Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

INTERSEKS ADAMLAR BARADA NÄME BILMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

interseks1. "Interseks" näme diýmek?

Interseks – bu jynsy alamatlardaky ýa-da reproduktiw anatomiýadaky tapawutlar üçin ulanylýan umumy adalgadyr. Interseks adamlar bu tapawutlar bilen dogulýarlar ýa-da olara çagalykda eýe bolýarlar. Adam bedeniniň ösüşiniň adaty iki usuly bilen deňeşdirilende, interseks bedenleriň jyns agzalarynda, gormonlarynda, içki anatomiýalarynda ýa-da hromosomalarynda birnäçe tapawutlar bolup bilýär.

Käbir interseks alamatlar dogluşdan belli bolýar, käbirleri welin tä jynsy ýetişme döwrüne ýa-da has uly ýaşa çenli äşgär bolmaýar. Interseks adamlar (interseksuallar) köplenç masgaraçylyga sezewar bolýarlar ýa-da olar kiçilikden bedenlerini üýtgetmäge mejbur edilýär. Interseks alamatlary üýtgediji operasiýalaryň köpüsi bäbeklikde geçirilýär.

2. Interseks "germafrodit" bolmaklyga meňzeşmi?

Ýok. "Germafrodit" (hunsa) sözi hiç wagt interseks adamlary suratlandyrmak üçin ulanylmaly däldir. Käbir interseks adamlaryň bu sözi kabul eden bolmaklaram ahmal, ýöne bu adatça kesidiji söz hasap edilýär. Interseks bedenli bolmagyň birnäçe ýagdaýlary bar, emma bir adamda doly ösen ujydyň hem-de waginanyň bilelikde bolmagy mümkin däl.

"Germafrodit" sözi mifologiýadan gelip çykyp, interseks adamlar "nägehan" ýa-da "bu dünýäli däl" diýmegi aňladýan bolmagy ahmal. Interseks adamlaryň köpüsi bu paýyş, kemsidiji sözüň entegem öz lukmançylyk ýazgylarynda ulanylýandygyna gabat gelýärler.

3. Interseks bilen "Jynsy ösüş bozulmasy" birmeňzeşmi?

"Bozulma" ýa-da "tapawutly jynsy ösüş" (TJÖ) ýaly terminler heniz hem interseks alamatlar üçin giňden ulanylýar. Interseks adamlaryň köpüsi "TJÖ" adalgasyny ret edýärler, sebäbi bu olaryň "bedenleri näsaz" ýa-da "ony ‘düzetmek’ lukmanlara bagly" diýen düşünjä eýerýär. ABŞ-ly aktiwistler 1973-nji ýyla çenli  geý bolmagyň psihiki bozulma hasap edilendigini ýygy-ýygydan orta atýarlar. Tä olaryň kabul edilmegi üçin jemgyýetler göreşýänçä, adamlaryň tebigy aýratynlyklarynyň ençemesi lukmançylyk näsazlyklary saýylýardy.

4. Intersekslik nä derejede ýaýran?

Her ýyl näçe interseks adam dogulýar? Olaryň statistikasy nähili? Dogumlaryň aglabasynyň hassahanalarda bolýan ýurtlarynda-da bu soraga jogap bermek kyn. Sebäbi bu maglumatlary ýygnamak hiç kimden talap edilmeýär. Emma, biz interseks bolmagyň giňden ýaýrandygyny bilýäris.

Adamlaryň 1.7%-e golaýy interseks bolup dogulýarlar. (Muny birmeňzeş ekizleriň ~ 0.3% bolmak ähtimallygy bilen deňeşdiriň!) 2,000 bäbekden 1-i (adamlaryň 0,05% - i) lukmanlaryň gereksiz operasiýa bilen üýtgetmegi teklip edip biljek jynsy tapawut bilen dogulýarlar.

Bu çaklamalar, 1955–1998-nji ýyllar aralygynda lukmançylyk edebiýatyny gözden geçiren Doktor Anna Fausto-Sterlingiň işine esaslanýar. (Sexing the Body: Gender Politics and the Construction of Sexuality, 2000)

5. Interseksiň sebäpleri näme?

Interseks alamatlar köplenç tötänleýin döreýär, ýöne käbiri nesil yzarlaýar. Has takygy, inteseks aýratynlyklaryň ösmeginiň käbir sebäpleri:

↪ SRY-nyň (Jynsy kesgitleýän bölek) ýeriniň üýtgedilmegi ýa-da aýrylmagy,

 ↪ AR (Androgen Reseptor) geninde üýtgemeler, adrogeniň köp işläp çykmagyna eltýän ferment ýetmezçiligi, we

 ↪ Göwrelilik döwründe ekzogen gormonlarynyň ulanylmagy.

