Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EMPATIÝANY ÖSDÜRÝÄN 5 ENDIK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

empatiyaEmpatiýa – bu töweregimizdäki adamlaryň duýgularyna we pikirlerine düşünmekdir. Empatiýa jemgyýetçilik durmuşynyň örän wajyp bölegi bolup, köp tagallalary talap edýär. Ýöne, empatiýanyň çuňňur manysy näme? Biz empatiýa görkezmekde has kämil bolup bilerismi?

Standford uniwersitetiniň professory Dr. Jamil Zaki-niň aýtmagyna görä, empatiýa kesgitli häsiýet däl-de, ösdürip bolýan ukypdyr. Empatiýa biziň beýleki adamlaryň emosiýalaryna dürli görnüşde jogap berşimizi öz içine alýan umumy adalgadyr.

Empatiýa näme üçin möhüm? Duýgudaşlyk bildirmek bizi maşgalamyza, dostlarymyza we kesekilere ýardam etmäge ruhlandyrýar. Bu endik bize başga adamlary stereotiplere we ýalňyş pikirlere ynanmazdan hem-de jynsyna, ýaşyna we ynanjyna seretmezden has ýakyndan tanamaga kömek edýär.

Bu diňe duýgudaşlyk berilýän adama däl, eýsem, duýgudaşlyk bildirýän adama hem peýdalydyr. "Empatiýa görkezýän adamlar stresi we ruhy çökgünligi az başdan geçirip, durmuşyndan has kanagatly, gatnaşyklarynda bagtly we işinde üstünlikli bolýarlar" – diýip Dr. Zaki belleýär.

Empatiýanyň 3 görnüşi bar: kognitiw (akyl) empatiýa, emosional empatiýa we duýgudaşlyk ýa-da rehimlilik. Muny şu mysalyň üsti bilen düşündirmek bolar: Diýeli, dostuň bilen günortanlyk edinýärkäň, oňa jaň gelýär. Onuň kim bilen gürleşýäninden habaryň ýok. Birdenem, ol aglamaga başlaýar. Dostuň aglaýanyny görüp, özüňi erbet duýup başlamagyň we onuň başdan geçirýän zadyny edil özüňe bolýan ýaly duýmagyň mümkin. Muňa emosional empatiýa diýilýär. Dostuň nähili duýýandygyna we näme üçin aglaýandygynyň sebäbine düşünmäge synanyşmagyň mümkin. Bu kognitiw empatiýadyr. Eger-de dostuň seniň iň ýakyn dostlaryň biri bolsa, ol hakda aladalanyp, onuň özüni has gowy duýmagyny isläp bilersiň. Muny bolsa duýgudaşlyk ýa-da rehimlilik diýip atlandyrýarys.

Elbetde, empatiýa görkezmek hemişe mümkin ýa-da iň parastly reaksiýa däl. Biziň hiç kime empatiýa bergimiz ýokdur. Eger-de köpçülikde başgalary kemsitjek bolýan ýa-da ara tow salmak isleýän adama duýgudaşlyk bildirip bilmeseň, ol seniň şowsuzlygyň däldir. Käte bolsa, duýgudaşlyk bildirmek adalata garşy bolup, bizi köp zatlara kör edip bilýär. Meselem, gowy görýän dostuňa bolan duýgudaşlygyň, dostuň COVID sanjymyny oňa has mätäç adamdan ir almalydygyna seni ynandyryp biler. Muňa garamazdan, bedenimize we akyl saglygymyza ideg edişimiz ýaly, empatiýa görkezmek ukybymyzy hem ösdürmelidiris. Bu sosial saglygymyz barada alada etmek ýalydyr. Empatiýany ösdürmäge kömek edip biljek 5 endik:

1. Içki çeşmeleriňi güýçlendir

Munuň üçin kynçylyk çekýän bir zadyň we onuň seni nähili duýdurýandygy barada pikirlen. Soňra, dostuň hem edil seniňki ýaly kynçylyk bilen ýanyňa gelse, oňa nähili jogap berjegiňi göz öňüňe getir. Bu seniň durmuşyňdaky adamlara görkezýän mähriň we özüňe görkezýän mähriň (ýa-da onuň ýoklugy) arasyndaky tapawudy görkezer. Ýagny, dostuňa has sabyrly we sahy çemeleşmegiň, emma özüňe has tankydy, gaharly we rehimsiz daraşmagyň ähtimal.

Bu mysalyň empatiýa bilen baglanyşygy näme? Empatiýa özüňden başlanýar. Özümize bolan rehimdarlygy ösdürmek bilen biz empatiýa görkezmek ukybymyzy hem kämilleşdirýäris.

2. Tapdan düşdüňmi? Başgalara mähir paýla

Stresli günleriňde ýa özüňi argyn duýýan wagtyňda, durmuşyňdaky kimdir-biri üçin ujypsyz wagt, energiýa ýa pul sarp et. Kyn günleri başdan geçirýän birine goldaw bermek üçin SMS ýaz. Ýa-da, işiňden soň, ýanýoldaşyň gowy görýän kofesini getir; ýa bolmasa, garry goňşularyň el goşlaryny götermäge kömek et. Empatiýany ösdürmek aýlygyň ýarysyny haýyr-sahabata bermek däldir. Bu her günki edýän kiçijek hereketlerimizden, ýagny aňymyzyň endiklerinden ybaratdyr.

