Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AZIÝADA GUM WE TOZAN TUPANLARY WE ADAM SAGLYGY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

tozan tupanlary2021-nji ýylyň Mart aýynyň 15-ne demirgazyk Hytaýda duýdansyz gum we tozan tupany turdy. Tupan Mongoliýada döräp, soňky on ýylyň dowamynda turan tupanlaryň iň ulusy boldy. Gum we tozan tupany sebäpli:

↪ Mongoliýada azyndan 9 adam, şol sanda 1 çaga, aradan çykdy.

↪ Demirgazyk Hytaýyň 12 welaýatynyň 380 million gektar ýeri weýran boldy.

↪ Birnäçe şäherde mekdepler ýapyldy.

↪ Pekine we Pekinden uçýan howa ýollarynyň 50-den gowragynyň gatnawy ýatyryldy.

↪ Pekinde 15-nji martda irden PM10 (gaty bölejikler) konsentrasiýalary 8000 μg/m3 we 24 sagadyň dowamynda PM2·5 konsentrasiýasy 200 μg/m3-dan geçip, BSGG-nyň görkezmesinden (25 μg/m3) has ýokarlandy.

↪ PM10 konsentrasiýasy sebäpli, Pekinde azyndan 265 adam öldi.

Bu gum we tozan tupanlary Mongoliýanyň gury we Sibiriň sowuk howasynyň bilelikdäki täsiriniň netijesi emele gelýär. Mongoliýanyň çöllerindäki tozan bölejikleri günbatar ýelleriň täsiri bilen ýokary göterilip, Hytaýyň demirgazygyna we hatda Günorta Koreýa baryp ýetýär.

Gum we tozan tupanlary klimatyň üýtgemegi bilen berk baglanyşyklydyr; olar esasan hem global ýylylyk, El Nino hadysasy, tokaýlaryň ýok edilmegi, howanyň anomaliýalary ýaly bir-birine bagly faktorlar bilen baglanyşykly gurak şertlerden möwç alýar. Soňky otuz ýylyň dowamynda, Mongoliýa global ýylylygyň täsirini duýdy. Ýagny 1981-2014 ýyllar aralygynda, tomsuna howanyň ortaça temperaturasy 2.5°C ýokarlandy we ösümlikli ýerler azaldy.

Suwuň yzygiderli ýitmegi we topragyň eroziýasy, howanyň yssylaşmagyny we anomal siklon aýlanyşygyny güýçlendirip, gurakçylyga hem-de ýeriň zaýalanmagyna sebäp bolup biler.

Saglyga täsiri

Tozan bölejiklerinden dem almak ençeme saglyk meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Adam saglygyna howp salýan gum we tozan tupanlarynyň esasy bölegi PM10 bolup durýar. Diametri 10 μm-den (mikrometr) uly bolan bölejikler deri we göz ýaly daşarky organlara zeper ýetirip bilýän bolsa, PM2.5-10 we PM2.5 bölejikler ölme we keselleme howpunyň ýokarlanmagy, esasan hem dem alyş we ýürek-damar keselleri bilen baglanyşyklydyr. Gum we tozan tupanlary diňe bir gaty bölejikleri däl-de, eýsem mikroorganizmleriň we potensial allergenleriň zyýanly birleşmelerini hem adamlara ýetirýär. Mysal üçin, BMG-nyň çölleşmä garşy göreş konwensiýasy Afrikadaky meningit epidemiýalarynyň we Amerikadaky "jülge gyzzyrmasynyň" gum we tozan tupanlary bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny görkezýär.

Gum we tozan tupanlarynyň bütin dünýäde adam saglygyna ýetirýän zyýanlaryna hiç-hili şübhe ýokdur. Ýer ýüzünde 151 ýurt tupanlary başdan geçirýän hem bolsa, olaryň diňe 45-si (30%) gum we tozan tupanlarynyň çeşmesi hökmünde toparlara bölünýär. Hatda gum we tozan tupanlary ýok ýurtlara hem, tozanlar global klimaty üýtgetmek arkaly täsirini ýetirýärler.

Gorag çäreleri

Öňünden duýdurma çäreleri – ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak we weýrançylykly tozan tupanlaryndan adam we emläk ýitgilerini azaltmak üçin möhümdir. Adatça, "American Thoracic Society" guramasy tozan tupany ýüze çykan mahaly, adamlara öz saglyklaryny goramak üçin gönüden-göni çäreleri görmegi, ýagny hereketi azaltmagy, içerde galmagy we agzy-burny örtmegi maslahat berýär. Şeýle-de, öýüň içindäki PM konsentrasiýasy açyk howadaka ýakyn bolup biler, sebäbi tozan öýüň içine gapylardan, penjirelerden we wentilýasiýa ulgamy arkaly girip biler.

Okuwçylaryň esasy wagtlaryny geçirýän ýerlerinde, ýagny mekdeplerde, ýokary işjeňlik sebäpli PM çagalara we ýetginjeklere howp salyp biler. PM konsentrasiýasyny azaltmak üçin bölejikleri siňdiriji ýokary-netijeli filtrleri ulanmak we otaglary arassalap durmak maslahat berilýär.

Klimatyň üýtgemegi bilen, biziň Ýerimizde güýçli guraklyk, ýel eroziýasy we howanyň aşa üýtgeme hadysalary ýüze çykar we netijede tozan tupanlarynyň intensiwligi, ýygylygy ýokarlanar hem-de ykdysadyýete we saglyga ýaramaz täsir eder.

Hytaý, ekologiýany dikeldiş maksatnamalaryndan peýdalanyp, gum we tozan tupanlarynyň ýygylygyny ep-esli azaltdy. Emma, Hytaýda bolup geçen soňky gum we tozan tupany, aýry-aýry ýurtlarda görülýän çäreleriň bu tupanlaryň turmasyny bes etmejekdigini görkezýär. Klimatyň üýtgemegi meselesini hem-de gum we çäge tupanlarynyň ýygylygyny we täsirini azaltmak üçin global tagallalar möhümdir.

Batyr Bäşimow

Çeşme: The Lancet Planetary Health

  • 1401 gezek okalan