Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“PROSTYN NÄMÄNI AÝAN EDER?”

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (12 Ses)

prostyn ayan ederKawkazyň gadymy toý däpleriniň henizem gyzlaryň yzyna düşüşi

Makalanyň rus dilindäki asyl nusgasyny

Adamyň ömründe iň bir bagtly pursatlaryň biri bolan durmuş toýy patriarhal (hojalykda we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda erkek kişiniň agalyk etmegi) ýörelgelere eýerýän ýurtlardaky gyzlar üçin köplenç garabasma öwrülýär. Häzirki günlerimize çenli ene-atasynyň islegi boýunça nikalaşmak giňden ýaýran Azerbeýjanda gadymy adatlar sebäpli bu şatlykly gün gelin üçin psihiki we fiziki ezýet bolup, onuň täsiri ençeme ýyllap dowam edip bilýär.

"Toýdan soňra ol öňümde eşiklerini çykaryp başlanda, men gorkdum” diýip, Elmira özüniň ilkinji toý gijesini ýatlaýar (gahrymanyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi). Indi durmuşa çykandygyma we ýagdaýlaryň hem şeýle bolmalydygyna düşünsem-de, hiç rahatlanyp bilmedim – diňe şol wagt özümiň hem eşiklerimi çykarmalydygymy bilýärdim".

Şol wagt Elmira 27 ýaşyndady. Ol uniwersiteti tamamlap, terjimeçi bolup işleýärdi. Onuň durmuşa çykmaly adamsyny ene-atasy saýlapdy. Ol "ejesini begendirmek" üçin şol adama durmuşa çykypdy. “Ol diňe biziň goňşymyzdy. Biziň dünýägaraýyşlarymyz tapawutlydy. Ol okuwly däldi we biziň ýekeje-de meňzeş ýerimiz ýokdy” diýip, Elmira ýatlaýar. "Onuň bilen meni erkek doganlarym tanyşdyrdy. Doganlarym oglany gowy görýärdiler. Ejem bolsa meniň goňşa durmuşa çykyp, hemişe gözüniň alnynda boljakdygyma begenýärdi".

Birnäçe gezek Elmira ejesine entek maşgala gurmak islemeýändigini aýdýar. Ejesi hem muny dogan-garyndaşlaryna aýdýar we olar hem Elmirany aljyradyp başlaýarlar. "Men eýýäm 27 ýaşapdym we garyndaşlarym ‘Elmira gyz däldir, şonuň üçin durmuşa çykasy gelýän däldir’ diýip, şübhelenip başlapdylar".

Ýöne Elmiranyň ilkinji jynsy gatnaşygy onuň ilkinji nika gijesinde bolup geçýär. "Ýoldaşym muny bilse-de, meniň özümi duýşum we howpsuzlygym bilen hiç gyzyklanmady" diýip, Elmira gürrüň berýär. Ýigit özüni gelniň üstüne oklaýar we haçan-da Elmiranyň kellesi şkafa degip başlanda, goňşy otagdaky aýallaryň biri gapyny kakyp gygyrýar: "Ýuwaşrak boluň, bu nähili medeniýetsizlik!"

Şol wagt gapynyň aňyrsynda Elmiranyň ejesi, iki sany daýzasy, gaýyn enesi we ýene-de bir daşgynrak garyndaşy (gapyny kakyp, gygyran aýal) otyrdylar. Olar däp boýunça "jynsy gatnaşygyň amala aşyrylyşyny" we gelniň gyzlygyny barlaýjy adamlardy.

"Her hili ses eşidilýärdi" diýip, Elmira ýatlaýar. Endam-janym agyrydan we utançdan ýaňa titreýärdi. "Şul indi durmuşa çykmaklykmyka?!" diýip, içimi gepledýärdim.

Şol daşgynrak garyndaş aýal gelniň durmuşa çykan ýeňňesiniň roluny ýerine ýetirýärdi. Gelniň ýeňňesi toýdan soňra ýaş-çatynjalaryň öýüne gelip, uzak gije goňşy otagda oturýar. Onuň borçlarynyň biri hem maslahat bermek. Çünki ozal jynsy gatnaşykda bolmadyk gelin bu zatlar hakynda hiç zat bilmeýär diýen düşünje bar. Şol sebäpli hem, gelin ýatylýan otagdan çykyp, ýaşy uly we tejribeli aýaldan maslahat sorap bilýär.

Ýeňňäniň borçlarynyň ýene biri hem ýaş-çatynjalaryň düşeginden prostyny almakdyr.

"Nika gijesi syrdan doly"

Nika gijesiniň ertesi irden düşegiň prostynyny görkezmek Kawkazyň birnäçe halklaryna mahsus bolan adat. Ondaky gan tegmilleri garyndaşlar üçin jynsy gatnaşygyň bolandygyny aňladýar. Şunuň ýaly "subutnamalary" görmek bilen, garyndaşlar ýaş juwanlary gutlaýarlar we diňe şondan soň nikany hakyky diýip kabul edýärler.

