Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN BIZ ŞEÝLE KÖSENMELI?!

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

name ucin kosenmeliOkyjydan hat

Salam Saglyk,

Haýsydyr bir ýeriň agyrýandygy saňa mälim, ýöne senem nirä ýüz tutjagyňy bilmän, ikirjiňlenýärmiň, türkmenistanly ildeşim? Hiç ýeriň agyrmasa-da, wagtal-wagtal lukmançylyk barlagyndan geçmegiň ähli adam üçin hökmanydygyny käbirimiz bilýäris, käbirimiziň bolsa ondan habarymyz hem ýok.

Tanyşym Maral hem şundan habarsyzlardan biri. Çagasy 1 ýaş 6 aýlyk bolýança, dümewlese ýa içi geçse şol ugurdan hünärmen lukmana ýüz tutmaýardy. Diňe maşgala lukmanynyň çagalara dümewlände ýa içi geçende berýän umumy bejergisini ýa-da gaýynlarynyň maslahaty boýunça bejergi alýardy. Onuň gyzjagazynyň duýdansyz aradan çykmagy meniň ýüregimi paralady. Bir ene hökmünde, hiç zada aňy ýetmeýän, ejiz çaganyň daş-töweregindäkileriň sowatsyzlygy we biperwaýlygy sebäpli bu dünýädäki uzak syýahatynyň gysgajyk wagtda tamamlanmagy meni juda gynandyrdy.

Maralyň çagasyna bolan zatlar islendik adamzadyň çagasyna bolup biljek zat. Ýurdumyzda çaga kömek puly diýlip berilýän 200 TMT gowragy möçberiň (häzirki wagtda 10 dollar) hiç zada ýetmeýändigi sebäpli, Maral öýde çagasynyň naharyna, arassaçylygyna doly seredip bilmän, tikýän tahýalaryny, ýakalaryny satyp, eklenjiň ugrunda bazara günde satyjylyk etmäge gidýärdi. Yzynda bolsa, şol çagajyga özüni hem eýgermeýän garry enesi we 10-12 ýaşly agtygy ideg edýärdi.

Maralyň sözlerine görä, birden çaganyň içi geçip başlapdyr. 3 günläp içi geçende, dişi çykýandyr öýdüp, öňden bilýän emlerini edip, çagany lukmana äkitmändirler. 3 gün içi geçensoň, çaga birden peşew çykarmagyny bes edýär. 2 günläp peşew çykaryp bilmänsoň, çagany ýerli etrap hassahanasyna äkidýärler. Ol ýerde biziň "altyn kelleli" lukmanlarymyz çaga klizma edip, käbir sowuklama garşy derman-ukollary ýazyp, öýüne iberýärler. Hassahanadan gelensoň, 2 sagat geçmänkä çaga sudoroga berýär. Ýene şol hassahana eltýärler welin, ýene klizma edýärler. Ejesi nähili hem bolsa "ene ýüregi duýgur bolýar" diýlişi ýaly, ýaňky atasynyň puly bilen diplom alyp gelen lukmanlara çagasyny ultrases barlagyndan geçirip görmeklerini haýyş edýär. Çagany ultrases barlagyndan geçirýärler. Böwreklerinde "azajyk sowuklama" diagnozy goýulýar. Maral indi derman söwdasyny edýän biznesmenleriň dil düwüşen dermanhanalary bilen şertnamaly lukman tarapyndan şol dermanlary satyn almaga iberilýär. Haýsy dermanyň peýda berýändigine däl-de, haýsy dermany getiren biznesmeniň puly kän bolsa, şol derman hem ýazylyp berilýär. Ep-esli derman satyn alýar. Ýöne çaga henizem peşewini çykaryp bilmeýär, çişip barýar. Gaýynlary daş-töwerege "agtygym gowulaşsyn" diýip, köke-süýji paýlaýar, ýöne çaga çişmegini dowam edýär.

"Lukmanlar" çaganyň böwreklerinde öňden bäri sowuklamanyň bolandygyny aýdýarlar. Çaga hassahanada 5 gün çişip, peşew çykaryp bilmän ýatansoň, "indi hossarlarynyň ýanyna öýüňize äkidiň" diýýärler. Çagajygyň çişip, gözleriniň ýapylyp ýatyşy, şonda-da ejesiniň göwüslerini, ýüzüni sypap jan bermezden öňki iň soňky sesi gulagymdan gidermikä?! Bilmedim.

Maralyňky ýaly pes maliýe ýagdaýyndaky hiç kim çagasyny şeýle ýagdaýda lukmançylygy ösen Hindistan, Türkiýe ýaly ýurtlara äkidip bilmeýär. Emma, iň bolmanda, ýurduň içinde gowy hilli hassahanalar bolsa, ony-muny satyp pul tapýanlar bar. Bizde näme üçin türk, hindi professional hassahanalarynyň şahamçalarynyň hereket etmegine mümkinçilik bermeýärler?

1996-2017 ýyllar aralygynda Aşgabatda türk "Central Hospital" hassahanasy hereket etdi. Şonda oňa ähli welaýatlardan gelýärdiler. Bu hassahananyň professional işi üçin hassalaryň saýlap şoňa barmagy Saglygy goraýyş ministrliginiň göwnünden turmady. Şeýdip, bu hassahana ygtyýarnama bermediler we kowdular diýip eşidipdim. Araçäkler ýapylany bäri Türkiýede, Hindistanda bejergi alýan hassalar ölüp gutaryp barýarlar.

Näme üçin biz şeýle kösenmeli?

Okyjylardan gelýän ýazgylar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 1492 gezek okalan