Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÄHLI ZAT ARABAGLANYŞYKLY: ARAL DEŇZI HAKDA SÖZ AÇMAGYŇ MÖHÜMLIGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aral introBu ýagdaýa nädip gelindi

Aral deňziniň guramagyndan aglabamyz habarly bolsakda, ýagdaýy tutuşlygyna göz öňüne getirip bilýärismi? We näme üçin bu barada söz açmak gerek? Aral deňziniň birnäçe ýyl mundan ozal dünýäniň dördünji uly süýji suw köli* bolandygyna ynanmak kyn, sebäbi häzirki wagtda onuň göwrümi 90% diýen ýaly kiçeldi. Bary-ýogy 40-50 ýylyň içinde onuň beýle ýagdaýa düşmegine näme sebäp boldyka?

Aral deňzi Merkezi Aziýanyň demirgazyk çöllük böleginde, Özbegistan we Gazagystanyň çäklerinde ýerleşýär. Emma köplenç Aral deňziniň zolagy diýlip atlandyrylýan sebite Özbegistanyň Garakalpakstan ýarym-awtonom respublikasy we Horezm oblasty, Gazagystanyň Gyzylorda oblasty we Türkmenistanyň demirgazyk-günbatary girýär. Aral deňzine Merkezi Aziýanyň iň uly iki derýasy – Amyderýa we Syrderýa gelip guýýar. Bu derýalar sebitde alty ýurduň (Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we Owganystan) çäginden akyp geçýän, esasy serhetara suw ýollarydyr.

 

aral 1

Aral deňzi bir wagtlar balykçylyyň giňden ýaýran mylaýym klimatly oazis mekanydy. Emma 1950 – 60-njy ýyllarda Sowet hökümeti Aral deňzine gelip guýýan bu iki derýanynyň akymyny sowýan taslamalar başladýar. Çölüstany oba hojalyk meýdanlaryna öwürmek, ýagny, esasan pagta monokulturasyny** ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ençeme suw bentleri, kanallar we beýleki gidrotehniki desgalary guruldy. Sebitde pagta uly üns berlip, onuň hasylyny artdyrmak üçin hiç zat gaýgyrylmaýardy. Pagta meýdanlaryny suwarmak üçin ummasyz mukdarda suw sarp edilýärdi we meýdanlara uly mukdarda dökünler, gerbisidler we pestisidler dökülýärdi. Daýhanlar soňunyň nämä eltjegi barada oýlanman, käwagt dökünleriň derýa düşmegine sebäp bolýardylar. Bu bolsa, suwuň we oba hojalyk ýerleriniň hem zäherlenmegine getirdi.

aral 2

XX asyryň ahyryna çenli Aral deňzine barýan suw basseýniniň ugrunda 8 million gektara golaý oba hojalyk meýdanlary suwarylýardy. Beýleki desgalar bilen bir hatarda, bu meýdanlary suwarmak üçin 1400 kilometrden gowrak aralyga çölüň içinden akyp geçýän Garagum kanaly guruldy. Ozallar Aral deňzine akdyrylan suw akymyň ýylda takmynan 10 km3 indi Garagum kanalyna gönükdirilýär. Şeýle hem, öran seýrek ýagdaýlarda bu suwaryş kanallarynyň diwarlary örtülip, üstleri ýapylýanýandygy sebäpli, bugarmak we ýere siňmek arkaly suwuň ep-esli bölegi yrýa bolýar. BMG-nyň Ösuş Maksatnamasynyň 1995-nji ýyldaky hasabatyna görä, Garagum kanalynyň suwaryş netijeliligi bary-ýogy 40-50% diýlip çaklanylýar. Ýagny, suwuň beýleki ýarysy çölüň jowzaly gününiň aşagynda bugarýar ýa-da çägä siňip ýok bolýar.