"Toý gijesi şular ýaly syrly bolýar we adamlar ‘prostyn ähli zady aýan eder’ diýip, ertire garaşýarlar" diýip, Azerbeýjanda aýallaryň hukuklary boýunça alym Şahla Ismail aýdýar. "Haçan-da irden garyndaşlara prostyn görkezilende, her kim pikirini beýan etmegi özüne borç hasaplaýar". Eger-de prostynda gan ýok bolsa, onda gyzy kowup, "zaýa eken" diýip, gyzy ene-atasynyň öýüne yzyna eltip hem bilýärler. Mundan soňra ol "aýrylyşan" hasaplanýar we köp halatlarda oňa täzeden durmuşa çykmak kyn bolýar. Ene-atasynyň öýünde bolsa ol basalanýar, ynjydylýar.

Azerbeýjanyň hukuk goraýjylarynyň aýtmaklaryna görä, ilkinji toý gijesinde şaýatlaryň bolmagy we prostynyň görkezilmegi ýaly adatlar, esasan, uly şäherlerden daşdaky ýerlerde ýöredilýär.

Käwagt toýdan öň ginekologik proseduralaryň kömegi bilen "hünärmenlere" gidip, gyzyň gyzlygyny barlaýarlar. Munuň netijeliligine bolsa birnäçe öňdebaryjy halkara guramalar şüpheli garaýarlar. Geçen ýylyň güýzünde BMG we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy häzirki wagtda dünýäniň azyndan 20 ýurdunda ýöredilýän bu tejribäni aýallar üçin şikes beriji we kemsidiji diýip hasaplap, ony bes etmeklige çagyrdylar. Beýannama görä, lukmançylykda "gyzlyk perdesi" diýen düşünje ýokdur. Ol diňe jemgyýetleriň, medeniýetleriň we dinleriň döreden düşünjesidir.

"Gorky utançdan üstün çykdy"

Elmira üçin ilkinji toý gijesi bilen baglanyşykly duýgular gorky, agyry we utançdy. Ol aýallaryň gapynyň aňyrsynda çyrany öçürip ýakyşlaryny, çaý guýuşlaryny eşidýärdi. Ol şeýle hem, özüniň we adamsynyň sesleriniň olara eşidilýändigini bilýärdi. "Men öz aklymda däldim we bir zat diýmekden gorkýardym" diýip, ol ýatlaýar. "Men uzak gije ýatmadym. Ýoldaşyma bolsa bildirýän ýeri ýokdy. Ol arkaýyn uklap galdy".

"Irden ‘şaýatlar’ prostyny almak üçin otaga girdiler. Eýýäm meniň üçin hemme zat bir köpükdi. Men bu zatlaryň nähili ýürekbulandyryjydygyna göz ýetiripdim. Ýöne gorkym utanjymdan üstün çykdy" diýip, Elmira aýdýar. "Haçan-da aýal çaga dogranda, ginekolog erkek bolsun ýa aýal, dogurýan aýala tapawudy ýokdur. Men hem hemmeleriň prostyna seretjekdiklerini bilsemem, halys aňkam aşypdy. Hatda prostyny nädip alandyklary hem doly ýadyma düşenok".

"’Şaýatlar we prostyn’ däbi ýyl geçdigiçe aýallar üçin has hem göwne degiji bolup barýar" diýip, psiholog Ellada Gorina belleýär. Häzirki döwürde köpler giç durmuş gurýarlar, nika baglaşmazdan öň jynsy gatnaşyk hakynda bilim alýarlar. Şol sebäpli, täze çatynjalara indi goňşy otagda oturýan garyndaşlaryň maslahaty gerek bolmaýar we olaryň roly diňe gelniň gyzlygyny barlamak bolup galýar.

"Henizem zenanlaryň köpüsi "ýeňňäni" adaty zat hökmünde kabul edýärler. Olaryň dünýäsinde bu gowam däl, erbedem. Olaryň doglup, önüp-ösen dünýäsinde başgaça kada bolmandam". diýip, Gorina belleýär. Emma has düşünjeli we bilimli nesil (ene-atalaryna garaňda) ýetişende, beýle kadalar sebäpli şikeslenmeler, düşünişmezlikler we gaýgy-aladalar ýüze çykýar.

Ozal Azerbeýjanyň demirgazygynda ýaşan Nigar özüniň ilkinji toý gijesinde goňşy otagdaky "maslahatçylaryň" bir ýa-da iki däl-de, eýsem tutuş oba bolup gelendiklerini ýatlaýar. "Men hiç wagt şonuň ýaly utanyp görmändim, ýöne men ‘eger-de şeýle bolmaly bolsa, onda ulularyň özleri dogry bilýändir’ diýip pikir etdim" diýip, ol aýdýar.

