ELEKTRON ÇİLİMLER NÄ DEREJEDE HOWPLY? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ELEKTRON ÇİLİMLER NÄ DEREJEDE HOWPLY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

elektron cilimElektron çilimler we şolara meňzeş serişdeler howplumy?

Elektron çilimiň (e-çilim) birnäçe dürli görnüşi bolup, onuň iň giň ýaýranlaryna elektron nikotin paýlaýan sistemalar (iňlisçesi: electronic nicotine delivery systems ýa-da ENDS) we elektron nikotin paýlamaýan sistemalar (ENNDS) degişlidir. E-çilimiň e-sigar we e-turba görnüşleri hem seýrek gabat gelmeýär. ENDS-iň düzümindäki nikotiniň hem-de zyýanly maddalaryň mukdary üýtgäp durýar.

Adatça e-çilimiň bölüp çykarýan maddalarynyň düzüminde diňe bir ulanyjylara däl, eýsem olaryň töweregindäkilere-de zyýanyny ýetirýän nikotin we beýleki zäherli serişdeler bar. Nikotinsiz diýlip tassyklanan käbir enjamlaryň düzüminde-de nikotiniň bardygy anyklandy.

Olaryň saglyga zyýanlydygyny we howpludygyny subutnamalar tassyklaýar. Emma olary ulanmagyň ýa-da olaryň tüssesinden dem almagyň uzakwagtlaýyn täsirleri barada anyk bir zat diýerden entek irräk.

ENDS esasan hem ýetginjekler we çagalar tarapyndan ulanylanda howpludyr. Nikotiniň ýokary derejede özüne garaşly ediji häsiýeti bar. Ýaş adamlaryň beýnisiniň ýigrimi ýaşyň ortalaryna çenli ösmegini dowam etdirýändigi sebäpli, çagalaryň we ýetginjekleriň nikotine öwrenişmesi olaryň beýni özüşine uzakwagtlaýyn, zyýanly täsirini ýetirip bilýär.

Şeýle-de, ENDS ulanýan kiçi ýaşlylar ulalanlarynda adaty çilim, sigar ýa-da suwçilim çekmäge has meýilli bolýarlar.

ENDS ýürek keselleriniň hem-de öýken ýetmezçilikleriniň howpuny artdyrýar. Ol göwreli zenanlara hem howp salýar, çünki ösüp barýan düwünçege zyýan ýetirip bilýär.

ENDS çilim çekmeýänleri we çekýänleriň töweregindäkileri hem nikotine we beýleki zyýanly himikatlara sezewar edýär.

Çagalaryň ENDS suwuklygyna ýakynlaşmasy hem örän howpludyr. E-çilimlerden suwuklygyň akmagy ýa-da çagalaryň suwuklygy ýuwutmagy ahmal. ENDS ýanma, ot alma, we partlama ýaly çynlakaý şikeslere hem eltip bilýär.

Elektron çilimler öýken şikeslenmesine sebäp bolýarmy?

E-çilimi ulanmagyň öýkeniň zeperlenmegine sebäp bolýandygy baradaky deliller barha köpelýär.

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Kesel Gözegçilik we Öňüni Alyş Merkezleri ENDS-i ulanmak bilen öýken şikeslenmeleriniň hem-de ölüm hadysalarynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmek boýunça barlag geçirdi.

2019-njy ýylyň 10-njy dekabryna çenli ABŞ e-çilimden öýkeni kesellän 2409 adamyň hasaba alnandygyny, 52 adamyň bolsa aradan çykandygyny habar berdi.

Azyndan başga-da bäş sany döwlet ENDS bilen bagly öýken zeperlenmesine degişli işleri seljermäge girişdi.

Elektron çilimleriň howpy adaty çilimlerden köpmi ýa az?

Bu birnäçe faktorlara, şol sanda gyzgyn suwuklyklaryň düzümindäki nikotiniň we beýleki zäherli maddalaryň mukdaryna baglydyr. Umuman çilimleriň iki görnüşiniň hem saglyga zyýanlydygy sebäpli, iň gowusy olaryň hijisini ulanmazlykdyr.

ENDS özüne garaşly edýärmi?

Hawa. ENDS-iň düzüminde nikotin bar. Nikotiniň bolsa özüne garaşly edijiligi örän ýokary. ENDS çekilende nikotin garyndyly aerozol öýkene siňýär.

E-çilim çekýäniň ýanynda bolmak howplumy?

Hawa. E-çilim çekýän adam daşary hem öz sorýan tüssesini üfleýär. Ol tüssäniň düzümindäki zäherli maddalar bolsa çilimkeş üçinem, ýanyndakylar üçinem zyýanlydyr.

ENDS gadagan edilmelimi?

Bu ýurtlaryň özlerine bagly.

ENDS häzirki wagtda dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde gadagan edildi. Ýene-de ençeme döwlet ýaşlary goramak maksady bilen olary gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

ENDS düzgünleşdirilmelimi?

Hawa. ENDS saglyga zyýanly bolany üçin, gadagan edilmedik ýerlerinde hökman düzgünleşdirilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy döwletleriň içerki ýagdaýyna laýyklykda mümkingadar düzgünleşdiriş çärelerini geçirmegi maslahat berýär:

↪ ENDS serişdeleriniň mahabatlandyrylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almaly.

↪ ENDS ulanýanlarda we ulanmaýanlarda ýüze çykyp biläýjek saglyk howpuny azaltmaly.

↪ ENDS barada nädogry ýa-da subut edilmedik maglumatlary gadagan etmeli.

↪ Temmäkä gözegçilik işlerini dowam etdirmeli.

↪ ENDS-de takmynan 15,000 sany özboluşly we ýaşlary özüne çekiji sakgyç we pagta süýji ýaly tagamlar ulanylýar. Ýaşlary, zyýan çekip biljek beýleki toparlary we çilim çekmeýänleri halas etmek üçin, hökümetler ENDS-iň mahabatlandyrylmagyny, maslahat berilmegini we olara hemaýat berilmegini çäklendirmeli.

↪ Ulanmaýanlaryň saglygyna zyýan ýetmez ýaly, ýapyk binalarda, köpçülikleýin we iş ýerlerinde ENDS-iň ulanylmagy gadagan edilmeli.

↪ Temmäki önümlerinde bolşy ýaly, ENDS-e salgyt salmak hem hökümetler üçin ikitaraplaýyn bähbitlidir.

ENDS çilim çekmegi taşlamaga kömek edýärmi?

Bu önümleri ulanmagyň çilim çekmegi bes etmäge ýardam berýändigi barada ýeterlik maglumat ýok.

Temmäki çekýän, emma taşlamak isleýän adamlar üçin mundan başga, onda-da subut edilen, has howpsuz we ygtyýarlandyrylan önümler bar. Meselem: nikotiniň ornuny tutujy bejergiler (ýamaklar we sakgyçlar). Şeýle hem, çilimi taşlamaga kömek edýän telefon gürrüňdeşlik hyzmatlary, ykjam telefonda tekstleşmek we temmäkä garaşlylygy aýyrmaga gönükdirilen ýörite bejergiler.

Makalanyň asyl nusgasy: E-cigarettes

Terjime eden: Jumadurdy Rejebow

  • 1933 gezek okalan