Sowet döwründe suw serişdeleriniň merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy döredildi. Bu bolsa halkyň ýerli derejede suw ulanmak meselinde jogapkärçilik duýgusyny ep-esli peseltdi we netijede, sebitde suwa tygşytsyz çemeleşmek tejribesi ornaşdy. Emma muňa garamazdan, respublikaara suw paýlamak we elektrik energiýasynyň alyş-çalyş ulgamy diýseň täsirli işleýärdi. Ýagny, güýz-gyş möwsüminde suw howdan desgalarynda ýygnanyp, tomus aýlary bu suw derýalaryň aşaky akymyndaky ýurtlaryň ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylýardy. Şonuň ýaly-da, ýokarky akymyň ýurtlaryndaky (Täjigistan we Gyrgyzystan) elektroenergiýa ýetmezçiliginiň öwezi, uglewodorod önümlerine baý bolan aşaky akym ýurtlary Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystanyň kömür, gaz we nebit bilen üpjün etmegi arkaly dolunýardy. Emma SSSR-iň dargamagy bilen suw we energiýa çeşmeleriniň merkezleşdirilen dolanşygy bes edilýär we bu sazlaşyk hem bozulýar. Netijede, Amyderýanyň we Syrderýanyň suwlaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulanmak meselesinde dawa ýüze çykýar.

Üstesine-de, 1988-nji ýylda klimatyň birden üýtgemegi sebäpli, Aral deňziniň Garagalpakstandaky girelgesinde Amyderýanyň akymy düýpli azalyp, Aralyň suw derejesiniň peselmegine we göwrüminiň has-da kiçelmegine getirdi. Şeýle hem, sebitde ilat sanynyň güýçli depginde artmagy we netije-de suwuň aşa köp sarp edilmegi hem munuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Aral deňziniň guramagyna haýsam bolsa bir zat sebäp bolman, eýsem, ol köp faktorlaryň utgaşmagynyň netijesidir. Bir wagtlar ululygy boýunça dünýäde dördünji ýerde duran Aralyň ýerinde häzirki wagtda iki – Uly we Kiçi Aral deňizleri bar we ikisiniň bilelikdäki ululygy onuň asyl göwrüminiň bary-ýogy 10% deňdir. Suwaryş ulgamlary çöli gülüstanlyga öwürse-de, Aral deňzini ýok etdi.

Ykdysady, sosial we daşky gurşaw meseleleri

Aral deňziniň guramagy onuň basseýnindäki ýurtlara ägirt uly ykdysady, sosial we ekologiki zyýan ýetirdi. Muýnak şäheriniň (demirgazyk Özbegistan) öňki ýaşaýjysy Marat Allakuatow: "Deňizde soňky gezek gämileri göremde bäş-alty ýaşlarymdadym" – diýip BBC-ä gürrüň berýär. "Häzirki wagtda ol joşgunly şäherde deňiz düýbünden gurady we onuň ýerinde çägeli duz ýataklary we taşlanan balykçy gämileriniň poslan böleklerinden başga zat galmady".

Gollanmalarda: Aral sebiti "ykdysady ösüşiniň iň ýokary derejesine" XX asyryň 70-nji ýyllarynda ýetendigi aýdylýar. Deňiz gaýdansoň, gaýdaý güýçli depginde peselip başlady we iň kyn döwürler 90-njy ýyllaryň ahyry – 2000-nji ýyllaryň başyna deň geldi. Aral deňzi gurap başlansoň, onuň suwy hem gaty duzlaşdy we netije-de, hatda duzlulyga çydamly Glossa kambalasy hem deňizden ýok boldy. Bir wagtlar gülläp ösen balykçylyk we konserwirleme pudaklary gaýyp boldy. Sebitde ýaşaýan 3,5 million adam işsizlige, ýaşaýyş şertleriniň we saglyk ýagdaýynyň peselmegine duçar boldy. Bu bolsa, Aral deňziniň kenarýakalarynda ýaşaýan ilatyň beýleki şäherlere göçüp gitmegine sebäp boldy. Sanlyja galan maşgalalaryň bolsa, güzeran görmek üçin diňe mal bakmak ýa-da köne gämileri kesip metala satmakdan başga çäreleri ýokdy. Kiçi Aral deňziniň (Gazagystan) kenaryndaky Žalanaş obasynyň ýaşaýjylary tutuş Aral flotiliýasynyny kesip, metala tabşyrýar. Living Asia-nyň ýörite taslamasynda: "Bir tarapdan, ilaty günäkärläp bolmaýar, çünki ol döwür hiç hili iş ýokdy" – diýip bellenilýär.

