Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUS MENIŇ GÖZLERIM BILEN

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

koronawirus gozlerim bilenMen iki gyzym we ýoldaşym bilen Türkiýede ýaşaýaryn. Okuwda karantin yglan edildi. Halka daşaryk çykmakdan saklanmak maslahat berilýär. Telewizorda, internetde #ÖÝDEGAL kampaniýasy ýöredilýär. Hemme ýerde hökman maska dakynmaly. 65 ýaşdan ululara we 20 ýaşdan kiçilere daşaryk çykmak gadagan. Düzgüni bozanlara jerime salynýar. Iýmit dükanlaryndan, dermanhanalardan we hassahanalardan başga hemme ýer ýapyk. 2020-nji ýylyň 24-nji apreline görä, Türkiýede kesellänleriň sany 101790, ölenleriň sany 2491.

Men öý hojalykçy. Ýoldaşym işleýär. Her gün maska, ellik dakynyp, antibakteriýal salfetka alyp işe gidýär. Entegem öz maşyny bar, jemgyýetçilik ulaglaryna münmeli bolmaýar. Işde mümkin boldugyça işlerini telefonda çözýär. Işden gelýärkä dükandan gerek zatlary alyp gelýär. Öýe gelende hemme eşiklerini şobada kirmaşyna zyňyp, 60 derejede ýuwmaga goýýar. Özi hem suwa düşýär. Ondan soň bize salam berip, gujaklaşýar.

Men gyzlarym bilen näme edýärkäm diýseňiz, biz jemgyýetden uzakda keýpimizi gowy saklajak bolýarys. Irden iýip-içip, sapaklara başlaýarys. Gyzlaryň sapaklary telewizorda we internetde berilýär. Ondan soň, mugallymyň beren öý işiniň daşyndan hem sorag çözýäris. Sagat birlerde düýnden galan nahar bilen günortanlygymyzy iýip, sungat we aýdym-saz sapaklaryna başlaýarys. Elbetde, bu hakyky mekdep ýaly bolmaýar. Arasynda köp gezek aýak ýoluna, suw içmäge, garbanmaga gitmek ýa-da ýöne gürrüň etmek üçin sapaklarymyz bölünýär. Ýöne wagtymyz gaty gyzykly geçýär. Soň kompýuterde ýoga açyp, üçümizem ýoga edýäris. Ýogadan soň bolsa, çagalara özbaşdak oýnama, maňa bolsa öýüň işlerini etme wagty gelýär. Bu çagalaryň günüň içinde iň gowy görýän bölegi. Bileje nahar, köke-süýji we salat taýýarlaýarys. Elbetde, işim uzaýar we ýuwmaly gap-gaç köpelýär, ýöne gaty hezil wagt geçirýäris. Biz üýşüp ütügem edýäris. Bäş ýaşly gyzym hem birki maýka ütüklemese rahatlanmaýar. Üstesine, her ýeri myžžyk edip pol hem ýuwýar. Soňunda men iki işli bolýaryn, ýuwmaly kir köpelýär... Soň her hili oýunlar oýnaýarys. Spalnýada piknik, zalda stoluň üstünden ýorgan sallap jaý ýasanmak, hemme oturgyçlary, ýassyk-ýorganlary ýygnap çadyr ýasamak, meniň we ýoldaşymyň eşiklerini geýip eje-kaka oýnamak...

Kakamyz geleninden soň, agşam naharymyzy iýip-içip hökman küşt oýnaýarys. Karantin başlaly bäri gyzlarym küşde has ökdeleşdi. Hereketli oýunlar hem oýnaýarys. Dört bolup gizlenpeçek oýnaýarys. Kakamyz hiç ýerik sygmansoň iň birinji tapylýar. Gözdaňdy oýnap, eýlämizi-beýlämizi awundyrýarys. Deňiz söweşi, şäherler, atlar, haýwanlar oýuny, kart, globusda ýurt tapma, domino, bloklar, lego (görülmedik gurluşyklar edýäris), suratly tapmaçalar, towsulýan ýüp ýaryşy, demiňi saklamak ýaryşy, oturyp-turma ýaryşy...

Agşam sekizde, edil okuw güni ýaly el-ýüzümizi ýuwup, dişlerimizi arassalap düşegimize geçýäris. Çyrany öçürip, lampany açýarys. Kä günler şem ýakýarys. Bu wagtda hökman kölege oýny oýnalaýmaly, kitap okalaýmaly. Çagalar ýatansoň, ýoldaşym ikimiz hem gürrüňleşip, çaýymyzy içip, ýatýarys.

Pandemiýa döwründe her täze günümiz düýnümize meňzeş bolaýjak ýaly. Jemgyýetden uzak bolmak we daşaryk çykmazlyk kyn bolaýjak ýaly. Ýöne, günlerimiz erbet geçmeýär. Gaýtam, gaty gowy geçýär. Mekdep, kurslar, magazin/bazar/bank/edara işleri bolmansoň, arkaýyn ýaşamaga, gürrüň etmäge, kitap okamaga, bir-birimiziň ýüzümize seretmäge we çyndan bir-birimizi diňlemäge wagt tapyldy.

Koronawirus gelip geçer. Biz öýde oturmany başarsak, saglyk ulgamymyz kesellileri bejermäni başarar. Öýde oturmak durmuşymyzda wagtlaýyn zatlardan has wajyp zatlaryň bardygyny ýatladýar. Meselem, çagalarymyzyň bir gülüşi ýa-da ýanýoldaşymyzyň bir bakyşy...

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Aýgül Meredowa

  • 1629 gezek okalan