Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TEMMÄKIDEN DOLY AZAT BOLMAK NÄHILI NETIJE BERIP BILER?
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda çilimiň (temmäki önümleriniň) gytalmagy bilen, onuň bahasynyň barha ýokarlanýandygyna syn edýäris. Çünki Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwrülmegi maksat edinýär. Pandemiýadan öň daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň ýakynlaryna, dost-ýarlaryna ýa-da kimdir birine satmak üçin öz ýanlary bilen rugsat berlen mukdarda çilim getirýändiklerine birnäçe gezek şaýat bolupdym. Sebäbi ýerli dükänlarda çilimiň bahasy örän gymmat. 2018-nji ýylda BSGG-nyň STEPS barlaglarynyň netijeleri boýunça ýurtda 18–69 ýaş aralygyndaky çilim çekýänler ilatyň 3,4%-ne deň bolan, bu bolsa 2013-nji ýyldaky görkezijiden (8,3%) 2,5 essä golaý pes.
Çilimsiz oňup bolarmy?
Şeýle seredäýmäge, çilimiň düýbünden ýok edilmegi gowy çärä meňzeýär. Ýagny ýurtda asla çilim bolmasa, täze ösüp gelýän nesil ony çekmezem. Emma jemgyýetimizde öňden çilim çekýänler näme etmeli?! Gynansakda olara birden çilimi taşlamak başartmaýar. Häzirki wagtda, ýokary girdejili adamlar çilimi (ştugy 10-15 manat) çekip bilse-de, pes girdejili ilat çilimiň deregine mahorka (ştugy 1 manat) we nas ulanýar.
Mahorka näme?
Mahorka (latynça: Nicotiana rustica) we temmäki (latynça: Nicotiana tabacum) ösümlikleriň bir maşgalasyna degişlidirler, şonuň üçin biologlardan we agrarlardan başga adamlaryň köpüsi bularyň arasynda tapawudyň ýokdugyna ynanýarlar. Aslynda welin, mahorka özüniň has ýiti ysy we düzümindäki köp mukdardaky nikotin bilen temmäkiden tapawutlanýar.
Temmäkiniň we mahorkanyň ikisi hem XVI asyrda Ýewropa yklymyna gelýär. Şol wagtlar Amerikanyň kolonizatorlary hem bularyň arasynda kän bir tapawut görmeýärler. Şeýlelike, uzak wagtlap makhorka, esasan hem garyplaryň arasynda temmäkiniň ornuny tutup gelýär.
Zyýanlary
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň belleýşinä görä, temmäkiden ýylda 8 milliondan gowrak adam ölýär. Çilim çekýänleriň sany 1.3 milliard adam bolup, olaryň 80%-i pes we orta girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylarydyr.
Mahorka çekmek, adaty çilim ýaly, adam bedeniniň ähli dokumalaryna we beden agzalaryna ýaramaz täsir edýär. Mahorka hyýanatçylykly ulanylsa, ilki bilen öýken, ýürek-damar kesellerine, uzak wagtlap ulanylsa rak keseline hem getirip bilýär. Çilim zawodlar tarapyndan süzgüç (filtr) goýlup azkem zyýansyzlandyrylýan bolsa, mahorkada beýle zat ýok. Emma Täze Zelandiýaly alymlaryň aýtmagyna görä, filtr diňe mahabat üçin ulanylýan gural bolup biler (sah 37). Eger filtr çilimiň zyýanyny azaldýan bolsa, mahorka çekýän adamlaryň saglygynyň uly depginde ýaramazlaşýan bolmagy mümkin.
Temmäkä bolan islegi azaltmak üçin has netijeli çäreler
Meniň pikirimçe, çilimi düýpden ýok etmän, aşakda görkezilen çäreler ýerine ýetirilse, has gowy netije berip biler. Bu teklipler BSGG tarapyndan hem hödürlenýär:
↪ Temmäkiniň howplary barada grafik, surat görnüşinde duýduryşlar ýaýratmak.
↪ Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly temmäkini taşlamagyň zerurlygyny öňe sürmek.
↪ Temmäki mahabatlaryny gadagan etmek.
↪ Temmäki salgytlaryny girizmek.
↪ Temmäki ulanýanlara taşlamak üçin kömek bermek (hünär kömegi we subut edilen farmakologik bejergiler).
Ýurtda temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, bu mesele babatda ilatyň düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlar sahypasynda görkezilen saglygy goraýyş edaralarynyň içinde çilimkeşlere kömek edýän bölümler we edaralar ýok.
Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.
Biz seni saglygyňa täsir edýän islendik tema boýunça synlaryňydyr pikirleriňi paýlaşmaga çagyrýarys. Biz her bir okyjynyň pikirleriniň bütin jemgyýet üçin gymmatlydygyna we meselelere çözgüt gözlemekde derwaýysdygyna ynanýarys.
Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow
- 1403 gezek okalan