Suwuň tygşytsyz harjalmagy we dökünleriň we pestisidleriň aşa köp ulanylmagy sebitiň ekologiýasyna-da erbet täsirini ýetirdi. Kölüň düýbünden galýan duzly tozan topragyň hilini erbetleşdirdi we netije-de oba hojalygyna hem ýaramaz täsir etdi. Topragyň şorlaşmagy sebäpli, ekin meýdanlaryny has köp mukdarda derýa suwy bilen ýuwmaly bolýar. Şol bir wagtyň özünde, onýyllyklaryň dowamynda oba hojalygynda himiki serişdeleriň ulanylmagy ýerli gurşawda uly möçberde zyýanly pestisidleriň ýaýramagyna sebäp boldy. Tupanly ýeller bu zäherli tozany deňizden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän sebitlere alyp barýar, ýagny, diňe bir Garagalpakstanyň çägine däl, eýsem Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar bölegine-de baryp ýetýär. Bu ýeller Aral deňziniň guran düýbünden gerbisidlerden we pestisidlerden ybarat iň ownuk tozan bölejiklerini özleri bilen alyp gidýärler.

Aral deňziniň derejesiniň peselmegi we göwrüminiň kiçelmegi, topragyň şorlaşmagy bilen bir hatarda: suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna, çölleşmäniň ýaýramagyna, klimatyň ýaramaz täsirininiň güýçlenmegine we umuman biodürlüligiň ep-esli azalmagyna sebäp bolan ekosistemalaryň ýok edilmegine sebäp boldy.

Bu ekologiki betbagtçylyk sebitiň ýaşaýjylarynyň saglyk ýagdaýyna hem uly zyýan ýetirdi. SSSR düzüminde bolan beýleki ýurtlara we Russiýa garanda, ganazlyk, inçekesel, böwrek we bagyr keselleriniň, dem alyş ýollarynyň ýokançlyklarynyň, allergiýanyň görkezijileri, şeýle hem bagryň, gyzylödegiň, öýkeniň we aşgazanyň rak keselleri Aral sebitiniň ýaşaýjylarynyň arasynda has ýokarydyr. Ene we bäbek keselleri we ölümçilik derejesi Garagalpakstanda we Gyzyl-Ordada, Özbegistanyň we Gazagystanyň beýleki raýonlaryna garanda, ep-esli ýokarydyr.

Mundan başga-da, suw ýetmezçiligi, saklanýan agyz suwunyň hapalanmagy we arassaçylyk şertlerini doly ýerine ýetirip bilme mümkinçiliginiň bolmazlygy hem gepatit A we içgeçme ýaly kesellere sebäp bolýandygyny bellemelidiris. Parazit ýokançlyklary we inçekesel hem uly bir mesele bolup durýar. Köpler şahsy gigiýena we iýmitlenme şertleriniň peselmegine eltýän garyplygyň inçekesel ýaly ýokanç keselçilikleriň ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny nygtaýarlar. Mundan başga-da, saglyk meseleleri diňe bir daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy däl, eýsem, ýerli saglyk infrastrukturasynyň durnuksyzlygy we hökümetiň sebitlere ýeterli derejede goldaw bermeýändigi sebäpli hem ýüze çykýar.

Şeýle-de, geljekde Merkezi Aziýa sebitinde ilatyň sanynyň artmagy bilen suwuň sarp edilmegi we suw ýetmezçiligi has-da artar. Soňky 40 ýylyň içinde Merkezi Aziýanyň ilaty 3,5 esse artdy! Mundan başga-da, respublikalar ditgiçe köpelýän ilatyň azyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin oba hojalygyny, netije-de, suwaryşy giňeltmegi maksat edinýärler. Şeýle hem, iki esasy suwaryş ýurtlary bolan Özbegistan we Türkmenistan, daşary ýurt walýutasyny gazanmakda uly rol oýnaýanlygy sebäpli, suwy köp talap edýän pagtany esasy ekin hökmünde saklamagy maksat edinýärler.

