Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇAGALARYMYZ NIREDE OÝNAÝARLAR?
Men mugallym hem ene hökmünde, ýurdumyzyň islendik künjeginde çagalar üçin gyzykly, tebigy, öwrediji oýun meýdançalarynyň ýokdugyna diýseň gynanýaryn. Şäherlerde gyzyksyz, emeli plastik oýunjaklar, attraksionlardan ybarat betonly parklar bar bolsa, obalarda şol hem ýok. Obadaky çagalar boş wagtlarynda howlularda, köçelerde, ýaplaryň, kanallaryň boýlarynda, açyk meýdanlarda öz "oýlap tapýan" ýa-da telewizordan we ondan-mundan öwrenýän oýunlaryny oýnaýarlar.
Klublar we kružoklar
Obada medeniýet merkezlerinde (klublar), futbol meýdançalarynda, sport zallarynda aktiw guramaçylygyň pesdigi sebäpli olara örän az sanly çaga barýar. Futbol meýdançalaryna gowy ideg edilmeýändigine, howpsuz oýun gözegçiliginiň we ýaşyl otlaryň ýokdugyna, sanaýmaly köne demirlerden başga türgenleşik enjamlarynyň goýulmandygyna garamazdan, çagalar ol ýerde hezil edip, guma bulaşyp futbol, woleýbol, basketbol we dürli görnüşli oýunlary oýnaýarlar.
Çagalar üçin mekdeplerde kružoklar ýok diýen ýaly. Diňe derslere degişli seýrek kružoklar bar we bulara çagalaryň köpüsi gatnamaga höwesek däl. Çagalar derslerden ýadap, soňra gyzykly wagt geçirmek isleýärler. Kružoklar, aktiw hereketler, gyzykly oýunlar, reňkli elementler bilen doldurylyp, mugallym hem oýnuň ýa-da sapagyň “içine girip” jan etse, şonda çagalaryň gyzygyp, bu kružoklara gatnamagy mümkin.
Näme edilse gowy boljak?
↪ Çagalaryň ösüşi, geljekde kämil şahslar bolup ýetişmegi üçin howpsuz oýunlary gurnaýan oýun meýdançalary bolsa gowy boljak.
↪ Obalarda tebigy agaçlyk, ýaply, otluk ýa-da suwly ýerlerde oýun meýdançalaryny gurmak çagalar üçin uly mümkinçilik dörederdi.
↪ Hususy telekeçilere şeýle ýerleriň gurulmagyna we ýöredilmegine ýol berilmelimikä diýýärin.
Hususy ýerlerde ösüş bolýandygy hemmä mälim bolsa gerek. 2010-njy ýyllarda Aşgabatda hususy bakja-baglar bardy. Ol bakjalara çagalar begenip giderdiler, sebäbi ol ýerde olar döwlet çagalar baglaryndaky ýaly gorkuzylyp, hereketsiz oturdylmaýardylar. Binalarda kameralar bardy. Ene-ata islese çagasynyň gününiň nähili geçendigini görüp bilýärdi. Şeýle-de bolsa, hususy hyzmatlaryň has gymmat bolýandygy sebäpli köp maşgala olardan peýdalanyp bilmeýär. Meselem, şäher parklarynda attraksionlara münmek üçin her gezek 1 manat pul tölemeli. Men çagalarymy parka äkitsem, her gezek 10 manat sowmaly bolýaryn. Emma munça pul çykarmaga köp maşgalanyň ýagdaýy ýetmeýär. Şonuň üçin, telekeçileriň goýýan nyrhnamalaryny döwlet gözegçilikde saklasa, hususy hyzmatlar has köp maşgala elýeterli bolardy.
Çagalar oýun meýdançalarynda oýnamaly, ösmeli. Ata-eneler aladalanmaz ýaly, oýun meýdançalary howpsuz bolmaly. Meselem, men obada ýaşan wagtym çagamy arkaýyn köçä goýberip, oturyp bilmezdim. Sebäbi daş-töwerekde howludaky howdanlara gaçyp, köçede maşyna kakylyp, ýa-da beýik binalardan gaçyp şikeslenýän we ýogalýan çagalar kändi. Bu meseleleri çözmek üçin ähli howpsuzlyk standartlaryna gabat gelýän we gözegçilikde saklanýan oýun meýdançalary bolmaly. Oýun meýdançalarynda çagalaryň zehinini we beýleki ukyplaryny ösdürmäge degişli oýunlar hem goýulmaly.
Seniň günüňi az-kem güýmenjesiz geçirip bilmeýşiň ýaly, çaga-da oýunsyz oňmaýar!
#Okyjydan
Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.
- 1784 gezek okalan