Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIZ ÝURDUMYZDAKY AÝRYLYŞMALAR BARADA NÄME BILÝÄRIS?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

ayrylysmalar baradaSoňky döwür jemgyýetimizde aýrylyşandygy barada açyk we gönümel gürrüň edýänlere ýygy-ýygydan duşýaryn. Öňler gyz atasy öýüne dolansa masgaraçylyk hasaplanyp, soňra ýa biriniň ikinji aýaly bolardy ýa-da hiç durmuşa çykmazdy. Soňky 10 ýylyň içinde şäherlerde, az-kem obalarda-da ýagdaý ep-esli üýtgedi. Maşgalalar aýrylyşan gyzlaryny yzyna kabul edýärler we köp halatda oňa arka durýarlar. Şeýle hem, "aýrylyşan zenan maşgala täzeden durmuşa çykmaz ýa özüni ekläp bilmez" diýen pikir känbir döremeýär. Bu ýagdaýlardan çen tutup, men hem Türkmenistanda är-aýallaryň nähili ýygylykda we näme sebäpden aýrylyşýandyklaryny öwrenmek isledim.

Gynansakda, Türkmenistanda nika bozulmalary barada statistika ilata elýeterli däl. Özbegistanyň we Gazagystanyň statistika komitetlerinde şeýle maglumatlar bilen islendik raýat ýa-da gurama tanşyp bilýär.

Türkmenistan boýunça bar tapan maglumatym Aşgabat şäher RÝNÝ (zags) işgäriniň sözlerine salgylanyp berilýän hasabat boldy. Onda 2011-nji ýylda Merkezi Aziýada aýrylyşanlaryň iň az sanynyň Türkmenistanda hasaba alnandygy (1000 adamdan 1.1-1.3 adam) aýdylýar.

Aýrylyşmalaryň global sebäpleri

Günbatarly ylmy-barlagçylar aýrylyşmalaryň esasy sebäpleriniň biri adamlaryň muňa bolan garaýşynyň üýtgemegi diýip hasaplaýarlar. Mysal üçin, musulman ýurtlarynda, şeýle hem Koreýa, Hytaý we Hindistan ýaly döwletlerde aýrylyşmak uly masgaraçylyk, hat-da günä hasaplanýardy. Emma häzirki wagtda maddy kynçylyklar, ilatyň bilim derejesiniň ösmegi, aýrylyşma şertleriniň aňsatlaşdyrylmagy adamlaryň oňa bolan garaýşyny üýtgedýär.

Aýrylyşmalaryň artmagynyň global sebäpleri:

► Işleýän we çagalaryny özleri ekläp bilýän aýallaryň köpelmegi;

► Ene-atasynyň islegine we saýlawyna görä durmuş gurýanlaryň azalmagy;

► Maliýe we ykdysady krizisler;

► Köp ýurtda aýrylyşmak prosesiniň ýeňilleşdirilmegi.

Goňşy döwlerde aýrylyşma ýagdaýlary nähili?

Gazagystan

UNFPA-nyň 2019-da beren maglumatyna görä, Gazagystanda her üç maşgaladan biri aýrylyşýar. Soňky 6 ýylda aýrylyşýanlar iki esse ýaly artyp, nikalaşýanlar kemeldi. Ýagny, 2000-nji ýylda ýurtda nikalaryň 30% bozulýardy, emma 2018-nji ýylda nika bozulmalary 40% ýetdi.

Gazagystanda är-aýallar esasan 30-34 ýaş aralygynda aýrylyşýarlar. Aýrylyşmalaryň esasy sebäpleri: öýdäki zorluk, erkegiň maliýe taýdan gurpsuzlygy, alkogol, neşe serişdelerine ýa-da wideo oýunlaryna baglylyk, we biwepalyk. Mundan başga-da, ýaşlaryň giç nika gurýandyklary bellenip geçilýär – erkekler ortaça 29 ýaşda, aýallar bolsa 26.

