Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AGAÇ EKMEK ÇÖLLEŞMÄ GARŞY GÖREŞMEKDE KÖMEK EDIP BILERMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

collesma garsy intro2020-nji ýylda, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna we Milli tokaý maksatnamasyny (2013-2020) durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň territoriýalaryna ýaprakly we pürli agaçlaryň 25 million düýbi oturdyldy. Ýurtda her ýyl 3 milliona barabar nahal ekilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Meýletin milli synyna we Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-nyň klimatyň üýtgemegi baradaky konferensiýasyndaky (COP25) çykyşyna laýyklykda, Türkmenistanda soňky 20 ýylyň içinde 100 milliondan gowrak ýaprakly we pürli agaçlar ekilipdir.

Ekilen agaçlaryň sany, millionda

collesma garsy

Çeşme: Добровольный национальный обзор Туркменистана

Türkmenistanyň Meýletin milli syny agaçlar ekilende ýerleriň topragynyň we klimatynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtaýar. Meselem, Daşoguz welaýatynda ak sazak ýaly çöl ösümlikleri ekilýär. Şeýle-de, kömürturşy gazyny azaltmak, topragyň arryklamagyna we şorlamagyna garşy göreşmek, ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmak we ekosistemanyň tebigy potensialyny gorap saklamak üçin tokaý zonalarynyň giňeldilýändigi nygtalýar. Bu meselä has giňişleýin düşünmek üçin, Hytaýyň we Afrikanyň tejribelerine göz aýlalyň.

Hytaýda we Afrikada agaç ekilişiginden esasy pursatlar

Hytaýda hem soňky 15 ýylyň içinde millionlarça agaç ekildi we millionlarça gektar täze tokaýlyklar döredildi. Agaçlaryň köpüsi ekerançylygy çäkli bolan ýerlere oturdyldy. Hytaý ýolbaşçylary bu "ýaşyl diwar maksatnamasy" diýlip atlandyrylýan tokaý zonalary tozanly tupanlaryň öňüni alar, çölleşmäni azaldar we çöllük ýerleri ekerançylyk ýerlerine öwürmäge kömek eder diýip tama edýärler. Emma ylmy barlagçylar bu maksatnamanyň üstünlikli boljakdygyna "güwä geçýän subutnamanyň" ýokdugyny aýdýarlar. Munuň ilkinji sebäbi, bu ýerlerde ekilen agaçlaryň sany ýolbaşçylaryň we dokumentleriň hasabat berýäninden has az. Ikinjiden, 1949-njy ýyldan bäri "Üç Demirgazyk" zonasynda ekilen agaçlaryň diňe 15% diri galdy. Bu döwürde goýberilen ýalňyşlyklaryň käbiri: nädogry görnüşli agaçlary ekmek; dogry görnüşli agaçlary biri-birine örän ýakyn ekmek; we suwsuz ýerlerde agaç ekmek. Dogry ýerleşdirilmedik tokaý zonalary otlary we beýleki ýerli ösümlikleri ýok edýärler. Suwsuz ýerlerde oturdylan nahallar, ol ýeriň bar bolan suwuny sorup alýarlar, soňra bolsa suwsuzlykdan ölýärler we ýeri öňküsinden hem beter arrykladýarlar.

Hytaýyň Minszu Uniwersitetinden Sao Şinsýun agaçlaryň çäkli we seresaply ekilmeginiň uly bolmadyk ilatly ýerleri, ýollary we demir ýollary tozanly ýellerden gorap biljekdigini belleýär. Emma çölleşmä garşy has uly göwrümde göreşmek, her bir ýeriň uýgunlaşan ekologiýasyna laýyk usullara düşünmegi talap edýär.

Afrikada hem bir döwürler "ýaşyl diwar" çemeleşmesi gollanypdy, emma indi oňa şübheli garalýar. Topragy arryklamakdan goramak, çölleşmäniň we gurakçylygyň öňüni almak üçin, afrikalylar oba-hojalygynda we suw ulanylyşynda has kompleks usullary ulanyp başladylar. Meselem, öňden bäri ösüp oturan ýerli agaçlary goramak; we topragy ulanmagyň we mal bakmagyň oýlanyşykly usullaryndan peýdalanmak.

Tankydy pikirleniji hökmünde berip biljek soraglarymyz

Çölleşme – ýönekeý çözgütleri bolmadyk, kompleks meseledir. Ol sebitdäki oba-hojalyk, maldarçylyk we suw resurslaryny peýdalanyş tejribeleriniň barlagyny öz içine alýan, giňişleýin we hemmetaraplaýyn çözgüdi talap edýär. Şundan ugur alyp, agaç ekilişigi barada berip biljek soraglarymyz:

Nirede, nähili nahallar ekildi? Nahal ekilende welaýatyň klimatynyň we topragynyň aýratynlyklary göz öňünde tutuldymy? Bu soraglary bermek arkaly, agaçlaryň nä derejede peýda berjekdigini kesgitläp bolýar. Meselem, Aşgabatda göze ilýän uly, pürli agaçlar ýerli ösümliklere we haýwanlara Çülüniň we Pöwrüzäniň tebigy ekosistemalary ýaly peýda bermeýär.

Ekilen nahallaryň ýagdaýy nähili we olaryň näçesi diri galdy? Bu soragy bermek arkaly, agaçlara nähili ideg edilendigini bilip bolar. Agaçlar ýuwaşlyk bilen ösýärler, şol sebäpli olar diňe ekilip taşlanmaly däl-de, yzygiderli seredilip durulmaly.

Hasabatlarda we makalalarda agzalýan ekiljek we ekilen agaçlaryň sany Türkmenistanda çölleşmä garşy göreş, topragyň arryklamagy we onuň hasyllylygyny gowulandyrmak barada hiç zat aýtmaýar. Gynandyryjy ýeri hem, BMG Türkmenistanda biodürlülik, ekosistemalar we durnukly ösüş barada birnäçe hasabatlary çap etdi, emma Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, iň bärkisi, durnukly tokaý hojalyk dolandyryş tejribelerini ýola goýmagy hem göz öňünde tutmaýar.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Bahar Kakaýewa

  • 442 gezek okalan