Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BIZDE DEPRESSIÝA ÇYNLAKAÝ KABUL EDILÝÄRMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

depressiyaMeniň pikirimçe, depressiýa ýurdumyzda iň ünsden düşürilýän çylşyrymly meseledir. Bu barada ne ilat arasynda gürlenilýär ne ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde. Bilşime görä, depressiýanyň öňüni alyş, bejeriş döwlet programmalary ýokdur. Ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde hemişe ähli adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny habar berýär, ilatyň ruhy çökgünligi we dartgynlylygy barada agzalybam geçilenok.

Mundan başga-da, ilat arasynda depressiýa hiç hili ynanmaýanlar bar. Hat-da özleri depressiýada bolsada oňa "depressiýa" diýenoklar. Adatlara, şaman ynançlaryna we gadymy yrymlara esaslanyp, depressiýadaky adamlaryň hereketlerini "şeýtan urupdyr", "kakyn-silkin bolupdyr" diýýän düşünjeler obalarda (käte şäherlerde-de duşmak bolýar) giňden ýaýrandyr. Depressiýa babatynda ilatyň sowatlylygynyň pesligi sebäpli olar molla okatmak ýa öwülýäden aýlanmak ýaly zatlary edýärler.

Pandemiýa döwründe depressiýa düşýänleriň sany barha artýar, esasanam (18-35 ýaşyndakylar) ýaşlar. Pandemiýa zerarly işine we maliýe ýagdaýynda zyýan ýetenler, syýahat etmek isleýänler, okuwy daşary ýurtda bolup Türkmenistanda galanlar ýa täzeçillik ýaşap özüni ösdürmek isleýän göz ýetimi giň adamlar has hem depressiýa düşdiler. Emma, ýurtda bolup geçýän zatlary, islendik çäklendirmeleri "adaty" hasap edýänler we daşary ýurda gidesi gelmeýänler üçin ähli zat "gülala güllük".

Gussa batmak, umytsyzlyk, ünsüň dagynyklygy, janyňa kast etmegi köp pikirlenmek ýa janyňa kast etmek we ş.m depressiýanyň alamatlarydyr. Tanyş-bilişlerimizden käwagt "Çagalarym üçin ýaşaýan, ýogsam janyma gyýardym", "Janymdan bezdim", "Ýaşaýşyň manysy ýok", "Hiç zadyň gyzygy ýok" ýaly jümleler eşidýäris. Bu depressiýadaky adamyň aýdaýjak sözleridir. Depressiýa göräýmäge ýönekeýje gamgynlyga meňzesede onuň ýitileşmegi ölümede eltip bilýär. Gynansakda, bizde muňa düşünýänler, oňa çynlakaý garaýanlar iňňän az.

Häli-şindi bolmasada, azda-kände "plany janyna kast edäýipdir" diýen sözler gulagymyza ilýär. Sirke içmek ýurtda has ýaýbalanan jana kast etmegiň synanşyklaryndandyr. Jana kast etmeleriň ýa suisid synanşyklarynyň ýarysy depressiýa bilen baglymyka diýýärin. Meniň pikirimçe, şäher ilatynda jana kast etmek duş gelse-de, obada bu birneme şäherden agdyklyk edýän bolup biler. Çünki oba ilaty depressiýa bilen suisidiň arabaglanşygyna gaty bir düşünip baranok.

Psihologlar dünýäde abraýly we köp girdeýji gazanýan adamlardyr. Ýöne bu hem biziň ýurdumyzda tersine işleýär. Psihologyň işi abraýsyz hünär hasaplanýar. Bizde psihologlar juda az, aýratynam işine ökde psihologlar. Munuň sebäpleriniň biride ýurtdaky uniwersitetleriň hiçisinde psihologiýa ugry okadylmaýanlygydyr. Käbir psihologlar bolsada adamlar oňa örän seýrek gidýärler (1 sagatlyk seansy 150-250 manat). Çünki olara adamlaryň ynamy ýok we gorky bar. Ýagny, "eger 3-nji bir tarapdan (garyndaşlar, häkimýet, maşgala agzalary) psihologlara basyş bolaýanda, olar bu basyşa müşderisiniň syryny goramak üçin nä derejede çydamlylyk görkezip, maglumatlary gizlin saklap biler?" – diýen sorag depressiýadaky adamy şübhelendirýär we psihologa gitmekden saklaýar.

Psihologa gidilmeýäniniň ýene bir sebäbi-de, adamlaryň pikiridir. Çünki depressiýadakylary köp adamlar "däli, ejiz, kellesi üýtgän ýa kemakyl" ýaly görýärler. "Psiholog däliler bilen işleýän" diýen düşünje-de bar. Adamlaryň pikiri we iliň gepi, şeýle hem, psihologlara bolan ynamsyzlyk sebäpli depressiýadaky adamlarymyz ruhy çökgünlikden özleri baş alyp çykmaly we özlerine özleri kömek etmeli bolýarlar.

Makalada beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Päkize Ýomudowa

  • 465 gezek okalan