Özümiz üçin energiýa tygşytlamaga synanyşanymyzda, özümize basyş edýäris. Täsiri ters bolaýjak ýaly görünse-de, özümizi gatybir ajap duýmaýan wagtymyz başgalara empatiýa görkezmek bize energiýa we ylham berijidir. Başgalar bilen duýgudaşlyk we mähremlik paýlaşylanda özüňi ulanylan ýaly duýmaýarsyň. Bagt we abadançylyk biriniň utulmagy we beýlekiniň utmagy däldir.

3. Jedelleşmän ylalaşmazlyk

Bir meselede ylalaşmaýan adamlaryň biri bilen gürrüňdeş bol. Meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň ýa jedelleşmegiň ýerine, mesele barada pikiriňe nädip gelendigiňi paýlaş we olaryň pikirleriniň nädip dörändigini diňle. Bu endigi ösdürmegiň oňaýsyz bolmagy ahmal, emma, adamyň ideologiýasynyň şahsyýetine deňeşdirilýän gurşawynda bu endigi kämilleşdireniňe degýändir.

Ýatda sakla: Muny saňa ýa degişli bolan toparyňa zyýan berýän ýa-da kemsidýän biri bilen etme.

Bu endik, "düýpli agitasiýa" diýip atlandyrylýan strategiýa esaslanýar. Käbir aktiwistler bary-ýogy 10-15 minutda, öz pikirine ynandyrmak isleýän adamlarynyň gürrüňdeşlige emosional taýdan has içgin girişip bilmegi üçin bu strategiýany ulanýarlar. "Düýpli agitasiýanyň" maksady kimdir biriniň pikirini üýtgetmek bolsa-da, muny endik etmegiň maksady ol däldir. Onuň maksady: başga adamlary ýigrenmezden we duşman hasap etmezden, olar bilen ylalaşman biljekdigiňi görkezmekdir. Dr. Zaki-niň aýtmagyna görä: "Duýgudaşlyk bütinleý razylaşmak bolman, eýsem, ýagdaýa düşünmegi aňladýar. Meselem: meniň talyplarym bu maşky edenlerinde, tapawutly garaýyşlara garamazdan, köplenç ynsan söhbetdeşliginiň örän sylaşykly we adamkärçilikli bolýandygyna haýran galýarlar".

4. Aragatnaşyk tehnologiýalaryny ýerlikli ulan

Bu endigi ösdürmek üçin, aragatnaşyk saklamakda şu wagt telefonyňy nähili ulanýandygyň we ony başgaça nädip ulanyp biljekdigiň barada pikirlen.

Köpümiz telefonlarymyzy elimize alýarys we diňe sosial mediýada wideodyr, postlary görüp wagtyň nädip geçeninem duýman galýarys. Birnäçe günläp, her gezek telefonyňda bir zada seredip başlanyňda, näme edýändigiňi seljer. Şol pursatda özüňi nähili duýýandygyň, näme öwrenendigiň we näme düşünjäni saklap galandygyň barada pikirlen. Özüňden "Men näme hakda pikir edýärin?", "Bu meniň hakykatdanam etmek isleýän zadymmy?", "Men şuwagt özümi nähili duýýaryn?" ýaly ýönkeýje sowallary soramak bilen, edýän zadyň saňa we abadançylygyňa ýetirýän täsirini öwrenip bilersiň.

Muny etmek gönümel duýgudaşlygy ösdürmese-de, bu bize wagtymyzyň köp bölegini sarp edýän online platformalarda mähirliligi we adamkärçiligi ýaýratmaga kömek edýär. Başarsaň, sosial mediýany başgalar bilen aragatnaşygy has gowulandyrmak üçin ulan. Meselem: dostuň Instagram postuna diňe "like" goýmagyň ýerine, göni SMS ýazyp ýa-da jaň edip bilersiň. Ynsan aragatnaşygynda özüňe edip biljek ýaramaz zatlaryň biri-de online platformalardaky gaharyň we negatiw emosiýalaryň özüňe täsirini ýetirmegine ýol bermekdir.

5. Başgalardaky empatiýany tarypla

Edil işde gazanan üstünlikleri üçin başgalara hoşamaý sözleri aýtmaga öwrenişenimiz ýaly, beýlekileriň duýgudaşlyk bildiriji hereketlerini hem görenimizde öwgüli sözleri aýtmagy endik edineliň. Mysal üçin: işdeşleriň bilen ýygnakda wagtyň olaryň haýsysynyň başgalara maksatlaryna ýetmäge kömek edýändigine bir pursatlyk syn et. Köplenç biziň ünsümizi has gaty sesler – hemişe hoşniýetli bolmaýanlar çekýär. Eger-de töweregimizdäki gowulyklara dykgat etsek, bu biziň ünsümizi deňagramlaşdyrýar. Ýagny, özümizde näçe empatiýany ösdürsek we beýleki adamlaryň hem empatiýasyny goldasak, şonça-da mähirli bolmak medeniýetine goşant goşdugymyz bolar. Dr. Zakiniň bellemegine görä: "hoşniýetli hereketi görenimizde ony özümiz hem edýäris". Mähirliligi daşymyza çykaryp, sosial güýjüň üsti bilen ony magnit ýaly özümize çekip bileris.

Çeşme

  • 909 gezek okalan