Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SARDOB WAKASY SAPAK EDINILMELI, UNUDYLMALY DÄL

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

Sardoba helakciligi2020-nji ýylyň maý aýynda, Özbegistanda ýerleşýän Sardoba suw howdanynda heläkçilik bolup geçdi. Howdanyň 30 metr beýiklikdäki bentleri deşilip, 0.5 km3 suw töwerekdäki Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň etraplaryna sil bolup akdy. Azyndan 6 adam wepat boldy we 5 müňden gowrak öýler, 30 müň gektar ekarançylyk ýerleri weýran edildi. Derňew işini geçiren edaralar, betbagtçylygyň sebäplerini şeýleräk çakladylar:

1. Bendiň taslamasynda göýberilen ýalňyşlyklar;

2. Gurluşyk kadalaryny berjaý etmezlik;

3. Nädogry ulanmaklyk ýa-da

4. Tebigy betbagtçylyk.

Näme sebäp bolanam bolsa, howdanyň böwsüp ýarylmasy iru-giç bolaýjak hadysa meňzeýärdi. Bu wakadan sapak alynsa, belki Merkezi Aziýada indi beýle heläkçilik bolmaz. Onuň üçin käbir ýönekeý emma giňden ýaýran maslahatlara eýermeli.

1-nji maslahat: Eger meseläni bent gurman çözüp bolýan bolsa, onda bent gurmaň.

Dünýäde eýýäm 70 müňden gowrak uly bent guruldy. Olar dünýädäki iň uly derýalaryň dörtden üçüsine zeper ýetirip, 100 milliondan gowrak adamy göçmäge mejbur etdi. Uly bentler sebäpli agyz suw ekosistemalary ýaramazlaşýar; biodürlülik gury ýerdäkiden we okeandakydan iki esse çalt azalýar; derýalar we olaryň suwlary ýurtlaryň we edaralaryň arasyndaky ulalyp barýan bäsleşikleriň pidasy bolýarlar. Şeýle-de, uly bentler töweregindäki ilatyň hem mümkinçiliklerini çäklendirýärler, resurslary haraplaýarlar, we uly tehnologik töwekgelçilikleri döredýärler.

Häzir Täjigistan Rogun GES-ini (gidroelektrostansiýa) gurýar, emma GES-iň bendi 50 ýyldan soňra aşaky akyma howp salar we ýumrular. Ony sökmek ýa saklamak hem gymmada düşer.

Bentleriň Bütindünýä Komissiýasy (WCD) bent gurlanda göz öňünde tutulmaly esasy on sany faktory belleýär. WCD-nyň bellikleri biziň sebitimiz üçin örän möhümdir. Sebäbi diňe bir Syr derýanyň howdanynda: Täjigistanda 3 sany , Gazagystanda 9, Gyrygyzystanda 11, Özbegistanda 33, (5-si 21-nji asyrda gurlan) uly bent bar. 2015-nji ýyldan bäri Özbegistanyň 18-42 töweregi uly bent gurmak maksady bar. Olaryň hemmesinde diýen ýaly GES göz öňüne tutuljak. Emma Sardobdaky heläkçilikden soň, Özbegistan belki gün we ýel energiýasyna maýa goýum goýup başlar. 2020-2030-njy ýyllar üçin Özbegistan ýurduň sarp edýän elektrik energiýasynyň 28 göterimini günden we ýelden almagy meýilleşdirýär. Özbegistan energiýa meselesini özi çözse-de, ekarançylyk suwuna gezek gelende goňşy döwletlere bagly bolup durýar.

2-nji maslahat: Halkara derýalary dolandyranyňyzda goňşy ýurtlar bilen ylalaşyň.

SSSR dargandan soňra, ýokarky akymlarda ýerleşýän ýurtlar özlerini energiýa bilen üpjün etmek üçin, hatda goňşy ýurtlara hem satmak üçin suwy has köp ulanyp başladylar. Aşaky akymda ýerleşýän suwaryjylar suwsuzlykdan ejir çekip, goňşy ýurtlara nägilelik bildirdiler.

Sebitdäki derýalarda bentlerden ýaňa ýer ýok. Diňe Syr derýanyň howdanynda 50-den gowrak uly bent bar. Ol bentleriň suw howdanynyň göwrümi 45 km3 bolup, derýanyň bir ýylyň dowamyndaky akymynyň göwrümini esli geçýär. Täze suw howdanlarynyň döredilmegi sosial we ekologik ýagdaýlary diňe agyrlaşdyrar.

Özbegistan arzan gün we ýel energiýasynyň önümçiligini ýola goýsa, ol goňşy ýurtlar bilen energiýa ulgamyny birleşdirip biler. Öňdebaryjy energiýa şereketleriniň we bilermenleriň pikirlerine görä, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini (gün we ýel energiýasy) goldamakda GES-iň orny uly bolar.

3-nji maslahat: Iň erbet ýagdaýa taýyn boluň.

Ilki bada, Özbegistan gidrotehniki binalaryň (GTB) gurluşygyna sebitdäki ýurtlaryň ählisinden gowy taýynlanypdy. Sebäbi ýurtda 1999-njy ýyldan bäri GTB-nyň howpsuzlygy barada kanun ýöredilýär. Şondan bäri, ýene-de 25 sany howpsuzlyk kadalary kabul edildi. 2018-nji ýylda bentlere gözegçilik ediji edara döredildi. Şeýle-de bolsa, täze suw howdanynyň taslamasyna we işleýşine dogry gözegçilik edilmändigi indi mälim boldy.

4-nji maslahat: Gidro gurluşygyny aç-açan we kanun boýunça alyp baryň.

Özbegistanyň resmi maglumat sahypalarynda Sardoba suw howdanynyň gurluşygy we maliýeleşdirilişi barada maglumat ýok diýen ýaly. Bentde generator oturtmak başda meýilleşdirildimi ýa-da ilki bilen ol diňe suwaryş üçin niýetlenip, soňra ony GES etmek netijä gelindimi, düşnükli däl. Sardaba bendiniň tehniki barlaglarynyň we bu barada garaşsyz hünärmenleriň pikirleriniň köpçülige elýeterl boljagyna hem güwä geçip bolmaýar.

Sebitdäki ýurtlarda diňe aç-açanlyk we jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýlanda, bentleriň golaýynda arkaýyn ýaşap bolar. Sardoba betbagtçylygy aç-açanlyga gol germäge mümkinçilikdir.

Habary gysgaldyp beýan eden: Batyr Bäşimow

  • 579 gezek okalan