Nigaryň aýtmagyna görä, nika gijesinde onuň özi hem, adamsy hem jynsy gatnaşyk etmek islemändirler. Sebäbi gapynyň aňyrsyndaky oturgyçlaryň we adamlaryň sesleri, hatda olaryň dem alyşlary hem eşidilýär eken. Irden olar hem prostyny görkezmeli bolupdyrlar.

Şonda Nigar 18 ýaşynda ekeni. Häzir ol 30 ýaşap gelýär we aýrylyşan, Bakuda ýaşaýar. Garyndaşlaryny bolsa ol "azgyn, bozuk" diýip atlandyrýar.

Hemmelere täzeden durmuş gurmak başartmaýar we köneçil jemgyýetde aýal jynslydygyň sebäpli öňden gelýän kadalary üýtgetmek gaty kyn bolýar.

"Gyzlaryň bu (toý gijesi) hakynda ýigitler bilen toýdan öň gürrüň edýäni hem bolýar, bu hakda agzyny açmaga gorkup, ýoldaşynyň özüni gowy alyp barmagyny umyt edýäni hem bolýar" diýip, Ellada Gorina aýdýar. "Aýallara şunuň ýaly zulum edilmegi jynslaryň arasyndaky deňhukuksyzlygy görkezýär".

"Gyzyl alma"

Prostyn bilen baglanyşykly däbe Ermenistanda, Azerbeýjanda, käwagtlar Gruziýada we Demirgazyk Kawkazyň käbir respublikalarynda hem duş gelmek bolýar.

Ermenileriň adatlary azerbeýjanlylaryňka meňzeş, ýöne olarda şaýatlar gapynyň arkasynda oturmaýar. Olarda prostyndaky gan tegmilleri "gyzyl alma" diýlip atlandyrylýar. Bu ýerdäki däpler Ýerewandan daşarda hem ýöredilýär. "Paýtagtdan näçe daşlaşdygyňça, "hassa hem şonça ýarawsyzlaşýar" we köneçillik güýçlenip, fanatizme hem baryp ýetýän ýerleri bolýar" diýip, Ermenistanda adam hukuklary boýunça Helsinki assosiasiýasynyň wekili Nina Karapetýans aýdýar.

Ol bir gezek ilkinji toý gijesinden soňra garyndaşlarynyň goňşular bilen bilelikde ýaş-çatynjalaryň ýatýan otagyna prostyny barlamak üçin gelendiklerini, soňra bolsa, gelniň atasy öýüne gyzyl almaly we sowgatly sebedi ugradandyklaryny ýatlaýar. Mundan soňra gelniň ýakyn garyndaşlary öz garyndaşlaryny we goňşularyny çagyryp, öz gyzlarynyň "arassa we el degmedikligini" subut edip bilýärler. "Şunlukda, şäher ýeri bolsa şäheriň ýarysy, obada bolsa tutuş oba şunuň ýaly kemsidiji bir adata gatnaşýar" diýip, Karapetýans belleýär.

Obalarda, köplenç, gyzlary 18 ýaşlary dolan badyna durmuşa çykarýarlar we olaryň köpüsiniň ne käri bar, ne-de işi. Eger-de gyz "almaly barlagdan" geçmese, ondan ene-atasy hem ýüz dönderip bilýär.

35 ýaşly Ani (gahrymanyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) özüniň geljekki adamsy bilen ýaňy bir 20 ýaşlarynda oturlyşykda tanyşypdy. Olaryň ikisiniň hem ýokary bilimli bolmagyna, Ýerewanda ýaşamagyna we halaşyp durmuş gurmagyna garamazdan, olar köneçil garyndaşlarynyň soraglaryny çekmezlik üçin toýdan öň jynsy gatnaşykda bolmakdan boýun gaçyrýarlar.

"Men aşhanada ertirlik edinýärdim. Gaýyn enem we adamymyň tarapyndan aýallar, daýzalar, we birnäçe ýakyn goňşulary geldiler" diýip, ol toýuň ertesi gününi ýatlaýar. "Şaýatlar ‘barlag geçirenlerinde’, men beýleki otagda oturdym". Şol gün Aniniň ýüregine rahatlyk aralaşýar. Sebäbi indi ol özi hakynda ýaramaz gürrüň ederler gorkusyndan saplanypdy we arkaýyn ýaşap biljekdi.