Interseks alamatlaryň öňüni almak ýa-da "bejermek" ýaly kemsidiji synanşyklaryň uzak taryhy bar. Ynsan dürlüligine gezek gelende, onuň sebäbini gözlemek örän adaty zat. Ylym hemişe tebigy dürlüligi düşündirjek bir zadyň gözleginde: geý geni, transgender beýnisiniň tapawutlyklary, autizmiň sebäpleri we ş.m. Ýöne interseks adamlar "sebäp gözlemegiň" örän howply bolup biljekdigini bilýärler. Eger adam bedeniniň aýratynlyklaryny görüp ýa ölçäp bolýan bolsa, olary çalyşyp hem bolýar. Interseks alamatlary üýtgetmek üçin operasiýalar köplenç örän ýaşlykda we adamyň habary we razylygy bolmazdan edilýär.

6. Interseks operasiýasy näme?

Interseks operasiýasy tebigy aýratynlykly jyns agzanyň görnüşini ýa-da reproduktiw anatomiýany üýtgetmek üçin jan halas etmeýän proseduradyr. Bu gender, seksuallyk we "adaty" bolmak diýen pikirler bilen baglanyşyklydyr.

Interseks operasiýalaryna şular degişli:

↪ kinnigi "gysgaltmak" ýa-da "ýerini üýtgetmek" (käwagt ol klitroplastika, kinnik gysgaltmasy ýa-da aýyrmasy diýlip atlandyrylýar),

 ↪ wagina ýasamak ýa-da üýtgetmek (waginaplastika),

 ↪ sagdyn peşew çykaryş ýoluny süýşürmek (gipospadiýany bejermek), we

 ↪ jyns gormonlaryny işläp çykarýan organlary aýyrmak (gonadektomiýa).

Interseks operasiýalary bäbeklerde emosional we fiziki täsirler, ýokary derejeli gaýry üzülmeler we seksual işjeňligiň kemelmegi ýaly ömürlik yz goýýar. Birleşen Milletler Guramasy şahsyýetiň habarly razyçylygy bolmazdan edilen operasiýalary adam hukularynyň bozulmagy hasap edýär.

Interseks operasiýalarynyň aglabasy çaga 2 ýaşdan kiçikä edilýär. Çaga örän kiçi wagtynda ene-atalara interseks alamatlary üýtgetmek üçin operasiýalar hödürlenýär we käbir lukmanlar muny ýerlikli saýýar. Bu adamlary öz bedenleri babatda (önelgelige, seksual işjeňlige we emosional saglyga täsir edýän) möhüm kararlary bermekden mahrum edýär.

Käbir çagalar ulalanlarynda bedenlerini üýtgetmek isläp biler ýa-da bedenleriniň üýtgedilenine begenerler. Emma, beýleki çagalaryň we ulularyň köpüsi özlerine derek berlen kararlar sebäpli yza we şikes bilen ýaşaýarlar. Ir döwürde hereket edilende, kimiň nähili duýjagyny bilip bolmaýar. Garaşmak – hemişelik zyýandan gaça durmagyň iň gowy ýoludyr.

Ähli ene-atalar öz çagalaryny gowy görýärler we olar üçin iň gowusyny isleýärler. Lukmanlar jyns agzanyň sypatyny üýtgetmek üçin operasiýalary "gaýra goýulmasyz" ýa-da "zerur" diýip, ýalňyş kesgitläp bilerler. Ene-atalaryň aglabasy şikes ýeten maşgalalar ýa-da ulular bilen habarlaşdyrylmaýar. Olara operasiýalaryň aşa töwekgelçiligi we ýönekeýje garaşmagyň hem çözgütdigi barada hiç wagt aýdylmaýar.

7. Her ýylda näçe interseks operasiýalary edilýär? Interseks operasiýalarynyň statistikasy barmy?

Şahsyýetiň razyçylygy bolmazdan edilen bir interseks operasiýa hem juda köpdür.

