Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DAMJALY SUWARYŞ? IŇ AŇSADY ELDE ÝASAMAK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

damjaly suwarys

Ählumumy maýylganlygyň we howanyň hiliniň ýaramazlaşýan döwründe ýaşyl ýerleriň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Agaçlar, gyrymsy agaçlar we otlar kömürturşy gazyny we zyýanly howa hapalaýjylary sorup kislorod edip çykarýarlar. Başga-da, bular çyglylygy saklýarlar, sesden we tozandan goraýarlar, salkynlyk we saýa berýärler, käbir haýwanlary, guşlary we mör-möjekleri öý bilen üpjün edýärler, adamlara dürli ýerleri bezemäge we ýüzlerçe peýdaly işleri ýerine ýetirmäge kömek edýärler. Emma ýaşyl ösümliklere bol suw gerek bolýar. Bol suw bolsa her bir ýere ýa-da her bir adama nesip etmeýär. Şonuň üçinem, häzirki wagtda suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak üçin gadymy we häzirkizaman usullaryň ikisi hem möhümdir.

Gynansakda, Merkezi Aziýada ýerli häkimiýetler, biznesmenler, hatda ýaşaýjylaryň özleri hem adamlaryň rahat ýaşamagy üçin ýaşyl ýerleriň, şäherliler üçin baglaryň we seýilgähleriň nähili möhümdigine doly düşünmeýärler. Köpler agaçlary we seýilgähleri düşewüntsiz, boşuna ýer tutup ýatan zatlar hasaplaýarlar. Olaryň ýerine dükän, salon, awtopark gurlanyny ýa-da owadan kafeller bilen bezelip, kaşaň çyralar dikilenini has peýdaly görýärler.

Emma umytlanara-da sebäp ýok däl. Käbir şäher ýaşaýjylary ýaşyl ýerleriň özleriniň we başgalaryň saglygy üçin gymmatlydygyna düşünýärler. Olar jaýlarynyň we podýezdleriniň öňüne agaçlary, gyrymsy agaçlary we gülleri ekmäge we olara ideg etmäge çalyşýarlar. Ana, şol pursatda hem olar suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Meselem, Almatyda suw akabalar ulgamy (suw we drenaž üçin ulanylýan darajyk joýalar) şäheriň köp böleginde işlemeýär. Sebäbi sanaýmalyja köçelerden başga ýerdäki joýalara hiç hili suw gelmeýär. Jemgyýetçilik suw krantlaryndan hem zat galmady. Şäher häkimligi tarapyndan gurlan suwaryş desgalary-da hemişe diýen ýaly işlemeýär. Kölegäni we salkynlygy gowy görýän şäher ýaşaýjylary bolsa, daşardaky ösümlikleri öýlerindäki içýän suwlaryndan bedreli ýa-da baklaşkaly daşap suwarmaly bolýarlar. Emma haçana çenli eliň bilen suw daşap gezip bolar? Esasanam liftsiz, birnäçe gatly jaýda ýaşaýan bolsaň? Bagbançylygy söýýän şäherlileriň ýüzbe-ýüz bolýan ýene bir meselesi hem çyglylygyň çalt ýitmegidir. Gurak toprak berlen suwy derrew özüne siňdirýär we ösümlikleriň köklerine ýeterlik suw baryp bilmeýär. Şonuň üçin, bedreli ýa-da baklaşkaly suwarma hem-ä kyn düşýär, hemem netijesiz we tygşytsyz bolýar.

Dünýäniň Ysraýyl ýaly köp ýurtlarynda suwy tygşytlamak üçin damjaly suwaryş usuly ulanylýar. Damjaly suwaryşda ýörite damdyryjy enjamlaryň kömegi bilen, ösümlikleriň kökli bölegine elmydama suw damyp durar ýaly edilýär. Zawodda öndürilýän beýle enjamlar ýönekeý adam üçin elýeterli bolmansoň, ugurtapyjy ussalar hemmelere elýeter bolan plastik çüýşeleri (baklaşka) ulanyp, damjaly suwaryş enjamynyň elde ýasalan görnüşini oýlap tapypdyrlar. Damjaly suwaryş enjamlarynyň öýde ýasap bolýan birnäçe görnüşi bar, emma iň aňsady şeýle ýasalýar:

1. Baklaşkaň aşaky bölegi kesilip aýrylýar.

2. Onuň gapagynda 2-3 sany deşijek deşilýär.

3. Baklaşkanyň agzyna hasa ýa-da çybyndan goraýjy tor geýdirilip, gapagy ýapylýar.

4. Soňra ony agaja başaşak daňyp ýa-da düýbüne başaşak dürtüp goýulýar.

5. Içi bolsa suw bilen doldurylýar.

Şeýlelik bilen, baklaşkadaky suw ösümligiň düýbüne damyp durýar. Munda hem suwy el bilen daşamaly bolýar, emma bu usulda suw tygşytly ulanylýar we topraga dökülip zaýalanmaýar.

Almatyda agaçlar üçin şeýle ýönekeý emma peýdaly damja enjamlary Tastak etrapçasynyň Duýsenowa köçesiniň ýokarsyndaky Prokofewa atly pyýada ýörelýän köçede gurnalypdyr. Belki olar şäherde meniň heniz baryp görmedik ýerlerimde hem bardyr.

Mähriban okyjy, eger sen hem öz şäheriňde ýa-da başga şäherlerde şeýle suwaryş usullaryny görseň, suratyny alyp, şu makala teswir edip goşmagyňy haýyş edýärin. Men tebigaty söýýänleriň ählisini damjaly suwaryş enjamlaryny ýasamaga we beýleki adamlary hem muňa höweslendirmäge çagyrýaryn.

Makalanyň asyl nusgasyny rus dilinde şu ýerde okap bilersiňiz.

  • 2308 gezek okalan