Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝOLDAŞLY DOGRUM– TÜRKMEN ERKEKLERI BU BARADA NÄHILI PIKIRDE?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

yoldasly dogrumMen ýakynda Türkmenistanyň daşyndaky akuşerlik tejribämi tamamladym. Iki ýyllyk tejribämiň dowamynda men çaga dogurýanlara lukmançylyk kömegini bermekde gyzykly we täze zatlara şaýat boldum. Köplenç, kaka bolmaly erkekler çaga dogruş otagyna gelýärdiler. Olar çaga dogrumynyň uzak we agyr sagatlaryny gelinleri bilen bilelikde geçirýärdiler we gelinlerine ruhy hem-de fiziki goldaw berýärdiler. Men köplenç gelejekki kakanyň çaga garaşýan eje bilen birlikde dogrumyň kyn pursatlarynda çydamlylygy aňsatlaşdyrýan fiziki maşklary ýerine ýetirişini görerdim. Erkekler göbek eneleriň maslahaty boýunça gelinleri bilen bir wagtda "dogry dem almaga" çalyşýardylar. Şeýle-de, olar gelinleri bedendäki dowamly, käte bolsa agyryly, birahatlyklar sebäpli göwnüçökgün ýagdaýa düşseler, elmydama goldawlaryny gaýgyrmaýardylar.

Şeýle wakalary gözüm bilen görenimden soňra, men Aşgabatdaky akuşerlik tejribämi ýatladym. Aşgabatda hem, çaga dogurýan aýallar durmuşlarynyň bu gysga emma agyr pursadynda köplenç ýeke däldiler – olaryň ejeleri, aýal doganlary ýa-da joralary ýanlaryndady. Olar hem, edil ýokardaky erkekler kimin, eje bolmaly aýallara uly goldaw berýärdiler. Olar hem çaga dogurýan aýal bilen bir wagtda dem alýardylar, onuň elinden tutup, arkasyny massaž edýärdiler. Bu meniň öz başymdam geçip görmese-de, men zenana ömrüniň şeýle möhüm pursatynda ýakynlarynyň goldawynyň gerekdigine düşünýärin. Hakykatdan hem, köpler çaga dogrumyndan gorkýarlar, esasanam ilkinji gezeklerinde.

Bu biri-birinden tapawutly tejribelerim meni oýa batyrdy. Näme üçin türkmen jemgyýetinde erkeklere çaga dogrumyna gatnaşmak adat däl? Mümkin munuň sebäbi düşünjämizdäki aýratynlyklar, çaga dogurýanlara berilýän syrly kömegiň diňe aýal maşgalalaryň arasynda galmagyny ündeýän medeniýetimizdir. Şeýle-de men çaga dogrumy döwrüniň erkeker üçin hem aňsat geçmeýändigi hakynda oýlandym. Çünki biziň jemgyýetimizde erkekler köplenç "aýal işine" gatyşmazlyga we maşgalanyň kyn gününde hem çydamly bolmaga mejbur edilýärler. Olaryň hem gorkusy gelinleriniňkiden pes däldir. Olaryň hem çagalarynyň dünýä inişine şaýat bolmak isleýänleri az däldir. Şeýle pikirleriň netijesinde, meni öz tanaýan türkmen erkeklerimiň çagalarynyň dogluşyna şaýat bolmak baradaky pikirleri gyzyklandyrdy. Ynha-da olaryň jogaplary.

"Her bir erkek adama çaga dogurýana kömek bermek prosesi hem-de ýoldaşly dogrumda öz orny barada öwredilmeli. Diňe şonda ýoldaşly dogrum çyndanam peýda berer, bolmasa häzirki ýagdaý erkegiň diňe kellesini bulaşdyrar we ol türkmen zenanlary çaga dogrumynyň azabyny ýeke çekmeli diýip pikir etmegini dowam eder."

Baýram, 28 ýaşly

"Meniň çagamyň dünýä inişine şaýatlyk etmegim diňe aýalymyň islegine bagly bolar. Men aýalymyň bu döwürde özüni birahat duýmagyny islemeýärin, sebäbi bu döwür onuň üçin barybir fiziki taýdan agyr bolar. Gündelik durmuşymyzda aýalym kesellän wagty men görsem halamaýar. Şonuň üçinem, eger özi islese, aýalyma dogrum wagtynda moral taýdan kömek bermäge şat bolaryn."

Röwşen, 31 ýaşly

"Men köp ýyl mundan ozal oglumyň dogluşyna gatnaşmadygyma gynanýaryn. Emma ogluma öz çagalarynyňka gatnaşmagyny hökman maslahat bererin."

Sapargeldi, 46 ýaşly

"Gelejekde men bu waka gatnaşmak islärmikäm diýýän, ýöne men bu kyn döwürde aýalyma-da lukmanlara-da ýük bolmak islemeýärin. Şonuň üçinem, çaga dogmunyň dowamynda özümden nämäniň garaşylýandygyny bilesim gelýär."

Nurmyrat, 19 ýaşly

"Ýoldaşly dogrum biziň däp-dessurlarymyza ters gelýär. Gadym döwürlerden bäri jemgyýetde aýallara we erkeklere aýratyn orunlar berlipdir. Çaga dogmy tutuşlygyna aýallaryň işi, erkekleriň ol ýerde işi ýok."

Berdi, 25 ýaşly

Görşümiz ýaly, pikirleriň käbiri beýlekilerden tapawutlanýarlar. Emma umuman alsak – meniň soragyma jogap beren türkmen erkekleriniň köpüsi köp halatlarda aýallara çaga dogrumynyň dowamynda kömek etmek isleýärler, ýöne olar nädip dogry kömek bermelidigini bilmeýärler. Olara jemgyýetiň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň goldawy gerek. Olara çaga garaşýan eneler bilen birlikde çaga dogrumyndan öňki konsultasiýalara gatnaşmak gerek. Şeýle edilse olar çaga dogrumynda nädip ýerlikli kömek bermelidigini öwrenerler. Meniň pikirimçe, göwrelilige we çaga dogrumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän erkekler jemgyýetiň adatlaryny bozujylar hökmünde görülmän, hem biologiki hem sosial taýdan doly hakly "ata" hökmünde kabul edilmeli.

Men şeýle-de adamyň saglygyna zyýan berýän ýagdaýlaryň hem göz öňüne tutulmalydygyny belläp geçmek isleýärin. Meselem, gan ýa-da beýleki bedenden çykýan bölünip çykmalara bolmaýan ýa-da çyndanam gatnaşmak islemeýän erkekleriň çaga dogrumyna gatnaşdyrylmagynyň peýda däl-de zyýan berjegi ikuçsuzdyr. Men adamlaryň şeýle isleglerine hormat goýulmalydygyna ynanýaryn. Men biziň jemgyýetimizde erkeklere çaga dogmuna gatnaşmagy ýa-da gatnaşmazlygy saýlamaga doly erkinligiň berilmeginiň tarapdary.

Bossan Annageldiýewa

  • 3179 gezek okalan