Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IKI GULAGYM SENDE: NÄDIP ÜNSLI DIŇLEMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dinlap bilmekPikirlerimizi dile getirmegimiz başgalaryň öwrenmegine we kämilleşmegine ýardam edýär. Emma, biz başgalara pikirlerini beýan etmäge mümkinçilik berip bilýärismi? Ylmy barlagçylar muny derňäp öwrendiler we sorag bermegiň we diňlemegiň esasy gurallardygynyň üstüni açdylar. Meselem, ýolbaşçy adam işgärlere üýtgemelidiklerini aýtmaly bolsa, ilki işgärleri diňlemek we sorag bermek olaryň üýtgemek isleglerini artdyryp biler. Işgärler ünsli we ýazgarmazdan diňlenilende, olar rahatlanýarlar, güýçli we gowşak taraplaryna gowy düşünýärler we özlerini goramak üçin yzyna jogap gaýtarmak islegleri azalyp bilýär. Bu işgärleri beýleki kärdeşleri bilen (bäsleşmegiň deregine) hyzmatdaşlyga iterip bilýär. Diňlenilýän işgär başgalara öz pikirlerini kabul etdirjek bolmaýar we beýlekileriň garaýyşlaryny göz öňünde tutýar.

Nädip gowy diňleýji bolmaly?

Diňlemek mysşa meňzeýär. Bu öwrenmekligi, tutanýerliligi, tagallalary we iň esasy hem gowy diňleýji bolmak niýetini talap edýär. Içki we daşky sesleriňizi unudyň. Eger bu mümkin bolmasa, söhbetdeşligi ünsüňiziň dury boljak wagtyna süýşüriň. Üstünlikli diňlemekde iň peýdaly amallar şulardyr:

Ýa 100% ünsli diňläň ýa-da diňlemäň. Akylly telefonyňyzy, iPad we laptopyňyzy kesä goýup, söhbetdeşiňiz size seretmese-de oňa göni serediň. Adaty söhbetdeşlikde, henizem diňleýäniňizi barlamak üçin, gürleýji wagtal-wagtal size seredýär. Dowamly göz göze gelmek söhbetdeşe siziň diňleýäniňizi duýmaga mümkinçilik berýär.

Sözüni bölmäň. Söhbetdeş gürläp bolandygyny bildirýänçä, sözüni kesmäň.

Ýazgarmaň we bahalandyrmaň. Eşiden zadyňyzdan tiz many we netije çykarmaga howlukman diňläň. Özüňizde döreýän ýazgaryjy pikirlere dykgat edip bilersiňiz, ýöne olary kesä sowuň. Eger-de ýazgaryjy pikirleriňiz sebäpli söhbetdeşligiň yzgiderliligini ýitirseňiz, gürleýjä ünsüňiziň sowlandygyny aýdyp, ötünç soraň we gaýtalamagyny haýyş ediň. Diňlänsiremäň.

Çözgüt teklip etjek bolmaň. Diňleýjiniň roly gürleýjä öz çözgütlerini özbaşdak tapmaga kömek etmekdir. Şonuň üçin, kärdeşleriňizi we garamagyňyzdaky işgärleriňizi diňläniňizde, çözgüt teklip etmekden saklanyň. Eger oňat çözgütleriňiziň bardygyna ynansaňyz we ony paýlaşmak zerurlygyny duýsaňyz, soraglar beriň, meselem: "Eger X zady etmegi saýlasaňyz nähili bolar?"

Köpräk (ýerlikli) sorag beriň. Diňleýjiler söhbetdeşe peýda berjek soraglary soramak arkaly gepleşigi emele getirýärler. Gowy diňlemek – bu köplenç söhbetdeşiň nämä mätäçdigi barada oýlanmagy we onuň jogap gözlemegine sebäp boljak soraglary taýýarlamagy talap edýär. Gürleýjiniň has çuňňur pikirlenmegine we tejribelerine ser salmagyna kömek etjek soraglary beriň.

Sorag bermezden öň özüňizden soraň: "Bu sorag gürleýjä çyndanam bähbitli bolarmy ýa-da diňe meniň bilesigelijiligimi kanagatlandyrarmy?" Elbetde, olaryň ikisem ýerlikli, emma, gowy diňleýji söhbetdeşiniň zerurlyklaryny ileri tutýandyr. Sorap biljek iň gowy soraglaryňyzyň biri: "Başga diýmek isleýän zadyňyz barmy?" Bu köplenç täze maglumatlary we garaşylmadyk mümkinçilikleri döredýär.

Pikir aýlaň. Söhbetdeşligi tamamlanyňyzda, diňleýşiňiz hakda oýlanyň we sypdyrylan mümkinçilikler – mümkin bolan ugrukdyryjy pursatlar ýa-da sorag berip dyman wagtyňyz barada pikir ediň. Özüňiziň örän oňat diňleýjidigiňizi duýanyňyzda, ýeten sepgidiňiz we has kyn şertlerde diňlemegiň bu görnüşini nädip ulanyp biljekdigiňiz barada oýlanyň.

Ulanylan WEB Salgy

  • 1020 gezek okalan