Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝALAN MAGLUMATLARY ÝAÝRATMAKDAN GAÇA DURMAGYŇ 7 USULY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yalan maglumatlarAdatça "misinformasiýa" (iňlisçe: misinformation) diýlip atlandyrylýan nätakyk ýa-da aç-açan ýalan maglumatlar – habar, syýasy propaganda ýa-da çyna berimsiz hasabatlar görnüşinde duş gelip bilýär.

Dezinformasiýa bolsa, erbet niýet bilen adamlary aldamak üçin ýörite çykarylýan misinformasiýanyň bir görnüşidir.

Dezinformasiýany ýaýradýanlar onuň ýalandygyny bilýärler, emma misinformasiýa ýalandygy bilinmän paýlaşylyp bilner – bu esasan hem adamlaryň onlaýn linkleri oýlanman paýlaşýandygy sebäpli ýüze çykýar.

Täze geçirilen psihologiýa barlaglary jemgyýetimizi ýalan-ýaşryk maglumatlardan goramagyň käbir ýollaryny ýüze çykardy. Aldanmazlyk we özüňiz we beýlekiler tarapyndan ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak üçin 7 usuly ulanyp bilersiňiz.

1. Bilimiňizi artdyryň

Internet we sosial mediýa platformalarynyň işleýşi barada içgin öwreniň. Şunlukda sizi dolandyrmak isleýän adamlaryň nähili usullar ulanýandygyna has gowy düşünersiňiz. Şeýle hem, saglyk we ylmy mowzuklar baradaky ýalanlardan sizi gorap biljek ylmy barlaglar we subutnama standartlary barada okap bilersiňiz.

2. Gowşak taraplaryňyzy biliň

Barlaglar, adamlaryň öňden bar bolan pikirlerine gabat gelýän ýalan maglumatlara ynanmaga has ýykgyn edýändigini ýüze çykardy. Çünki islendik adam öz ynanjyny tassyklaýan maglumatlara ynanasy gelýär. Muňa öz pikiriňi "esassyz tassyklamak" diýilýär.

Syýasy, dini, etniki ýa-da milli taýdan bolsun, seniň ylalaşýan ýa-da tarapdary bolan adamlaryň we toparlaryň paýlaşýan maglumatlaryna has-da tankydy çemeleşmek maslahat berilýär. Mowzuga başga nukdaýnazardan garamagy we şol bir mowzuk barada dürli çeşmelerden öwrenmegi endik ediniň.

Esasan hem, nähili ýalňyş düşünjeleriň bardygy hakda öz-özüňiz bilen dogruçyl bolmak möhümdir. Köpler özleriniň däl-de, daş-töweregindäkileriň ýalňyş düşünjeleri bardyr öýdýärler we özlerine garanda beýlekileriň misinformasiýa paýlaşmak ähtimallygynyň ýokarylygyna ynanýarlar.

3. Çeşmesine ünsli çemeleşiň

Habarlary okanyňyzda, diňläniňizde, çeşmesiniň nä derejede ygtybarlydygyna göz ýetiriň. Köre-körlük bilen duýgularyňyza ynanmaga derek, hakykatda kime we nämä ynanmalydygyna göz ýetirmek üçin, okan habarlaryňyzy ýalňyş düşünjelere ýykgynly bolmadyk we faktlara esaslanýan çeşmelerden iki gezek barlaň.

Şeýle hem, käbir dezinformasiýa agentleriniň hakyky habar beriş serişdelerine meňzeýän galp saýtlary ýasaýandyklaryny ýatda saklaň – şol sebäpli, girýän saýdyňyza üns beriň. Öz pikir-düşünjeleriňize tankydy çemeleşmek hakykaty toslamadan seljermek ukybyňyzy berkider.

4. Säginiň

Köpler, hususan-da, sosial mediýa sahypalaryna güýmenje, aragatnaşyk etmek ýa-da ünsüni sowmak üçin girýärler we takyklygy hemişe ileri tutmaýarlar. Şeýle-de bolsa, hiç kim ýalançy bolup görünmek islemeýär we misinformasiýa ýaýratmagyň zyýany şahsyýetlere, gatnaşyklara we umuman jemgyýetimize uly zyýan ýetirip biler. Bir zady paýlaşmak kararyna gelmezden ozal, hakykata we takyklyga berýän bahaňyz hakda oýlanyň.

