Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOÝDAN ÖŇ BERILMELI SORAGLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (15 Ses)

toydan onki soraglarÝurdumyzda aýrylyşýan çatynjalaryň sany gün-günden artmasa azalmaýar. Munuň hem iň esasy sebäpleriniň biri jübütleriň arasynda döreýän düşünişmezliklerdir. Düşünişmezliklere bolsa esasan adamlaryň arasynda netijeli söhbetleriň ýetmezçiligi sebäp bolýar. Haçanda maşgalada söhbet medeniýeti ösdürilip, her bir mowzuk hakynda açyk söhbetler arkaýyn geçirilse, maşgalada düşünişmezlikler hem şonça az bolýar.

Günbatarda we başga käbir ýurtlarda awtorlar her ýyl maşgala gatnaşyklary we toýdan öňki maslahatlaşma barada birnäçe kitap çykarýarlar. Toýdan öňki maslahatlaşma – bu terapiýanyň bir görnüşi bolup, jübütleri durmuş gurmaga taýýarlaýar. Toýdan öňki maslahatlaşma saňa we seniň ýoldaşyňa sagdyn we berk gatnaşyk gurmaga kömek edýär. Ol nikanyň durnukly we kanagatlanarly bolmak ähtimallygyny güýçlendirýär. Şeýle-de, bu görnüşli maslahatlaşma saňa toýdan soň mesele döredip biljek kemçilikleriňi tapmaga kömek edýär.

Biz awtorlar M. Kusi we A. Kusiniň "Maşgala Gurlandan Soňky Ilkinji Ýyl: Täze Çatynjalara Berk Binýat Gurmaga We Maşgalaly Durmuşa Öwrenişmäge Gollanma" atly kitabyndan ugur alyp, toýdan öň maslahatlaşylmaly soraglaryň bir bölegini saňa ýetirmegi makul bildik. Durmuş gurmagy meýilleşdirýän ýoldaşyň bilen indiki duşuşygyňyz üçin peýdaly söhbet bolar diýip umyt edýäris.

Şeýle-de, biz redaksiýa bolup, soraglaryň sanawyna türkmenistanlylaryň durmuş gurmak tejribelerine, türkmen däp-dessurlaryna esaslanan goşmaça soraglary hem goşduk. Sen başga nähili soraglary şu sanawa goşardyň?

Jynsy Gatnaşyk Barada Toýdan Öňki Maslahatlaşma

1. Hepdede iň az we iň köp näçe gezek jynsy gatnaşyk geçirmek isleýärsiň?

2. Ýoldaşyň saňa söýgüsini nädip görkezmegini isleýärsiň?

3. Nämeler seniň jynsy gatnaşyga bolan islegiňi artdyrýar?

4. Nämeler seniň jynsy gatnaşyga bolan islegiňi peseldýär?

5. Jynsy gatnaşykdan öňürti, onuň dowamynda we soňundan bedeniň nireleriniň ellenilmegini halaýarsyň?

Pul Barada Toýdan Öňki Maslahatlaşma

6. Toýumyz üçin näçe býujetimiz bar?

7. Toýy jübimize görä etmelimi ýa-da ile görä?

8. Toýda bergi edilse näçe wagtda we nädip üzeris?

9. Aýlyk býujetimiz bolarmy?

10. Puluňy goşup saklamak we bilelikde bir bank hasabyny ulanmak islärmiň?

11. Biziň bilelikdäki pul temamyza eneň-ataň goşularmy?

12. Hepdede/aýda iýmit üçin näçe sowarsyň?

13. Hepdede öz şahsy çykdajylaryňa näçe çykar?

14. Bergide gezmäge nähili garaýarsyň ýa bergisiz ýaşamak isleýärmiň?

15. Maşgalalarymyza nähili şertlerde we nähili mukdarda pul berip bileris?

Hojalykdaky Orunlar Barada Toýdan Öňki Maslahatlaşma

16. Hepdede näçe gezek daşardan (restorandan) nahar iýeris öýdýäň?

17. Öýüň işlerini nädip bölüşeli?

18. Maşgalada sen özüňi nähili orunda görýärsiň?

19. Maşgalada sen ýanýoldaşyňy nähili orunda görýärsiň?

20. "Söýgi" seniň üçin nämäni aňladýar?

Gatnaşyklar Barada Toýdan Öňki Maslahatlaşma

21. Maşgalamyzda nähili düzgünleriň bolmagyny isleýärsiň?

22. Meniň saňa söýgümi nädip görkezmegimi isleýärsiň?

23. Şu wagtky ýa-da gelejekde etmegim mümkin bolan hereketlerimiň haýsysy seniň maňa bolan ynamyňy gaçyryp biler?

24. Seniň işiň (karýera) nikamyzdan we maşgalamyzdan has möhümmi?

25. Sen çagakaň maşgalaňdaky problemalar nähili çözülýärdi? Sen maşgalaň problema çözüş usulyny goldaýarmyň? Öz maşgalaňda problema dörände ene-ataňdan gören çözüw usullaryňdan haýsylaryny ulanmak we haýsylaryny üýtgetmek isleýärsiň?

26. Maşgalamyzdaky problemalara eneň-ataň, dogan-garyndaşyň goşularmy? Haýsy ýagdaýlarda we şertlerde olardan maslahat soramaly we haýsy şertlerde olaryň maslahatyny almaly däl?

Her Dürli Temalar Barada Toýdan Öňki Maslahatlaşma

27. Seniň pikiriňçe biziň bilelikdäki durmuşymyzda yakynlaryň täsiri nähili bolmaly?

28. Sen emosional we fiziki biwepalylygy nähili kesgitleýärsiň?

29. Nirede ýaşamak isleýärsiň?

30. Eger-de birden-birimiz ynanjymyzy üýtgetsek näme bolar?

31. Haçan we näçe çaga edinmek isleýärsiň?

32. Göwrelilikden goranmak üçin nähili kontrasepsiýa ulanmaly?

33. Gelejekki gaýnymlar menden nämelere garaşýarlar?

34. Är-aýal üçin bilelikde ýeterlik wagt geçirmek örän möhüm. Biz bilelikde ýeterlik wagt geçirmek üçin nämeler ederis?

35. Meniň sen barada başga bilmeli möhüm maglumatlarym barmy? (Meselem: saglyga, maksatlara, arzuwlara, maşgala gatnaşyklaryna degişli maglumatlar)

Arzy Nepesowa

Ulanylan WEB Salgy

Awtorlaryň saýty

  • 3748 gezek okalan