ABŞ-da 2020-nji ýyldan başlap, Çikagonyň Lurie Çagalar hassahanasyndan başga hijisi bäbeklere jyns operasiýalaryny etmeýändigini aýtdylar. Statistikany yzarlamak kyn, sebäbi ABŞ-nyň hassahanalaryndan bu maglumaty habar bermek talap edilmeýär.

Emma, Adam hukuklaryna gözegçilik guramasynyň (HRW) barlagçysy Kaýli Naýtyň BuzzFeed-de ýazan 2020-nji ýyldaky makalasynda şeýle diýilýär: "[bäbek interseks] operasiýalarynyň we olary edýän hassahanalaryň sany baradaky subutnamalar aç-açan gizlenilýär. Pediatric Urology žurnalynda çap edilen 2016-njy ýylyň hasabatyna görä, interseks çagalaryň ene-atalarynyň 37-sinden 35-i "çagalaryna kosmetik operasiýa etdirmegi saýlapdyr". Urolojy žurnalynyň 2017-nji ýyldaky ylmy makalasy hem edil şoňa meňzeş görkezijileri hasabat berdi".

8. Interseks operasiýalary hakynda kanun barmy? Interseks operasiýalary kanunymy?

Bäbek interseks operasiýalary habarly razylyk, bedeniňe erk etmek we öz ykbalyňy kesgitlemek ýaly ýörelgeleri bozýar. Ol operasiýalar aýallaryň jyns agzasyny kesmek baradaky kanunlar we mejbury tohumsyzlandyrma garşy düzgünler esasynda gadagan edilip bilner. Şeýle-de bolsa, käbir lukmanlar interseks çagalaryň jyns agzalarynyň sypatyny ýa-da işjeňligini üýtgetmek üçin ene-atalaryň razyçylygynyň ýeterlikdigini aýdýarlar.

Käbir ýurtlar çaga interseks operasiýalarynyň soňuna çykmak üçin çäreler görýärler. Mysal üçin, Malta döwleti we Hindistanyň Tamil Nadu ştaty şahsyýetiň habarly razylygy bolmadyk interseks operasiýalaryny gadagan etdi. 2019-njy ýylda, Ýewropa Parlamenti ähli agza döwletleri operasiýalary bes etmäge çagyrýan karary kabul etdi. Portugaliýa, Fransiýa we Urugwaý interseks adamlary goramak üçin kanunlary kabul etdi, ýöne olar entek hem rugsatsyz operasiýalary etmekden saklamaýar.

9. Interseks adam nähili görünýär?

Interseks "görünmek" diýen zat ýokdur. Her adam üýtgeşik bolýar. Adamyň jynsy anatomiýasynyň ösüşiniň dürli ýollaryny atlandyrmak üçin 40-dan gowrak lukmançylyk adalgasy bar.

Eger-de jynsy agza hakynda soraýan bolsaňyz (olaryň özlerinden agressiw şahsy soraglary soramaly däl), onuň standart jogaby ýokdur.

Ynsan bedeniniň ähli agzalary ýaly, jyns agzalary hem dürli görnüşde we ululykda bolýar. Jyns dokumalarynyň hemmesi gomologik häsiýetli bolup, bu iki zadyň birmeňzeş gelip çykyşyny aňladýar. Meselem, çaganyň irki ösüş döwründe kinnik we ujyt gomologik (birmeňzeş) bölekler bolup ösýärler. Soňra, belli signallar esasynda, dokumalar ulalyp, ujyda öwrülýär. Signallar bolmasa, ol kiçiräk kinnik bolup galar. Käbir interseks adamlaryň jyns agzalarynyň tebigy ululygy şol ikisiniň aralygynda bolýar. Käbir adamlaryň "mikroujyt" (iňlisçe: micropenis) diýip tanaýan ujytlary hem bu spektre degişlidir.

Hiç bir adamda doly ösen ujyt we wagina bilelikde bolmaýar.