Durnukly ösüş we ulgamlaýyn pikirleniş

Soňunyň näme eltjegi barada oýlanmazdan, diňe ykdysadyýeti ösüdürmäge ymtylyş, ilatyň saglyk ýagdaýy bilen bir hatarda ekologiki we sosial ýagdaýy erbetleşdirdi we netijede bu umumy çökgünlige sebäp bolýar. 2001-nji ýylda taslamany taýýarlan we oňa baha beren Bütindünýä bankynyň topar ýolbaşçysy Masud Ahmad: "Hökümetleriň köpüsi hasyllylygy ýokarlandyrmak ýa-da şäherleri suw bilen üpjün etmek ýaly, ykdysady meseleleri ileri tutýar. Daşky gurşawy we ekologiýany gowulandyrmak hökümetleriň iň soňky üns berýän zady" – diýip belleýär.

Girdeji gazanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek ýalňyş ýa erbet zatlar däl. Esasy kemçilik düzedip bolmajak netijelere eltýän ykdysadyýet we umuman dünýä baradaky könelişen düşünjelerimizdir. Ykdysadyýeti daşky gurşawdan we adamzatdan aýyrmagy bes etmelidiris. Biz – adamlar bu planetanyň hojaýynlary däl. Bularyň hemmesi: ykdysadyýet, ekologiýa we ilat biri-biri bilen baglanyşykly bolan ullakan bir çylşyrymly ulgamdyr. Diňe ykdysadyýet hakda pikir edip bilmeris, sebäbi şäherleri we meýdanlary üpjün etmek üçin daşky gurşawdan – derýalardan, köllerden, kanallardan we ş.m. suw alýarys. Bu çeşmeleriň çägi bar. Ähli zat öz-özünden dikeler öýdüp, ýeriň baýlyklaryny dyngysyz harjamak bolmaz. Bu beýle işlemeýär.

aral 3

Bu mowzukda-da hökümetleriň paýhasly ädimler ädýänini görkezýän mysallar bar. Meselem, Gazagystanyň hökümeti Demirgazyk Aral deňzini (Kiçi Aral) gaýtadan dikeltmekde uly rol oýnady. Deňziň gaýdyp gelmegi Aralsk şäherinde balykçylygyň gaýtadan dikelmegine goşant goşdy we eýýäm 2006-njy ýylda ýyllyk tutulan balyk möçberi 1360 tonna ýetdi. 2016-njy ýyl üçin hasabatda bolsa, bu sanyň 7106 tonna ýetendigi görkezilýär. Munuň sebäbi: garabalyk, töp, jereh we lakga ýaly, süýji suwda ýaşaýan balyk görnüşleriniň hem gaýdyp gelmegidir. Şeýle-de bolsa, sebitdäki döwletleriň arasynda entägem düşünişmezlikler kän, hyzmatdaşlyk we edilýän işler bolsa, gaty az.

Ýurtlaryň mundan beýläk-de ösmegi üçin Birleşen Milletler Guramasy (BMG) durnukly ösüş we ulgamlaýyn pikirleniş*** düşünjelerini we tejribelerini öňe sürýär. Çünki, islenilmeýän netijelerden gaça durmak üçin, islendik çylşyrymly mesele we onuň çözgütleri, ulgamyň degişli böleklerini öwrenmek we gyzyklanýan taraplary çekmek arkaly çözülmelidir. Mysal üçin, Özbegistanda geçen ýyldan bäri BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen degişli ministrlikleriň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, halkara ösüş hyzmatdaşlarynyň we Aral deňziniň sebitindäki potensial donorlaryň hünärmenleri üçin onlaýn sessiýalar geçirilip gelinýär. Bu hünärmenleriň Aral deňziniň sebitini ösdürmek üçin çylşyrymly we özara baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutup, ulgamlaýyn pikirleniş endiklerini we maýa goýumlary zerur pudaklara gönükdirmek ukyplaryny ösdürer. Ulgamlaýyň pikirleniş arkaly ulgamlaryň işleýşine düşünip bileris, ýagny, nämäniň nämä eltýänine, kararlaryň nirede kabul edilýändigine, nirede we haýsy maglumatlaryň möhümdigine, gyzyklanýan taraplary nädip çekmelidigine we islenýän netijä nädip ýetmelidigine göz ýetireris.

