Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAZAGYSTANDA 20 ÝAŞA ÇENLI GYZLARDAN NÄÇE ÇAGA DOGULÝAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

gazagystanda 20 yasa cenliGazagystan Respublikasynyň Milli Ykdysadyýet ministrliginiň Statistika komiteti 15-19 ýaş aralygyndaky aýallardan doglan çagalaryň welaýat boýunça sanlaryny çap etdi.

Umuman alanyňda, ýurtda soňky on ýylda bu görkeziji 21 müňden 13 müňe çenli azaldy. Bu gowy üýtgeşme ýaly görünse-de, Gazagystanda 15-19 ýaş aralygyndaky ýetginjek gyzlar OECD (ösen) ýurtlaryna garanyňda alty esse köp çaga dogurýarlar.

13-19 ýaş aralygyndaky göwrelilige irki göwrelilik diýilýär. Lukmançylyk kömegini gowulandyrmak boýunça merkeziň baş hünärmeni Rauşan Berdibekowanyň aýtmagyna görä, ösüp barýan ýurtlarda her ýyl 15-19 ýaş aralygyndaky gyzlar takmynan 12 million çaga dogurýarlar. Şolardan 10 milliony islenilmedik göwreliligiň netijesinde dogulýar.

Statistika görä, çagalara jynsy terbiýe berilýän ýurtlarda ir çaga dogurýan, abort etdirýän, we jynsy gatnaşyklardan ýokuşýan keseller bilen keselleýän ýetginjekleriň sany az. Gazagystanda welin, jynsy terbiýäniň ýagdaýy örän ýaramaz.

Ýetginjekler we ene-atalar üçin döredilen "UyatEmes.kz" atly bilim taslamasynyň awtory Karlygaş Kabatowa Gazagystanly ýetginjekleriniň jynsy gatnaşyklara ortaça 16.5 ýaşda başlaýandyklaryny aýdýar.

"Bize ýüz tutýan gyzlaryň jynsy terbiýesi standartlara laýyk däl. Ene-atalaryň köpüsi mekdeplerde jynsy terbiýäniň berilmegine garşy çykýarlar" diýip, Gazagystandaky "Enäniň Öýi" taslamasynyň kordinatory Aminat Jappuýewa informBÝURO neşirýatyna gürrüň berdi. "Gyzlar jynsy bilimi özbaşdak ýa-da internetden öwrenýärler. Bize gelen kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň biri özüniň 4 aý göwrelidigini hem bilmeýär eken".

Ene-atalaryň çagalaryna jynsy terbiýäniň berilmegine garşy bolýandyklary sebäpli ýetginjekler ýüzleý ýa-da nädogry maglumatlary alýarlar. Karlygaş Kabatowa öz ylmy barlagynda ýetginjekleriň howply jynsy gatnaşyklaryň töwekgelçiliklerine düşünýändiklerini, ýöne öz jynsy sowatlylygyna aşa ýokary baha berýändiklerini we köplenç esasy zatlary bilmeýändiklerini ýüze çykardy.

Mysal üçin, käbir adamlar göwrelilikden spreý bilen goranyp bolýar ýa-da jynsy özgerme 25 ýaşda gutarýar diýip pikir edýärler.

Karlygaş Kabatowanyň ylmy barlagy barada giňişleýin okamak üçin link.

2019-njy ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Milli Bilim akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekendigi barada habar ýaýrady. Memoranduma laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň mekdeplerinde ahlak we jynsy terbiýe bilimi ornaşdyrylar. Ilki bilen metodiki gollanmalar işlenip taýýarlanylar we bu ugurda ökde hünärli mugallymlar ýetişdiriler.

Emma welin, jynsy terbiýe üçin aýratyn bellenilen okuw sagatlary bolmaz. Ol diňe bar bolan dersleriň (biologiýa, ylym we dünýäni öwrenmek) içine goşular.

Jynsy we ahlak terbiýe bilimi ilki diňe 9-11-nji synp okuwçylarynda barlanylyp görler. Deňeşdirmek üçin Gollandiýany mysal alyp bileris. Gollandiýa Ýewropada ýetginjek göwreliliginiň iň pes ýurdudyr. Ol ýerde başlangyç mekdepler üçin "van de Lentekriebels" milli maksatnamasy işlenip düzüldi. Maksatnama görä, okuwçylara "Bedeniňi we özüňi tanamak" we "Jynsy gatnaşyk we mediýa" temalary boýunça sapaklar berilýär we bular okuw ýylynyň dowamynda kem-kemden programma goşulýar.

Gazagystanda ýetginjekleriň jynsy gatnaşyklar hakda tassyklanmadyk çeşmelerden öwrenýän döwründe; ene-atalaryň "bäbegi leglek getirýär" ýaly hekaýalary paýlaşyp, jynsy terbiýä garşy çykýan döwründe, bize diňe jigilerimize, uýalarymyza we ýegenlerimize jynsy gatnaşyklar barada dogry maglumat berip, bu ugurdaky bilim başlangyçlaryny goldaýmak galýar.

Sen Türkmenistandaky jynsy terbiýäniň ýagdaýyna nähili garaýarsyň? Sen jynsy terbiýe bilimini nireden aldyň / alýarsyň?

Makala we surat çeşmesi

  • 2248 gezek okalan