Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZÄHERLI HAKYKAT

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

gursun zaherlenmesiUNICEF we Pure Earth guramalary tarapyndan 2020-nji ýylyň iýul aýynda "Zäherli hakykat. Çagalaryň gurşun zäherlenmesine sezewar bolmagy geljekki nesle zyýan ýetirýär" atly hasabat çap edildi. Bu hasabat "beýle görnüşdäki ilkinji hasabat bolup, onuň ähmiýeti örän uludyr" diýip, Buffalo uniwersitetiniň daşky gurşaw epidemiology Katarzyna Kordas aýdýar. Ondan öň Katarzyna "çagalaryň gurşundan zäherlenmegini yzygiderli we hemmetaraplaýyn barlar ýaly hiç-hili ylmy iş heniz geçirilmedi" diýip aýdypdy.

Hasabatda berlen esasy bellikler:

► Dünýäde takmynan 800 million çaganyň ganynyň düzüminde, her bir desilitrde 5 mikrogram we ondan hem ýokary möçberde gurşun bar. Bu ýokary gurşun görkezijisi Kesellere Gözegçilik we Öňüni Alyş Merkezleriniň (CDC) bu zatlaryň öňüni almagyna esas bolýandygyny görkezýär. (Çagalar üçin gurşunyň zyýansyz derejesi ýokdur).

► Gurşun çaganyň aň-düşünjesiniň we okuwa ýetişiginiň ýaramazlaşmagyna getirýär. Gurşun zäherlenmesi esasanam 5 ýaşdan kiçi çagalara has uly howp salýar. Çagalaryň bedeni uly adamlaryňka garanyňda gurşuny has täsirli siňdirýär we olar ömürboýy fiziki we akyl taýdan zyýan çekip bilýärler. Galyberse-de, çagalyk döwründe gurşun bilen zäherlenmek agressiýa, giperaktiwlik we özüňi alyp baryş bilen baglanyşykly birnäçe meselelere sebäp bolup bilýär.

► Täze hasabat gurşunyň diňe adam saglygyna ýetirýän zyýanyny däl-de, eýsem onuň ykdysadyýete ýetirýän zeperini hem görkezýär. Meselem, orta we pes girdejili ýurtlarda çagalykda gurşun bilen zäherlenen adamlar bütin ömürleriniň dowamynda ýurtlarynyň gazanyp biljek bir trillion dollar töweregi girdejilerini ýitirip bilýärler. Şuňa meňzeş ykdysady argumentler gurşunyň çagalara ýetirýän zyýanlaryna sowuk-sala garaýan ýurtlary çäre gözlemäge gyssap biler.

► Bütin dünýäde, gurşun täsiriniň çeşmeleri köplenç syrçalaryna gurşun goşulan keramiki gap-gaçlardyr. Ýagny, bu gap-gaçlardaky gurşun bölejikleri iýmite düşüp bilýär. Şeýle-de, gurşuny gazyp almak işleri, gurşunly suw turbalary we elektron galyndylaryň resmi däl görnüşde gaýtadan işlenilmegi ýa-da ýakylmagy gurşunyň adam saglygyna täsir edýän esasy çeşmeleridir. Ýöne, bütin dünýäde gurşunyň adamlara täsir edýän iň uly çeşmesi awtoulag serişdeleriniň gurşunly akkumlýatorlarynyň gaýtadan işlenilmegi bolup durýar. Dünýädäki ulanylýan gurşunlaryň 85% bu pudaga degişli bolup, köplenç bu işleri ýerine ýetirýänler we bu pudagyň töweregindäki guramalar gurşunyň zyýanyndan bihabar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gurşunyň ýangyjyň (benziniň) we boýaglaryň düzüminden aýrylany bäri, ýokary girdejili ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň ganynda gurşun görkezijisi peseldi, emma orta we pes girdejili ýurtlarda bu görkeziji “howply derejede ýokary” bolup galýar. Hasabata görä, gurşunyň täsirinden ejir çekýän çagalaryň köpüsi Afrikadan we Aziýadan, şeýle-de Merkezi we Günorta Amerikadan we Gündogar Ýewropadan bolup durýar. Ganyň düzümindäki gurşun görkezijisini azaltmak mümkin hem bolsa, gurşunyň çaganyň saglygyna ýetiren zyýanyny yzyna gaýtaryp bolmaýar. Şonuň üçin hem, onuň öňüni almak örän möhümdir.

  • 1840 gezek okalan