"Şol gijäni ýatlamadyk"

Psiholog Ellada Gorinanyň aýtmagyna görä, käbirleri üçin bu tejribe aňsat bolup geçýän bolsa, käbirleri üçin onuň ýetiren şikesi ençeme ýyllap dowam edip bilýär. “Şeýle bir ýagdaý boldy. Bir adam başga bir mesele bilen gelipdi, ýöne görüp otursak (ilkinji gijeden soň) ganama bolmandyr we adamsynyň ähli maşgalasy gelniň gyzdygyny ýa däldigini barlatmak üçin lukmana alyp gelipdirler”diýip, psiholog ýatlaýar. Şunuň ýaly adamkärçiliksizlik aýalyň özüni zorlugyň gurbany ýaly duýmagyna getirýär. Bu ýagdaýyň ýaramaz täsirleri bolsa, uzak wagtlap dowam edýär.

Toýdan ýarym ýyl soňra Elmiranyň adamsy aradan çykýar. "Şol ýarym ýylyň içinde biz şol gijäni bir gezegem ýatlamadyk" diýip, Elmira aýdýar.

Adamsynyň ölüminden soňra ol başga erkege ýakynlaşmandyr. Ol bu ýagdaýyň psihologik päsgelçilik sebäplidigini aýdýar. Elmira: "Men hatda durmuşa çykmaga ýa-da romantik gatnaşykda bolmagada taýýardym, ýöne meniň öňki başdan geçiren zatlarym maňa böwet bolýar" diýýär.

Elmiranyň on ýaşly ogly bar we ol onuň bilen jynsy gatnaşyk hakynda gürrüň edýär. Oňa aýal bedeniniň nähili gurnalandygyny öwredýär. "Men oňa: ‘Adamkärçilikli bol’ diýýärin. Eger-de bir wagt gyzym bolsa, oňa öz eden ýalňyşlyklarymy gaýtalamazlygy tabşyraryn" diýip, ol özüne söz berýär.

"Eger-de men häzirki düşünjäm bilen şol ýagdaýda bolan bolsadym, adamymyň we daýzalaryň öňünde özümi başgaça alyp barardym". diýip, Elmira aýdýar.

Ermenistanly we azerbaýjanly hünärmenler bu däpleriň ýuwaş-ýuwaşdan bolsa-da, geçmişde galyp barýandygyny belleýärler. "Täze nesil öz hukuklary üçin göreşmäge taýýar" diýip, ermeni hukuk goraýjy Nina Karapetýans belleýär. "Men bu däpden boýun gaçyran bir maşgalany tanaýaryn" diýip, azerbeýjanly alym Şahla Ismail aýdýar. "Meniň pikirimçe, bu adamlar batyr ýürekli. Üýtgeşmeler hem şu hilli adamlardan başlanýar". Gruzin hukuk goraýjylarynyň aýtmagyna görä, olaryň ýurdunda prostyn bilen baglanyşykly däpler indi ýok diýen ýaly.

***

Mundan 30 ýyl öň toýlar öýlerde, restoranlarda ýa-da köçelerde uly palatkalarda tutulýardy. Häzirki wagtda bolsa, hatda garyp maşgalalar hem ähli şäherlerde emele gelen "kaşaň toý zallaryna" barýarlar.

Sumgaýt şäher eteginde şonuň ýaly toý mekanlarynyň birinde Arif bilen Maleýkanyň (atlar üýtgedilen) toýy tutulýar. Baý bolmadyk maşgaladan çykan ýaşlary garyndaşlary tanyşdyrypdyr. Däp boýunça ýigit we gelin spirtli içgiler goýulmadyk beýik stolda aýratyn oturýar. Oturan ýerlerinden olar öz myhmanlarynyň (400 töweregi adam) nähili tans edýändiklerine we şatlanýandyklaryna seredýärler. Hiç kim "Öp!" diýip gygyrmaýar, ýigit gelni öpmeýär – bu hereket gelşiksiz hasaplanýar.

Ýöne, Maleýka agras ýagdaýda ýylgyrman, köp oturyp bilmedi – garyndaşlarynyň haýran galýan bakyşlarynyň astynda ol hem tans etmäge çykdy. Myhmanlar pyşyrdaşyp, gybat edýärdiler, Maleýka "utançsyz we bihaýa" diýýärdiler. Olaryň biri: "Bu ýeri näme diskotekamyka?!" diýip gaharlandy. "Nädip şeýle ýeňilkelle bolup bolýar?! Hany däp-dessura hormat?!" diýip, ýene biri zeýrendi. Garyndaşlary gelniň özlerine ünsi bermeýändigini, olar bilen däl-de, dost-ýarlary bilen bolmagy saýlamagyny, ýoldaşyna diýenini etdirmegini halamadylar.

Emma, ahyrynda adat ýaş çatynjalary sypdyrmady. Olaryň ulagy toý zalyndan ugranda, içi dört sany içgili aýally ýene bir ulag olaryň yzy bilen ýola düşdi.

  • 7562 gezek okalan