Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ARTYKMAÇ ZIBIL DÖRETMEZDEN GEÝIMLERI NÄDIP SAÝLAMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

eko esiklerBir görnüşli süýümden tikilen eşikleri gaýtadan işlemek has aňsat bolýar. Meselem, jinsini pagta we elastana bölmek mümkin däl (98% we 2% degişlilikde). Ýöne jinside elastanyň gaty az bolany üçin, ony gaýtadan işlemek kyn düşmeýär. Emma matanyň düzümi 60% pagta we 40% sintetika bolsa, pagtany süýüme we ýüplüge öwrüp, sintetikany bolsa gaýtadan eredip bolmaýar.

Şeýle hem, köplenç poliester-poliamid garyndysyndan tikilen sport egin-eşikleri ýaly sintetik matalary bölüp aýyrmak mümkin däl. Bu süýümleri bilelikde gaýtadan işläp bolmaýar.

Üç ýa-da dört görnüşli süýümden öndürilen egin-eşikleri satyn almak maslahat berilmeýär. Olar köplenç zibile atylýar ýa-da ýakylýar. Ýüpek matasy welin, fiziki we himiki aýratynlyklary we önümçiliginiň çylşyrymlydygy sebäpli gaýtadan işlenmeýär.

Bezeg elementleri köp bolan egin-eşikleri hem satyn almak maslahat berilmeýär: emeli bezeg daşlary, owadanlyk üçin goýlan zamoklar (furnitura), emeli deriden bolan elementler. Olaryň hemmesini gaýtadan ulanyp bolmaýar, olary diňe bölekläp zibile zyňmaly bolýar. Şeýle-de, furnituralary aýyrmak çylşyrymly bolup, ol köp serişde we köp çykdajy talap edýär.

Gaýtadan işlemegiň "müň derdiň dermany" däldigine düşünmek gerekdir. Önüm gaýtadan işlenilende ýene şol bir önümiň özi däl-de, ondan pes hilli önüm (meselem, ýyladyjy material) ýasalýar. Şonuň üçin hem, täze we artykmaç egin-eşikleri satyn almagy azaltmak, geýimleriň ömrüni uzaltmak üçin olara ideg etmek zerurdyr.

Eko-bellikli tebigy matalar

Noplasticitsfantastic taslamasynyň esaslandyryjysy Olesýa Bespýorstowanyň aýtmagyna görä, eko-bellikli tebigy matalardan tikilen egin-eşikleri saýlamaly. Matanyň organiki materialdan ýasalandygyny tassyklaýan bu bellik, eşigiň düzümi däl-de, çig malyň öndüriliş we ösdürip ýetişdirilş usulyny aňladýar. Bir futbolkany öndürmek üçin, ösdürilip ýetişdirilýän gowaça 2,700 litr suw gerek bolýar. Şol bir futbolkany organiki pagtadan öndürmek üçin bolsa - takmynan 250 litr suw gerek bolýar. Mundan başga-da, organiki pagta daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna zyýanly pestisidleri ulanmazdan ösdürilip ýetişdirilýär.

Ulanylan eşikler (Second hand)

Irina Kozlowskih 12 ýyllap ulanylan egin-eşikleri geýýär. Onuň aýtmagyna görä, ulanylan önümler hem-de mätäçler üçin dükanlarda, hili gowy zatlary amatly bahadan tapsaň bolýar: ýagny tomus möwsüminde geýilýän köýnekden başlap, penjek we palto çenli tapsaň bolýar. Şeýle egin-eşikleri satyn almagymyz bilen, biz olara ikinji ömür berýäris we öz sarp edişimizi, şeýle-de täze egin-eşigiň önümçiligine bolan zerurlygy azaldýarys.

Käbir geýimler agramyna görä satylýar we ep-esli tygşytlap bolýar. "Mundan 2 ýyl ozal, men "dem alýan" sport köýnegini satyn aldym. Onuň agramy azdy we men onuň üçin 140 rubl (2 ABŞ dollar töweregi) töläpdim we onuň täzesi 185 ABŞ dollaryna satylýar. Men häzir hem bu köýnegimi geýýärin" diýip, Irina Kozlowskih aýdýar.

Ulanylan önümleri satýan dükanlarda söwda edilende, iki düzgüne eýermek maslahat berilýär:

1. Satyn almaly zatlaryňyzy soňky pursada goýman, öňünden meýilleşdiriň: käwagt gerek bolan zady şol wagtyň özünde tapyp bolmaýar, sebäbi dükanlarda bar bolan egin-eşikleriň görnüşlerini öňünden bilip bolmaýar. Bu ýagdaýda sabyrlylyk kömek edýär.

2. Satyn aljak zadyňyzy üns bilen barlaň, ähli furnituralarynyň işleýändigine, önümiň ýagdaýynyň gowudygyna we uzak wagtlap geýip boljakdygyna doly göz ýetiriň.

"Asyrlar boýy"

Ulanylan egin-eşikleri geýmek islemeýän bolsaňyz, täzesini satyn alyp bilersiňiz, ýöne birnäçe ýyllap geýip boljak, ýokary hilli zatlary satyn alyň. Eger şol bir eşik ýüregiňize düşse, ýa-da onuň ululygy size laýyk bolman başlasa, ony satyp ýa-da mätäçlere sowgat edip bolar. Haçanda geýim düýbünden öz daşky görnüşini ýitirende, ony gaýtadan işlenilýän ýere tabşyryp bilersiňiz.

Batyr Bäşimow

Çeşme

  • 176 gezek okalan