Özüňize "Paýlaşýan zatlarym hakykatmy?" diýen soragy bermek ýalňyş maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek edip biler; şeýle hem, paýlaşmazdan ozal sözbaşydan daşary, meselä has çuňňur seretmäge we hakykaty barlamaga itergi berer.

Barlaglar misinformasiýanyň köpüsiniň çalt we köp pikirlenmän paýlaşylýandygyny görkezýär. Howlukmaň, säginiň! Müňlerçe adamyň gyssagly maglumata garaşýan täzelikler guramasy dälsiňiz.

5. Duýgularyňyzdan habarly boluň

Adamlar köplenç tankydy pikirlenmä däl-de, içki duýgularyna esaslanyp maglumat paýlaşýarlar. Täze geçirilen bir barlagda, sosial mediýa emosional ýagdaýy durnuksyz halda giren adamlaryň durnukly haldakylara garanda ýalan maglumatlary paýlaşmak ähtimallygynyň ýokarydygy anyklandy.

Esasan hem, gahar we ynjalyksyzlyk adamlary misinformasiýanyň öňünde has ejiz edýär.

6. Misinformasiýa göz ýummaň

Misinformasiýa köpçüligiň öňünde garşy çykyň. Dostlaryňyza onlaýn garşy çykmak oňaýsyz bolup biler, hususanda, gapma-garşylykdan gaça durýan biri bolsaňyz.

Subutnamalar ýazgydaky ýalanlary aç-açan tankytlamak we onuň galpdygyny subut edýän link ýa-da şoňa meňzeş deliller ugratmagyň täsirli usuldygyny görkezýär.

Hatda "bu dogry däl" ýaly gysga görnüşdäki ýalana çykarmalar hem dymandan gowudyr. Adamyň üstünden gülmän, şorta söz bilen edilen tankyt hem täsirlidir. Haçanda adaty adamlar internetde ýalňyş maglumatlary düzedenlerinde, bu sosial mediýa kompaniýasynyň bir zady şübheli diýip bellemegi ýaly täsirli bolup biler.

Biz adamlara algoritmlerden we botlardan has köp ynanýarys, esasanam öz sosial ulgamlarymyzdaky adamlara. Bu esasan hem şol ugurda tejribäňiz bar bolsa ýa-da maglumaty paýlaşan adam bilen ýakyn aragatnaşykda bolsaňyz has täsirlidir.

Ýalan maglumatlary köpçülikde paş etmegiň ýene bir peýdasy hem, bu beýleki okyjylara paýlaşmazdan ozal ýazga has ýakyndan seretmegi ýatladýar. Şonuň üçin, misinformasiýany paş edeniňizde, habary çykaranyň pikirini üýtgedip bilemeseňiz-de, başgalary dogry ýola ugrukdyryp bilersiňiz.

7. Ýalana garşy çykýanlary goldaň

Başga biriniň maglumatyň ýalandygyny ýazanyny görseňiz, "aý, eýýäm aýdylypdyr, men aýdybam oturmaýyn" diýmäň. Näçe köp adam maglumatyň ýalandygyny ýazsa, ýalan maglumatlary paýlaşmagyň köpçülikleýin halanmaýandygyny görkezer.

Şonuň üçin, ýalan maglumaty paş edýänleri goldaň. Eger şeýtmeseňiz we bir zat gaýta-gaýta paýlaşylsa, bu adamlaryň ýalan maglumatlary paýlaşmagyň dogrudygyna bolan ynamyny güýçlendirýär – sebäbi "her kim muny edýär, diňe ýek-tük adam garşy çykýar" diýen düşünje ornaşýar.

Misinformasiýanyň ýaýramagyna ýol bermek, has köp adamyň oňa ynanyp başlamagyna getirýär. Çünki adamlar başda munuň hakykat däldigini bilseler-de, gaýta-gaýta eşidip duransoňlar, ynanyp başlaýarlar.

Bu meseläniň birkemsiz çözgüdi ýok. Käbir misinformasiýa garşy durmak beýlekilerden has kyn. Şeýle hem, käbir garşylyk çäreleri belli döwürlerde ýa-da belli adamlar üçin has täsirli. Näme-de bolsa, özüňizi we sosial ulgamlaryňyzdaky adamlary aldawdan we ýalandan goramaga goşandyňyzy goşup bileresiňiz.

Makalanyň çeşmesi

  • 595 gezek okalan