny öz jogapkärçiligine alyp, "kakalar çaga seretmäni oňarmaz" diýäýýärler. Nämemiş? Ol erkek adamyň işi dälmiş. Kaka ata bolanda, agtygy bilen aýlaň-çaýlaň edip, oturyp-turup bilýär-de, ejesi başga bir iş bilen başagaý wagty, onuň ýerine çagany iýmitlendirip, ýuwundyryp we sapaga taýýarlanmaga kömek edip bilmezmi?! Şeýlelikde, maşgalada hiç bir erkek adam çaganyň ýokary hilde terbiýelenmeginde hiç hili orny eýeläp bilmeýär. Netijede, çagada kakasy hakynda şeýle pikir döreýär: kakam diňe pul gazanýar, meniň bilen juda seýrek gyzyklanýar. Galan hemme zady eje edýär. Bu meselede sen türkmen bol, rus bol, koreý bol, gazak bol, tapawudy ýok.

Köne nesil "erkek adam işlemeli, aýal maşgala öýde oturmaly" diýen düşünjä gulluk edýär. Meniň pikirimçe, bular sowuk uruş, ýetmezçilikler we üýtgedip gurmak ýaly meseleleriň dörän asyrynyň galyndylary bolmaly. Häzir bolsa, eje bilen kaka öýde oturman, deň hatarda edara-ofislerde ýa-da zawod-fabriklerde işleýärler. Iş ýerinde aýal bilen erkegiň jogapkärçilikleri deň bolsa-da, öýüň işlerini hiç kim öz aralarynda paýlaşmaýar. Munuň netijesinde, aýal maşgala öýde artykmaç işleýär, onuň boş wagty az bolýar, pul gazanmak bolsa erkege galýar. Tanyş ýagdaý, şeýle dälmi?

Bilýäňizmi, Gyrgyzystanda aýallar öýüň işlerine erkeklere garanda üç esse artykmaç wagt sarp edýärler. 4.5 sagat nire, 1.5 sagat nire?! Şol bir wagtyň özünde-de, işleýän erkekleriň göterimi (70%) aýallaryňka (50%-den az) garanda juda ýokary, ýöne erkekleriň boş wagty aýallaryňkydan kän. Olar boş wagtlarynda sport zala gidýärler, kursa gatnaýarlar. Aýallary bolsa öýüň işlerini etmek üçin öýe howlugýarlar.

Has köp aýal maşgala işleýäni we dekretden soň derrew işe çykýany sebäpli, biziň häzirki ýagdaýymyzyň we düşünjämiziň üýtgejekdigine ynanýaryn. Häzirki döwürde maşgalalaryň ykdysady ýagdaýynyň gowy bolmagy üçin ene-atanyň ikisiniňem işlemegi zerur bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, ýaş kakalaryň köpüsi öz çagalary bilen gyzykly wagt geçirmek isleýärler we mundan utanmaýarlar. Men öz çagam bilen çagalar bagynda aýlanyp ýörkäm, diňe ejeleri däl, kakalary hem görýärin. Hatda kämahal ýany iki-üç sany çagaly kakalary hem görmek bolýar. Meni we ýoldaşymy bu ýagdaý juda begendirýär. Hemme zady erkekleriňki, aýallaryňky diýip bölmegi bes etmegiň wagty gelip ýetdi. Çaga ene-atasynyň arasynda hiç hili tapawut görmeýär we ikisini-de deň derejede söýýär. Köne nesil ene-atalaryň çagalary bilen bile wagt geçirip, olaryň terbiýesinde deň orny eýelemeklerine päsgel bermeli däl.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Awtoryň pozisiýasy Saglyk redaksiýasynyň pozisiýasyny suratlandyrmaýar.

Awtor: Aýperi Süleýmanowa

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

  • 349 gezek okalan

Teswirler (4)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Awtoryň diýenlerine goşulýaryn.
Biz ýaňy-ýakynda öýlendik we nesip bolsa, çagamyz bolsa bu dünýäni tanap, ornaşyp ukyplaşmasy üçin elimizden gelenini etjegimize, bilýän zatlarymyzy öwretmäge, ýeri geleninde - özünden (özlerinden) öwrenmäge...

Awtoryň diýenlerine goşulýaryn.
Biz ýaňy-ýakynda öýlendik we nesip bolsa, çagamyz bolsa bu dünýäni tanap, ornaşyp ukyplaşmasy üçin elimizden gelenini etjegimize, bilýän zatlarymyzy öwretmäge, ýeri geleninde - özünden (özlerinden) öwrenmäge başarjagymyza ynanýarys.
Pikirim: "köne nesil" diýmän, "öňki nesil" diýilen bolsa has gowy bolardymy-ka öýdýärin, ulularymyz gaty görmez ýaly.
Soragym: makalanyň awtory türkmen ýaly. Makala haýsy dilden terjime edildi-kä? ?

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Altyn gyz! Gaty dogry bellapsiňiz.Biziň erkeklerimiziň göwünleri "Karp dagynyň depesinde bolsa-da" aňynda feodalçylyk endikleri kök urup, gany bilen bedeninde aýlanyp ýör. Zäherlenen bedeni arassalamak üçin köp müňýyllyklar gerek bolar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Biz jemgyýet bolup oglan gyzy ähli işleri oňarar ýaly edip ýetişdirmeli. Ikisem öz idegini oňarmaly. Aýal maşgalalar gaty kän uruşlara gatnaşýarlar. Aýallar şu döwürde köne düşünjeli erkekleri dula bakdyryp "tamyň düýbünde siýdirýarler". Siz...

Biz jemgyýet bolup oglan gyzy ähli işleri oňarar ýaly edip ýetişdirmeli. Ikisem öz idegini oňarmaly. Aýal maşgalalar gaty kän uruşlara gatnaşýarlar. Aýallar şu döwürde köne düşünjeli erkekleri dula bakdyryp "tamyň düýbünde siýdirýarler". Siz üçin kino ýaly görünýän zatlar - başga ýurtlarda durmuşa geçirilip, adamlary bagtly edýär. Elbtde siz ilki durmuşda galyp ýaşamagy saýlap almagyňyza hukuk bar. Galyň ilki durmuşda, başgalara ündemäň. Şonuň üçin gaty kän oglanlarymyz öýlenip bilmän, aýrylyşyp kösenip ýörler. Nalaman, özlerini oňaryp oý işlerinde kömek berseler gyz tapylardy. Öz çagaň pampersyny çalşyrmak - bu bagt. Türkmen erkekleri bagtly bolmaga mynasyp.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Meniñ pikirimcà ayal erkek oñaryan işini etse gowy. Tamyñ dūýbine kicisini edip ýören ayal maşgalalary uruşa akidip bolmaýşy yaly erkeklerem pampers calyşdyryp bolmaz. Köne dūşūnje bolsada siziñ taze pikirirñizden gowy. Ilki durmuş gurluşyndan...

Meniñ pikirimcà ayal erkek oñaryan işini etse gowy. Tamyñ dūýbine kicisini edip ýören ayal maşgalalary uruşa akidip bolmaýşy yaly erkeklerem pampers calyşdyryp bolmaz. Köne dūşūnje bolsada siziñ taze pikirirñizden gowy. Ilki durmuş gurluşyndan gelyan zady bir kino gorup az wagtda duzeldip bolmaz

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location