Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HAÝYR-SAHAWATYŇ DÜZGÜNLERI. NÄDIP DOGRY KÖMEK ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

kem galmaSoňky wagtlar daş-töweregindäkileriň kömegine mätäç ildeşlerimiz baradaky maglumatlar sosial ulgamlarda has ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Köplenç olar agyr keselli türkmenistanly näsaglar bolup, olaryň daşary ýurtda gymmat bejergi almaga maddy mümkinçiligi ýok. Biziň ak ýürekli we duýgudaş adamlarymyz hemme kişä elmydama elinden gelýän kömegi etmäge çalyşýar. Emma mätäçlere hakykatdan-da kömek etmek we bu işi dogry amala aşyrmak üçin haýyr-sahawatyň esasy ýörelgelerine düşünmek gerek.

Nädip dogry kömek etmeli we nämeleri etmeli däl?

1. Haýyr-sahawat bilen bagly görkezilýän resminamalary üns bilen okaň. Lukmançylyk resminamalarynda kesele goýlan diagnozy (kesgitleme) barlaň. Pasport maglumatlaryna, kesgitlemäniň we/ýa-da bejerginiň nyrhyna üns beriň. Resminama möhür bilen ýa-da bejerginiň göz öňünde tutulýan hassahanasyna degişli başga bir anyklaýyş nyşany bilen tassyklanan bolmaly.

2. Bejerginiň geçiriljek hassahanasy bilen habarlaşmak üçin degişli maglumatlaryň bardygyny anyklaň. Resmi internet sahypasyna girip, şol lukmançylyk edarasynyň ýagdaýyny öwreniň. Näsagyň keseline garşy hassahananyň çyndan-da kömek edip bilýändigini anyklaň.

3. Hassahananyň administrasiýasy bilen habarlaşmakdan çekinmäň. Pul kömegini etjek adam hökmünde hassahanada şol kesel bilen kesellän, pasport maglumatlary deň gelýän näsagyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaga siziň hakyňyz bar. Hassahananyň administrasiýasy şol näsaga edilmeli haýyr-sahawatdan habarly bolsa, lukmançylyk gizlinligi baradaky kanuny berjaý etmek maksady bilen çäklendirilen görnüşde size gerekli maglumat berler. Näsaglara lukman hem-de hassahananyň administrasiýasy bilen pul kömegini soramagyň göz öňünde tutulýandygyny paýlaşmak maslahat berilýär. Ýogsam, kömek etjek adamlardan maglumatlary doly ýaşyrmak töwekgelçiligi bardyr.

4. Sosial ulgamlarda anyk bolmadyk maglumatlary paýlaşmaň. Mümkin boldugyça anykdygyna gözüňiz ýetýän maglumatlary öz sahypaňyzda paýlaşyň. Jedelli maglumatlary paýlaşmak bilen, siz hasaba degişli nädogry rekwizit bilen nädürs maglumatlary paýlaşmagyňyz ahmal. Eger pul kömegini resmi haýyr-sahawat guramalarynyň üsti bilen amala aşyrmakçy bolsaňyz, şolaryň sosial ulgamlardaky resmi sahypalaryndan alnan maglumatlary paýlaşmak maslahat berilýär.

5. Ygtybarsyz guramalara pul geçirmäň. Guramalar meşhur bolmaly we olaryň öz taryhy bolmaly. (Meselem, "Русфонд", "Подари жизнь", "Нужна помощь", "Милосердие" we ş.m.) Olaryň her biriniň öz ygtybarly fond (gazna) sanawy bar.

6. Haýyr-sahawat işi aýdyň bolmaly. Her bir pul geçirimi ekpertiza we geçirilen işiň hasabaty bilen tassyklanan bolmaly. Haýyr-sahawat eden adamyňyza ýa-da toparyňyza soňundan näme bolandygy bilen gyzyklanyň. Haýyr-sahawat dürs bolsa, guramalaryň geçiren işleri barada size hasabat berlip, resminama, surat, hatda kömek edilen kişi bilen açyk gürrüňdeşlik görnüşinde näsagyň saglyk ýagdaýyny subut ederler. Şeýle maglumaty almak bilen, kömegiňiziň hakykatdan-da göz öňünde tutulyşy ýaly peýdalanylandygyny ýene-de bir gezek anyklap hem-de şatlanyp bilersiňiz.

Makalanyň asyl nusgasy: Правила благотворительности-как правильно помочь?

Awtor: Bossan Annageldiýewa

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

  • 270 gezek okalan

Teswirler (2)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Porna wideolary goryan oglanlar uzagyndan jynsy nasazlyklar we psihiki uytgemeler gözleriñ we beÿniniñ owrenśip gyjynmazlygy, yadamagy zerarly önelgesiz (tök, impotent) bolyarlar!; Olaryñ ujydy turmayar! Mundan basgada shol porna videolary...

Porna wideolary goryan oglanlar uzagyndan jynsy nasazlyklar we psihiki uytgemeler gözleriñ we beÿniniñ owrenśip gyjynmazlygy, yadamagy zerarly önelgesiz (tök, impotent) bolyarlar!; Olaryñ ujydy turmayar! Mundan basgada shol porna videolary goryanlerin, gyz-oglan tapawudy yok ysgyny, guÿji pes ejiz bolyar! Dogumlylygy peselip gowsak hasiÿetde nalajedeyin bolyar. Olaryñ pikirlenishi, akyly we ugurtapyjylygy gun-gunden peselip baśarnyksyz gowśak adam bolup galyarlar. porna goryanlerin immunitedi pes bolup, olara durli keseller yenil yokusyp bilyar, olaryń jynsy hyjywy ir peselip, wagtyndan on garrayarlar, yasaysa ukyplary peselyar! Hormatly okyjylar shu yazylanlaryn ahlisi dashary yurt ylmy edaralarda alymlar tarapyndan owrenilen we dogrudygy tassyklanan maglumatlar. Shonun uçin śeyle hapa wideolary (porna, sex, erotika) el telefonlarynyzdan, kompyuterlerinizden pozuñ, olary görmekden gaça duruñ! Cagalarynyza dušündiriñ.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogry her kime nesip etsin

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location