Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

RAK KESELINI NÄDIP WAGTYNDA ANYKLAMALY? ILKINJI HOWPLY ALAMATLAR.

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

rak nadip anyklamalyDogrusy, "rak" diýen özbaşdak kesel ýokdur. Bu umumylaşdyrylan söz bilen 200-den gowrak kesel häsiýetlendirilip, olarda adaty öýjükler nädogry bölünip tiz ösýän çişi döredýändir we olar goňşy agzalara hem ýaýraýandyr. Soňky 25 ýylda rakdan ölümçilik derejesiniň peselýändigine garamazdan, onkologiki keseller dünýäde ölümçiligiň esasy sebäpleriniň biri bolup galýandyr.

2018-nji ýylda rak 18 mln. adamda anyklanyldy. Olardan 5 mln. ýagdaýda keseli irki döwründe anyklap, netijeli bejergini belläp bolýardy. Meselem, eger ýatgynyň boýunjygynyň ragy giçki döwürde anyklanylsa, näsagyň ýene 5 ýyl ýaşamak mümkinçiligi 15%-den geçýän däldir. Ýöne kesel özwagtynda anyklanan bolsa, bu görkeziji 93%-e çenli ýokarlanýandyr.

Hut şol sebäpden hem kadaly barlaglary geçirmek wajyp bolup durýändyr. Ýöne Britaniýada geçirlen barlaglar, howply kesel kesgidiniň goýulmagyndan gorkup, her dördünji nasagyň lukmana gitmekden saklanýandygyny görkezdi.

Kesel dürli agzalarda döräp, dürli görnüşlerde geçip bilýändir. Ýöne käbir alamatlaryň we howply ýagdaýlaryň dörändigini duýup, tizden lukmana ýüz tutmagyň wajypdygyny bilmelidir.

Ynjalyksyzlanma üçin sebäpler:

Deride çişginligiň, gatylygyň, kiçijik düwnüň döremegi. Rak çişleriniň keseliň irki tapgyrlarynda adatça agyrsyz bolýandygyny ýatda saklamalydyr. Aýratyn hem ünsi boýna, erkek adamlarda ýumurtgajyklara, aýallarda süýt mäzlerine, şeýle hem goltukasty çukurjyga bermelidir.

Uzaga çekýän üsgürme, demiň gysmagy, kynlyk bilen ýuwdunma.

Içegeleriň kadaly işiniň bozulmalary. Duýdansyz dörän içiň gatamalary ýa-da tersine, ýygy içgeçmeler, esasan hem täretde gan görünse.

Duýdansyz gan akmalar – jynshanadan, göni içegeden gan akma, peşewde ýa-da üsgürme wagty gakylykda ganyň görünmegi.

Sebäpsiz beden agramyny ýitirme. Eger siz biraz wagtyň (1-2 aý) dowamynda beden agramyny ýitirip, horlanan bolsaňyz – biynjalyk bolup lukmana ýür tutmaga esas bolup biler. Rakdan başga-da, çalt horlanma galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalarynda ýa-da süýji keselinde syn edilip bilinýändir.

Dowamly ýadawlyk ýa-da adaty işleri etmäge hem ysgynyň bolmazlygy – bu alamat ukysyzlyk bilen bagly bolmaly däldir. Adatça dowamly ýadawlygyň sebäbi başlanan rak keseli bilen baglanşykly bolsa, onda näsagda başga alamatlar hem döreýändir.

Düşnüksiz agyrylar – islendik häsiýetli hem-de ýygylykda bolýar: tutgaý görnüşli ýa-da syzlap agyryp duran; dowamly, wagtal-wagtal döreýän.

Täze hallaryň (meňler) döremegi ýa-da öňki bolanlaryň görnüşiniň üýtgemegi: ululygynyň, görnüşiniň, reňkiniň üýtgemegi; halyň üstüniň gatamagy ýa-da ganamagy.

Peşew etmäniň üýtgemegi, sol sanda ýygy, agyryly, kynçylyk bilen buşukma.

Göwüsleriň adaty bolmadyk üýtgemeleri. Göwüsleriň ululygynyň, görnüşiniň, onuň derisiniň, emzikleriň üýtgemegi, dowamly agyrylar, emziklerden bölünip çykmalar.

Işdäsizlik. Eger siz açlygyňyzy bilmeýän bolsaňyz ýa-da öňki iýýäniňizden az iýip, işdäsizlik duýýan bolsaňyz – bu hem üns bermeli alamatdyr.

Wagtynda bitmeýän ýaralar, başlar – esasan hem agyz boşlugynda.

Dowamly sarynyň gaýnamagy ýa-da iýmit siňdirişiň beýleki dowamly bozulmalary – ýürek bulanma, gaýtarma, içiň ýellenmegi we başgalar.

Aşa derlegenlik, ylaýtada gije.

Ragyň döreme howpuny nädip peseltmeli?

Rak keseliniň döremegine genetiki töwekgelçilikler, şeýle hem daşky faktorlar – ionizirleýji şöhleler, kanserogen maddalar (meselem, asbest ýa-da myşýak), zyýanly ýokançlyklar sebäp bolup bilerler. Rakdan bütinleý goranma mümkin däldir, ýöne onkologiki keselleriň döremegini ep-esli peseldip bolýandyr. Onuň üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ekspertleri 5 sany maslahat berýärler.

Çilim çekmeden we temmäki tüssesinden gaça duruň. Çilim gaplarynda uly harplar bilen ýazylan duýduryşlar ol ýerde tötänden döränok. Çilim çekmek, temmäki çeýnemek diňe bir öýken ragynyň sebäbi bolman, bokurdagyň, erkek jyns mäziniň, aşgazanasty mäziň, böwregiň, peşew haltanyň we beýleki agzalaryň rak keseliniň sebäbi bolup biler.

Howpsyz jynsy gatnaşyklar we lukmançylyk emleri. Rak keseliniň käbir görnüşleriniň döreme howpuny ýokarlandyrýan wiruslar jyns gatnaşygy arkaly, şeýle hem gan arkaly geçýär. Meselem, köp gezek ulanylýan iňňeler ýa-da lukmançylyk enjamlary.

Lukmançylyk barlaglary kadaly geçiň. Her 6 aýdan lukmanyň doly barlagyny geçmek kada hasaplanýar.

Öňüni alyş sanjymlary alyň. Mugt ýa-da uly bolmadyk töleg bilen gepatita, adamynyň papilloma wirusyna we beýleki kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary alyp bolýar. Bu bolsa ragyň käbir görnüşleriniň döreme howpuny peseltmäge kömek eder.

Sagdyn iýmitlenme we hereketli ýaşaýyş düzgüni. Gök önümleriň we ir-iýmişleriň köplük etmegi bilen utgaşdyrylan iýmit düzümi, ukynyň alynmagy, kadaly fiziki işjeňlik bedeniň kesellere garşy göreşme ukybyny ýokarlandyryp, köp keselleriň, şonuň ýaly hem rak keseliniň öňüni almaga ýardam berip biler.

Öz saglygyňyzy goraň!

Makalanyň asyl nusgasy.

Materialy taýarlan: Selbi Myradowa

  • 2181 gezek okalan