Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAZ ALAWLARYNYŇ ADAMA ÝA TEBIGATA TÄSIRI BARMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

darwaza gas flaringGaz alawlary (rusça: факельное сжигание газа; iňlisçe: gas flaring) näme?

Nebit önümçiliginde käwagt gazlar nebit bilen garylyp çykýar we olary ýakmak arkaly aýralaýarlar. Ýagny, nebit korporasiýalary nebiti almak üçin gazy ýakýarlar. Gazyň ýakylmagy howada ýanýan elhenç sesli uly alawlary döredýär we bu hadysa "gaz alawlamasy" diýilýär. Gaz alawy käte partlamanyň öňüni almagyň howpsuz usuly hökmünde ýakylýar we "howpsuzlyk alawy" diýlip atlandyrylýar. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar turbalarda aşa köp gaz ýygnananda, basyşy azaltmak üçin howpsuzlyk alawlaryny ýakýarlar.

Gaz alawlary we ekologiýa

Gaz ýakylanda howany, gury ýeri we suwy hapalap bilýän himiki serişdeler bölünip çykýar. Alawlar bulutlary hem hapalap, suw serişdelerini zäherleýän "gara ýagyşlaryň" ýagmagyna sebäp bolýarlar. 160 ýyl bäri dowam edýän bu alawlama hadysasy atmosfera her ýyl 400 million tonna kömürturşy gazyny (CO2) goýberip, klimatyň üýtgemegine goşant goşýar. Nebit korporasiýalary gazy ýakman, ony satyp bilerdiler. Ýöne bu çylşyrymly iş gymmada düşýär. Bu bolsa ýangynyň we partlamanyň döreme howpuny artdyrýar.

Gaz alawlary we adam saglygy

Gaz alawlary töwerekde ýaşaýan adamlarda deri keselleriniň, demgysmanyň, bronhitiň, ragyň görnüşleriniň, we beýleki keselleriň döremegine eltýär. Professor Kushing we onuň kärdeşleri tarapyndan ABŞ-nyň Tehas ştatynda geçirilen täze barlaglaryň netijelerine görä, gaz alawlarynyň köp ýakylýan ýerlerinde ýaşaýan göwreli aýallaryň wagtyndan öň dogurmak ähtimallygy 50 göterim artýar. Wagtyndan öň dogurmak göwreliligiň 37-nji hepdesinden öň bolup geçýär. Doly ösmedik düwünçekde köp näsazlyklar peýda bolup, hatda ölüme hem eltip bilýär.

Gaz alawlary we Türkmenistan

Dünýä bankynyň hasabatyna görä, gazlaryň beýle biderek ýakylmagy köp ýurtda ykdysady ösüşi goldamak üçin ulanyp boljak gymmatly energiýa çeşmesini ýitirýär. Sputnik maglumatlaryndan alnan çaklamalara görä, bütin dünýäde gazyň alawlap ýanmagy 2009-njy ýyldan soňra birinji gezek artdy we 2019-njy ýylda 150 milliard kub metre çenli ýokarlandy. Bu Afrikanyň gündogar Sahara böleginiň ýyllyk sarp edýän gazyna deňdir. 2019-njy ýylda Türkmenistan 1.34 milliard metr kub gaz ýakmak bilen, dünýäde iň köp gaz ýakýan ülkeleriň hatarynda 22-nji orna geçdi. Bu sanawda Russiýa, Yrak we ABŞ ilkinji ýerlerde durýarlar.

Gaz alawlamasyny azaltmak maksady bilen Dünýä Banky Global Gaz Ýangynyny Azaltmak Hyzmatdaşlygyny döretdi. Hyzmatdaşlygyň esasy maksatlary: alawlary azaltmak baradaky maksatnamalary işläp düzmek, ylmy gözlegleri geçirmek, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, habardarlygy ýokarlandyrmak, we alaw ölçeglerini we hasabat alşygyny ýola goýmak. Bu hyzmatdaşlyga jemi 16 ýurt girýär we biziň sebitimizden Özbegistan, Azerbeýjan we Gazagystan hem öz goşandyny goşýar. Türkmenistan heniz ol hyzmatdaşlyga gatnaşmaýar.

Birleşen Milletler Guramasy 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ekologiýasynyň we daşky gurşawynyň ýagdaýlary hakynda hasabat taýýarlady. Hasabatdan bellikler we maslahatlar:

↪ Türkmenistanda gazyň ýanmagy barada yzygiderli we ygtybarly statistika ýok.

↪ Türkmenistanda gazyň ýanmagy 1994-nji ýylda 0,4 million kub metrden 2008-nji ýylda 1,4 milliard kub metre çenli ýokarlandy.

↪ Kanunçylyk binýadynyň, tehnologiýalaryň we resurslaryň ýoklugy sebäpli, gazyň ýanmagy we howa goýberilmegi meselesinde ýurt uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

↪ Gaz alawlaryndan çykan zäherli maddalaryň adam saglygyna we daşky gurşawa howp salýandygyny göz önünde tutup, döwlet ol hapa gazlara garşy göreşmeli.

↪ Türkmenistan kanun tarapyndan gaz alawlamalaryny gadagan etmeli. Şeýle kanunçylykda maliýe höweslendirmeleri we jerimeler bolmaly.

Crude Accountability guramasynyň Türkmenistan baradaky hasabatynda, Günbatar Türkmenistana baran soňky syýahatçylaryň aýtmagyna görä, ýeliň alawyň ugrundan öwüsýän mahaly kenar ýakasynda dem almak kynlaşýar. Şaýatlar, şeýle hem, Burun nebit meýdançasynda uly möçberde gaz alawlarynyň bolandygyny habar berdiler. Biziň kanunçylygymyzda häzire çenli gaz alawlary barada bellenmeýär.

Men şahsyýet hökmünde näme edip bilerin?

Bu ugurdan hünärmenler we awtorlar, Jef Konant we Päm Feýdemiň maslahatlary:

↪ Ýaşaýan ýeriňizde gaz alawlary ýakylýan bolsa, alawlaryň ýakyljak wagty barada öňünden habar bermeklerini korporasiýalardan talap ediň.

↪ Korporasiýalar alawyň ýakyljakdygyny golaýdaky ilata bir gün öňünden habar etmeli.

↪ Alaw ýananda, hemmeler mümkin boldugyça ondan daşda durmaly. Gapysy we penjiresi ýapyk jaýyň içinde galmaly.

↪ Gaz ýakmagyň howpuny ara alyp maslahatlaşyň we korporasiýalaryň hem-de döwlet işgärleriniň üstünden arz etmek boýunça topar dörediň. Şeýle hem lukmançylyk işgärleri we žurnalistler bilen habarlaşyň.

Gündelik alawlaryň golaýynda ýaşaýan adamlara hemişe ätiýaçly bolmak kyn düşýär. Alawdan goranmagyň ýeketäk usuly ondan habarly bolmak we ony söndürtmekdir.

  • 1446 gezek okalan