Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TOKSIK ADAMLAR – DURMUŞYMYZY ZÄHERLEÝJILER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

toksik adamÝakynlaryň, dostlaryň, işdeşleriň seni goldaýarmy ýa-da ynjydyp, tukatlandyrýarmy? Gynansakda, ajy zäherini pürküp, durmuşymyzy bulaýan toksik adamlara jemgyýetimizde az duş gelmeýäris. Menem wagtynda "Sen ‘pulsuz’ we ‘tanyşsyz’ okuwa/işe girip bilmersiň" diýip, höwesimi gaçyrýan toksik garyndaşlarymy diňlän bolsadym, şu wagt ne bilimli ne-de işli bolardym. Şuňa meňzeş mysallar her birimiziň durmuşymyzda bar bolsa gerek.

Toksik adam – bu durmuşyňy gereksiz meseleler, gamgynlyk we dawa-jenjel ýaly negatiw duýgular bilen dolduryp, seni strese we depressiýa salýan adamdyr.

"Gawun gawundan reňk alar" diýlişi ýaly, toksik adamlar bilen köp aragatnaşyk saklamak seniň hem olara meňzemegiňe eltip biler. Şonuň üçin, olary tanamak we olardan goranmak zerurdyr.

Toksik häsiýetlileri nädip tanamaly?

Elbetde, toksik adamlarda "Men zäherli" diýen möhür ýok. Olary özlerini alyp barşyny, aýdýan sözlerini we saňa ýetirýän täsirini seljermek arkaly tanap bilersiň. Öz psihiki saglygyň we abadan ýaşamagyň üçin, aşakdaky ýaly toksik adamlardan gaça durmaly:

Gybatçylar

Gybatçylar başga adamlaryň bagtsyzlygyndan lezzet alýarlar. Olar öz aýyplarynyň ýa gorkularynyň üstüni örtmek ýa-da başga adamlara ünji bermek üçin "gep" edýärler. Gybatçylar faktlary däl-de, köplenç beýlekiler barada öz şahsy pikirlerini paýlaşýarlar. Başgalaryň şahsy we professional durmuşy hakda diňlemek ilki bada gyzykly bolup görünse-de, wagtyň geçmegi bilen ol seni ýadadar, strese salar we gybatyny diňleýän adamlaryň senden daşlaşmagyna, olary ynjytmagyňa getirer. Ýatda sakla: seniň bilen başga adamyň gybatyny edýän adamyň, soň seniň hem gybatyňy etmegi mümkindir.

Pessimistler

Bu adamlar ýanyndakylaryň ruhuny çökerýänlerdir. Olar negatiwlikden doludyr we her ýagdaýda erbetlikden başga zat görmeýärler. Pessimistler başgalaryň şowsuz synanyşyklaryny mysal getirip, seni gorka salýarlar we seni etmek isleýän uly işleriňden saklaýarlar. Olardan seresap bolmasaň, sen maksat edýän zatlaryňy taşlap, arzuwlaryňy hiç wagt hasyl edip bilmejegiňe ynanarsyň.

Göripler

Görip adamlar öz gazanan üstünliklerine begenmegiň ýerine, ýeten sepgitlerini başgalaryňky bilen ölçeýärler. Özlerine bolan sylagyň we ynamyň pesligi sebäpli, olar özlerini başgalar bilen deňeşdirýärler we elmydama deňsizlik duýýarlar. Göripler seniň gowy günüňe begenmegiň deregine, seniň başarjaňlygyňa gözi gidirýärler we höwesiňi azaldyp, islendik bir zatda gowy iş edip biljekdigiňe bütinleý ynamyňy gaçyrmagyňa sebäp bolýarlar.

Ulumsylar

Tekepbir adamlar hemme kişä we hemme zada göwni ýetmezçilik bilen seredýärler. Olar özlerine ynamly ýaly görünseler-de, bu ynam aslyýetinde ynamsyzlygyň we gorkynyň miwesidir. Akron uniwersitetiniň geçiren barlagyna görä, ulumsy adamyň işjeňligi pes bolýar. Olar başgalaryň pikirleri bilen ylalaşmaýarlar hem-de özleriniň beýleki adamlardan üstündigini görkezmäge synanyşýarlar. Beýle adam seniň özüňe ynamlylygyňa şat bolmaýar, hatda käwagt eden işiň üstünden gülümsireýär.

Pidalar

Özüni mydama pida ýaly görýänler öz ýalňyşlyklary, jogapkärçilikleri we meseleleri üçin başgalary günäkärleýärler. Olar durmuşyň kynçylyklaryny güýçlenmek, ösmek we öwrenmek üçin mümkinçilik hökmünde görmän, tersine, olary başa gelen "musallat" kimin kabul edýärler. Beýle adamlar seni olara kömek etmäge mejbur ýa-da günäkär duýmagyňa sebäp bolýarlar.

Toksik adamlaryň nädip hötdesinden gelmeli?

Durmuşyňda toksik adamlaryň barlygyny aňsaň:

↪ Rahatlygyňy sakla we strese düşmejek bol. Olaryň aýdýan zatlarynyň we özlerini alyp barşynyň saňa berýän negatiw täsiri, ynjalyksyzlygy hakda sypaýylyk bilen aýt.

↪ Eger-de olaryň düzelmejegine gözüň ýetse, olara sarp edýän wagtyňy çäklendir, wagtyň ýokdugyny aýt we mümkin boldugyça olar bilen çürt-kesik gatnaşygyňy kes.

↪ Toksik adam gündelik hökmany iş salyşmaly adamlaryň (ýolbaşçylaryň, işdeşleriň) bolsa, onda olar bilen şahsy maglumatlaryňy paýlaşma. Diňe iş hakynda gerekli zatlary gürleş we sözüňi gysga kes. Şeýle-de, olaryň hereketlerini we sözlerini çendenaşa kelläňde aýlap, seljerme. Ünsüňi işiňe we işde gowy görýän zatlaryňa gönükdir.

Elbetde, durmuşymyzy diňe gowy adamlardan dolduryp bolmaýar. Bize zyýan berýänlerden hem mydama gaça durmak başartmaýar. Adam toksik bolsa-da, olara dogry çemeleşmegi öwrenmek we strese bolan durnuklylygyňy ösdürmegem belli bir derejede özüňi kämilleşdirmekdir. Şonuň üçin, ýagdaýyň oňyn tarapyna seretmek durmuşyňy aňsatlaşdyryp, kynçylyklardan baş alyp çykmagyňa ýardam eder.

Awtor: Päkize Ýomudowa

  • 342 gezek okalan