aral 4

Jemleýji pikirler

Aral deňzi bir günde guramady, emma bu proses birnäçe asyrlap hem sürmedi, bary-ýogy 40-50 ýylyň içinde bolup geçdi. Görşümiz ýaly, Aral deňziniň guramagy esasan adamzadyň işjeňliginiň netijesidir. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Aral deňzi meselesi alymlaryň we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Alymlaryň pikiriçe, Merkezi Aziýanyň meselesi suw ýetmezçiligi däl-de, eýsem bar bolan çeşmeleri paýhasly ulanyp bilmezlik we çylşyrymly meselelere düşünmezlik bolup durýär. Geljekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suw üçin bäsdeşlik artjakdygyny çaklamak mümkin. Aral deňziniň betbagtçylygy, tebigy baýlyklara biperwaý garamagyň, ulanyş çäklerini unutmagyň iň aýdyň mysalydyr. Bu diňe bir Aral deňziniň guramagyny däl, eýsem onuň netijelerini hem öz içine alýar: ykdysady we daşky gurşaw meselelerinden başlap, sosial meselelere çenli, şol sanda, diňe bir häzirki däl, eýsem geljek nesilleriň hem saglygynyň ýaramazlaşmagy.

Aral deňziniň betbagtçylygy çylşyrymly mesele bolup, onuň aňsat we çalt çözümi ýokdyr. Meselä we ulgama düşünmän edýän ähli hereketlerimiziň yzyna gaýtaryp bolmajak netijelere eltýändigini ýatda saklamak gerek. Çylşyrymly ulgamyň meselelerini, günäkärleri gözlemäge derek, ulgamyň özüni we pikirlenişimizi üýtgetmek arkaly çözüp bileris. Bir söz bilen aýdanda, daşky gurşaw, durmuş, ykdysady meselelerini göz öňünde tutup, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak arkaly, meseläniň çözgüdine hemmetaraplaýyn çemeleşmek gerek.


* Geografiki alamatlaryna görä Aral deňzi – köldir.

** Monokultura – bu häzirki zaman ekerançylyk modeli bolup, himiki serişdeleri ulanmak arkaly iri meýdanlarda ekinleriň az görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekdir. Bu ekinler hasyl bermedik, ýa-da başga sebäplere görä kynçylyklar ýüze çykan halatynda, ähli azyk üpjünçilik ulgamy heläkçilige uçrar. Bu çemeleşme, kiçi meýdanlarda ekinleriň köpdürlüligini ösdürip ýetişdirmekden tapawutlylykda, global azyk howpsuzlygyna howp salýar.

*** Ulgamlaýyn pikirleniş – meseläni aýratyn bölekleriň ýygyndysy hökmünde däl-de, bitewi bir ulgam hökmünde görmekdir. Bitewilik bolsa, kanunalaýyklyklary emele getirýän arabaglanyşyklar ulgamydyr.


Aral deňziniň guramagy bilen bagly ýeten zeperleriň ählisini bir makala sygdyrmak mümkin däl, şonuň üçin has giňişleýin maglumat üçin aşakylara salgylanyp bilersiňiz:

Aral deňziniň krizisi we onuň adam saglygyna täsiri: nämeler belli?;

↪ "Никогда море" социальный спецпроект;

↪ "Последний корабль" фильм об Аральском море, туризме, мусоре, вандализме;

↪ Казахстанский документальный фильм Кати Суворовой "Завтра Море";

↪ "Barsa-Kelmes" короткометражный черно-белый анимационный фильм;

↪ Музыка "Aralkum";

↪ "Старик и море" фильм о возвращении надежды.

Makala 22-nji mart Bütindünýä suw güni mynasybetli ýazyldy. Makala uýtgedilmän çap edilýär.

Awtorlar: @TurkmenEcoChallenge, Leýli Ödäýewa

Makala rus dilinde: Всё взаимосвязано: Почему важно говорить об Арале?

  • 2165 gezek okalan