Özbegsitan

Özbegistanda ýagdaý biraz başgaça. CAAN guramasynyň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylda her 10 maşgaladan biri aýrylyşýan eken. Özbegistanyň statistika komitetiniň hasabatlary 275,048 nikadan 29,340-ynyň, ýagny 10%-iniň bozulýandygyny görkezýär. CAAN-a görä, nika bozulmalarynyň sebäpleri: maşgaladaky düşünişmezlikler – 48%, migrasiýa meselelerine nägilelik – 7%, biwepalyk – 6%, alkogol ýa-da neşe serişdelerine baglylyk – 2%.

Soňky 5 ýylda erkekleriň ortaça nikalaşma ýaşy sähelçe galdy, ýagny 25 ýaş, zenanlar üçin 22-23 ýaş. Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň häkimiýeti maşgala abadançylygyna uly üns berip, halky maşgalalaryny saklamaga çagyrýar. Hatda ýurt boýunça gaýynlar maslahaty döredildi.

Bulary bilmek näme üçin möhüm?

Şeýle statistika ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady ösüş derejesini seljermäge we hemmeleriň ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu jemgyýetiň hakyky ýagdaýyny açyp görkezýär. Meselem, statistikanyň kömegi bilen şeýle soraglara jogap berip bilerdik:

◈ Sowatlylyk we bilim derejesi nä derejede ýokarlandy?

◈ Girdeji we gurplulyk ýagdaýy nä derejede ösdi?

◈ Nikalaşmak we ony bozmak meselelerinde maşgala agzalary nähili rol oýnaýarlar?

◈ Ýurduň dürli künjeklerinde agdyklyk edýän aýrylyşma sebäpleri.

◈ Bu sebäpler goňşy ýurtlaryňky bilen meňzeşmi?

◈ Aýrylyşan ene ýa-da ata nähili baş alyp çykýar.

◈ Aýrylyşmalar ýurduň demografik ýagdaýyna we ilat sanynyň ösmegine umuman nahili täsir edýär?

Meniň pikirimçe, biziň jemgyýetimizde aýrylyşmalaryň esasy sebäpleri şular bolup biler:

◉ Türkmenistanda gyzlar has bilimli we özbaşdak bolup başladylar. Durmuşa çykmazdan öň we soň gyzlar işläp, özleri gazanç edinmäge ymtylýarlar. Maddy özbaşdaklyk sebäpli, maşgalada zuluma we düşünişmezliklere çydama mejburlygy bolmaýar.

Maddy kynçylyklar. Halkymyz maddy kynçylyklara çydamagy bes edip, gazanç we maddy durnuklylyk üçin dürli ýurtlara işlemäge gidip, aýry ýaşamaga başladylar. Zähmet migrasiýasy meseleleri sebäpli köp maşgala dargaýar. Çünki jübütler birnäçe ýyllap bir-biri bilen görüşmeýärler ýa-da daşary ýurtda täze maşgala gurýarlar.

Jemgyýetçilik garaýyşlarynyň üýtgemegi. Köp maşgala indi çagalaryna aýrylyşmagy, ene-ata öýüne dolanmagy we çagalaryny taşlamagy gadagan etmeýär. Soňky döwür, eger-de gelin adamsy ýa-da gaýynlary tarapyndan ezilýän bolsa, gelniň erkek doganlary ýa-da ene-atasy tarapyndan yzyna alyp gaýdylýandygyny has ýygy-ýygydan eşidýärin. Çünki, indi muny biabraýçylyk hasaplamaýarlar we ene-atalar gyzynyň ýene durmuşa çykyp biljekdigine ýa ony we çagalaryny ekläp biljekdiklerine göz ýetirýärler.

Men aýrylyşmalara sebäp bolýan faktorlaryň has köpdügine ynanýaryn. Emma, Türkmenistanda nikalaşýanlar we aýrylyşýanlar baradaky anyk sanlar bize belli bolmasa, meseleleriň hakyky sebäplerini we olaryň jemgyýetimiziň häzirki we gelejekki ýagdaýyna edýän täsirlerini öwrenmek kyn bolar.

Awtor: Aýperi Söýmeniýewa

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 1783 gezek okalan