MUNY BILMEK MÖHÜM: MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYGYŇ ETİKİ DÜZGÜNLERİ - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MUNY BILMEK MÖHÜM: MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYGYŇ ETİKİ DÜZGÜNLERİ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

mayyplar aragatnasykTerjimäniň asyl nusgasy.

Eşidip bilmeýänler bilen nädip gepleşmeli, görüp bilmeýänlere nädip ýoldaş bolmaly, maýyplygy bolan adamlara, kemsitmän, nädip kömek etmeli?

UMUMY DÜZGÜNLER

Gürrüňe nädip başlamaly?

Maýyplygy bolan biri bilen tanyşanyňyzda oňa eliňi uzatmak tebigy ýagdaýdyr, hatda ol elini zordan galdyrýanam bolsa ýa-da protez golly hem bolsa.

Gepleşik wagty özüňi nähili alyp barmaly?

Aragatnaşykda kynçylyk çekýän adam bilen gepleşýän bolsaňyz, ony üns bilen diňläň. Ol aýtjagyny aýdýança sabyr ediň. Ony düzetmäň we garşysyna gitmäň.

Maýyplygy bolan adamyň kolýaskasyndaky (arabasyndaky) ýa-da pişekli adam bilen gepleşeniňizde ornuňyzy gözüňiz onuň gözüne gabat geler ýaly edip sazlaň.

Kömegiňi nädip teklip etmeli?

Eger kömek teklip etseňiz, teklibiňiz kabul edilýänçä garaşyň. Soňra, nädip kömek edip biljekdigiňizi soraň. Sizden kömek soralmasa, sen-men ýok, kömek etjek bolup "dyzamaň".

Eger adam maýyplygy bolan adamyň kolýaskasynda bolsa näme etmeli?

Eýesiniň rugsady bolmazdan kolýaskanyň üstüne-de abanmaň, itmäňem. Sebäbi kolýaska ony ulanýan adamyň eldegirmesiz çäginiň bir bölegidir. Ulanyjydan birugsat oturgyjy hereket etdirmeklik şol adamyň özüni garbap, göterip gideniň bilen deňdir.

Sizden kömek soralsa, ilki bilen kolýaskany haýaljakdan hereket etdiriň: ol çalt bat alýar we birden itilse deňagramlylyk bozulyp bilýär.

Eşidip bilmeýän adamlar bilen nähili düşünişmeli?

↣ Gulagy gowy eşitmeýän adamyň ünsüni çekmek üçin onuň adyny tutuň. Jogap bermese, çalaja egnine kakyp ýa-da eliňizi galgadyp bilersiňiz.

↣ Ýanyňyzdaky adamlar bilen hökman tanyşdyryň we atlaryny aýdyň.

↣ Dodakdan okap düşünip düşünmeýändigini soraň.

↣ Gürrüňdeşiňiziň şeýle ukyby bar bolsa, on sözüň bary-ýogy üçüsine gowy düşünip bilýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçinem:

⇒ Gürrüňdeşiňiz sizi gowy görüp biler ýaly ornuňyzy sazlaň. Oňa siziň aýdýanlaryňyzy ýüzüňizden yzarlamak mümkinçiligini dörediň.

⇒ Düşnükli we haýal gepläň, aňsat sözleri ulanyň we artykmaç gürlemekden gaça duruň.

↣ Hatda gürrüňdeşiňiz ýoldaşynyň ýa-da terjimeçiniň kömegi bilen düşünişýän hem bolsa, onuň öz ýüzüne seredip ýüzleniň.

↣ Eger görüp ýa-da eşidip bilmeýän birine ýalňyşlyk bilen "görüşýänçäk" ýa-da "pylan zat barada eşidipmidiň?" diýseňiz, utanmagyň hajaty ýok.

↣ Size sözüňizi gaýtalamagy haýyş etseler ony başgaçarak düşündirmäge çalşyň. Üm we el hereketlerini ulanyň we size düşünip düşünmändiklerini anyklaň. Gürrüňdeşiňizden siziň aýdanlaryňyza düşünip düşünmändigini, ýa bolmasa, siz onuň aýdanlaryna düşünmeseňiz, bu barada soramaga çekinmäň.

↣ Telefon belgi, salgy, tehniki ýa-da islendik başga kyn sözleri aýdýan bolsaňyz, gürrüňdeşiňiz size anyk düşüner ýaly, oňa ýazyp görkeziň ýa-da islendik başga görnüşde düşündiriň.

Görüp bilmeýän adamlar bilen nähili düşünişmeli?

↣ Görmekde kynçylyk çekýändigini aňan adamyňyz nädogry tarapa barýan bolsa, uzak aralykdan hereketler bilen ony ugrukdyrmaga çalyşmaň-da, ýanyna baryp, barjak ýerine aşmaga kömek ediň.

↣ Ugrukdyrmak üçin oňa ýoldaş bolanyňyzda, elinden gysmaň. Özüňizi hemişe adaty ýöreýşiňizdäki ýaly alyp baryň. Ol adamdan ýapyşmak ýa-da yzyňa düşürip, çekelemek hökman däl.

⇒ Nirededigiňizi suratlandyryň.

⇒ Howlukman hereket ediň. Basgançakdan düşeniňizde ýa-da müneniňizde, kömek edýän adamyňyza gapdallaýyn ýöräň.

⇒ Birden batly hereket etmäň we päsgelçilikler barada öňünden duýduryň.

↣ Oňa oturmagy teklip edeniňizde, özüňiz oturtmaň-da, elini oturgyjyň arkasyna ýa-da tirsekligine degriň.

↣ Eline nämedir bir zat tutdurjak bolsaňyz, «elläp gör» diýmäň-de, «şuňa seret» diýiň.

↣ Uzadýan zadyňyzy eliniň aýasyna degirmäň-de, erkin ýagdaýda elläp görmek mümkinçiligini beriň.

↣ Eger birnäçe adam bilen gepleşýän bolsaňyz, her gezek ýüzlenýän adamyňyzyň adyny tutmagy ýatdan çykarmaň.

↣ Az wagtlyk gidýänem bolsaňyz, ýanyndan daşlaşmankaňyz, bu barada eşitdirip duýduryň. Gürrüňdeşiňiz kim bilen gepleşýändigini bilmän galmaly däldir.

Terjime eden Jumadurdy Rejebow

  • 2096 gezek okalan