10. Men interseksdigimi nädip bilmeli?

Lukmançylyk diagnozy bolmazdan adam özüniň interseksdiginden habarsyz bolup bilermi? Mümkin. Bu ýagdaý öň hem bolup geçen. Adama öz bedeniniň üýtgeşikdigini bilmek üçin umumy ýollar şulardyr:

1. Çaga doglanda onuň jynsy tapawudyny başga bir adamyň görmegi;

2. Jynsy ýetişme döwründe üýtgeşmeleriň gaty ir, garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçmegi ýa-da hiç hili bolmazlygy;

3. Kämillik ýaşynda, önelgesizlik ýa-da başga näsazlyklaryň bedeniň içki agzalarynyň tapawutlylygyny ýüze çykarmagy;

4. Kämillik ýaşynda, çaga wagtyň lukmançylyk bejergileriniň geçirilendigini öwrenmek.

Interseks adamlaryň köpüsi bedenlerindäki yşaratlar we sosial tejribeler esasynda özlerindäki aýratynlyklary görüp bilýärler. Bu alamatlar dürli interseks toparlarynyň arasynda we interseksler üçin lukmançylyk adalgalarynda saklanyp galan.

Interseks adamlaryň aglabasy jyns agzalarynyň we reprodiktiw anatomiýalarynyň üýtgeşikligi sebäpli kemsidilýärler. Olaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi bedenlerini üýtgetmek üçin lukmançylyk basyşyny başdan geçirýärler. Ene-atalara çagalary üçin operasiýa ýa-da gormonal bejergi etmegi teklip edýän lukmanlar bu basyşyň başlangyjydyr.

Interseks adamlaryň hemmesinde jynsy tapawutlar bolmaýar. Interseks adamlaryň ählisinde lukmançylyk diagnozlary ýa-da ýazgylary hem ýok. Çünki intersekslik biziň bu günki bilýän lukmançylyk senagatymyzdan has ir döwürden bäri ýüze çykyp gelýär.

Umuman, adam özünde interseks alamatlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilýär. Ony görkezýän nyşanlary geçmiş tejribelerden we bedenden bilip bolýar. Şeýle-de bolsa, jynsy aýratynlygy bar bolan adamlaryň birnäçesi "interseks" sözüni eşitmän ýa-da bu sözüň giň manylydygyndan habarsyz bolup bilerler. Käbir adamlar bu sözi kabul etmeýärler ýa-da başga adalgalary ulanýarlar.

11. Çagada geçirilýän kinnik, wagina, uretra ýa-da ýumurtgajyk operasiýalary hakynda bilmeli zatlarym näme?

Çagaňyzyň peşew çykarma mümkinçiligi bar bolsa, karar bermäge howlukmaň. Eger-de lukmanyňyz jan halas etmeýän operasiýalary (waginoplastika, klitroplastika ýa gonadektomiýa) teklip edýän bolsa, hemişe soraň:

1. Näme üçin bu ýaşda?

2. Peýdalary näme?

3. Töwekgelçilikleri barmy?

4. Garaşyp görsek näme bolar?

Biziň ene-atalar üçin niýetlenen "Hukuklaryňyzy Biliň" atly kitapçamyz kömek edip biler. Şeýle hem, näme üçin irki operasiýalar üçin giň ýaýran lukmançylyk delilleriniň nädogrydygyny düşündirýän çeşmämize göz aýlaň. Operasiýalaryň uly töwekgelçilikleri bardyr we olar seksual işjeňlige, önelgelige hem-de emosional saglyga zeper ýetirip bilýär. Uly ýaşly interseks adamlar onlarça ýyllap: karar bermegi bize goýuň – diýip gelýärler.

Operasiýa barada beýleki ene-atalardan we operasiýa geçiren ýa-da geçirmedik ululardan soramagy maslahat berýäris. Bu adamlar bilen habarlaşmaga lukmanlar kömek edip bilmese, elmydama goşmaça soraglar sorap bilersiňiz. Eger-de lukmanyň siziň haýyşyňyzy äsgermezlik edýändigini duýsaňyz, gowusy başga lukman gözläň.

Käbir çagalar ulalandan soň bedenlerini üýtgetmek isläp biler ýa-da bedenlerini üýtgetmäge özleriniň karar berendigine begenerler. Beýleki çagalaryň we ulularyň köpüsi özlerine derek berlen kararlar sebäpli çendenaşa agyry we şikes bilen ýaşaýarlar. Ir döwürde hereket edilende, gelnen karara kimiň nähili duýjagyny bilip bolmaýar. Garaşmak – hemişelik zyýandan gaça durmagyň iň gowy ýoludyr.

Çeşme: Interact/Advocates for Intersex Youth

  • 1201 gezek okalan