Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN NÄME ILDEN KEMMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

kem galmaIki sany ýoldaş kafe gidýärler.

Ýoldaş 1: Gel, menýuny göreli.

Ýoldaş 2: (Şyrk! Şyrk! Kafeniň içini surata alyp başagaý).

Ýoldaş 1: Näme zakaz etsem diýýäň?

Ýoldaş 2: Gel ilki selfi alaly. Şu günüň dowamynda eýýäm 8 sany tanyşym selfi post edipdir. Bulara seret! Gel bizem özümiziňkini goýaly. Biz näme olardan kemmi?!

Ýoldaş 1: Selfä wagt tapylar-la. Biz bu ýere naharlanmak, bilelikde wagt geçirmek üçin geldig-ä.

Ýoldaş 2: (Telefony bilen başagaý. 30 sekunt soňra) Hä, maňa bir zat diýdiňmi?

Şeýle wakalar size tanyşmy? Belkem siziňem ýoldaşlaryňyzyň arasynda ýokarky 2-nji ýoldaşa meňzeşleri bardyr? Belki özüňizem şolardansyňyz. Siz bu häsiýetiň saglyga howp salyp biljek ýagdaýdygyny bilýärmidiňiz?

KGG – bu Kem Galma Gorkusy (iňlisçe: FOMOFear Of Missing Out) sebäpli döreýän psihiki we emosional dartgynlykdyr. Bu ynjalyksyzlyga esasan sosial mediýalarda görülýän postlar sebäp bolup, adamda "ilden kem galma" duýgusy dartgynly derejede güýçlenýär. Bu ýagdaýa uçran adam ýerliksiz wagtlarda emailini we sosial mediýa hasabyny barlap durýar. KGG hadysasy esasan ýakynlaryň we dost-ýarlaryň bilen oturlyşyklarda bolup geçýär we gürrüňdeşleriň irmegine, öýkelemegine, gaharlanmagyna, we daşlaşmagyna alyp barýar. Soňky ýyllarda sosial mediýanyň giňden ýaýramagy esasanam täze nesliň (milleniallar) içinde KGG-nyň köpelmegine we güýçlenmegine getirdi.

KGG-nyň alamatlary:

↪ Dowamly telefonyňy barlamak;

↪ Ähli zady surata/wideo almak;

↪ Sosial mediýalary işjeň ulanmak;

↪ Telefonyňy ýitirmekden öler ýaly gorkmak.

Bu häsiýetler zyýansyz görünse-de, olar maşyn süreňde telefonda ýazyşmak ýaly ölüm howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup bilýärler.

Göze görünýän bu alamatlar KGG-nyň psihiki saglyga edýän täsirinden hem habar berýär. KGG-nyň täsiri astynda galan adam depressiýa, gorky, ynjalyksyzlyk, stres, durmuşdan närazylyk ýaly duýgulara gaplanyp bilýär. Şeýle-de, KGG-ny başdan geçirýän adam başgalaryň durmuşy bilen aşa köp gyzyklanyp, öz durmuşyny hem şolara görä gurnap başlaýar. Bu bolsa adamyň öz şahsyýetini, öz hakyky "men"ini ýitirmegine eltip bilýär.

KGG psihiki saglyk bozulmasy hasaplanmasa-da, ol pikirler tarapyndan oýarylýan duýgudyr. Pikirler bolsa anyklanylmasy zerur bolan gorka eltip bilýär. Şonuň üçinem, KGG has uly saglyk we psihiki näsazlyklaryň alamaty bolup biler.

Çeşme: 1 / 2

Awtor: Aly Hanow

  • 2443 gezek okalan