Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

YLMY BARLAG: ULULAR ÜÇIN ÇYKARYLÝAN WIDEOLAR NÄDIP SEKSUAL ZULUMA GOŞANT GOŞÝAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

porn zuluma gosantSöwda maksady bilen çykarylýan pornografiýada erkekleriň agalyk edýän sahnalaryň sany gitdigiçe artýar. Köp adam muny jynsy gatnaşykdaky zorlugy we agressiýany alamatlandyrýan "ýaşyl yşyk" diýip kabul edýärler. "Vawnet" pornografik sahnalary we olaryň erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklara edýän ýowuz täsirini öwrenýän ylmy barlag işini çap etdi.

Ylmy barlagçylar 50 sany iň meşhur porn kinolaryny we olardaky 304 sahnanyň ählisini barlap öwrendiler. Sahnalaryň 88%-iniň fiziki zulumy, 49%-iniň dil zulumyny öz içine alýandygy aýan edildi. Sahnalaryň aglaba böleginde zenanlar gowşak hem tabyn häsiýetli edilip görkezilýär.

Pornografiýa görmegiň gönüden-göni zalymlyk bilen baglanyşykly däldigine düşünmek möhümdir. Şeýle-de bolsa, sahnalarda erkekleriň hökmürowanlyk etmegi adamlaryň jynslaryň orunlaryna bolan umumy garaýşyna täsir edýär. Zenanlary peseldýän we kemsidýän porn kinolaryny yzygiderli görmek munuň adaty zat hökmünde kabul edilmegine getirýär.

Şeýle-de, pronografik materiallary görýän adamlaryň köpüsiniň seksual agressiýa pozitiw garaýandygy tassyklanyldy.

Pornografiýa görmek adamyň diňe dünýägaraýşyna däl, eýsem onuň hereketlerine-de täsir edýär. Birnäçe ylmy barlaglar agressiw hereketli pornografiýany görýän adamlaryň alkogol, neşe serişdelerini ulanmak we psihologik basyş etmek arkaly ýoldaşlaryny jynsy gatnaşyga mejbur etmäge ýakyn bolýandyklaryny görkezdi.

Bu häsiýete "aýna neýronlary" sebäp bolýar. Aýna neýronlary töweregimizdäki zatlary edil görşümiz ýaly kabul etmegimize we olary gaýtalamagymyza jogapkärdir. Muňa "duýgudaşlyk fenomeni" hem diýilýär. Bu neýronlar sebäpli kino göremizde gynançly ýerinde aglaýarys we gorkunç ýerinde gorkýarys. Pornografiýa görýän adam hem, özi bihabar halda, kinodaky aktýorlaryň duýgularyny özünde duýmaga başlaýar. Tomaşaçy özünde jynsy gyjyndyrma duýan badyna, onuň beýnisi gyjyndyrmany ekranda bolup geçýän zatlar bilen baglanyşdyrýar. Şeýdip onuň beýnisi bogmalary, urmalary we zulumyň beýleki görnüşlerini jynsy gyjynma bilen baglanyşdyrmany öwrenýär.

Haçanda porn kinolary zorlugyň pidasy bolýanlary zorlanmakdan lezzet alýan ýaly edip görkezende, tomaşaçy hakykatdanam zulum lezzetlidir diýip pikir edýär.

"Pornografiýa görýän her bir kişi günlerde bir gün zulumkeş bolar" diýmek ýalňyşdyr, emma söwda maksatly pornografiýanyň gender deňligine we seksual zorlugyň soňuna çykylmagyna ullakan böwet bolýandygy welin hakykatdyr. Her gün millionlarça adam porn saýtlaryna girip, olara girdeji getirýärler. Şol bir wagtyň özünde-de, porn muşdaklarynyň hakyky durmuşdaky ýakyn gatnaşyklary zäherlenýär.

Makalanyň asyl nusgasyny rus dilinde şu ýerde okap bilersiňiz.

  • 3069 gezek okalan