Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GARRYLAR BILEN ÝAŞLARYŇ ARASYNDAKY SOWUKLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nesilara gatnasyklarJemgyýetimizde täze nesil bilen köne nesliň arasyndaky aradaşlyk barha ulalyp barýar. Gartaşanlar bilen köplenç öz deň-duşlary söhbet edýärler. Ýaşlaryň ýaşulular bilen dowamly aragatnaşygyna iş ýerlerinde bolaýmasa, başga ýagdaýlarda juda seýrek gözümiz düşýär. Meniň pikirimçe, munuň birnäçe sebäpleri bar:

Maşgala gurluşy

Jemgyýetimizde garrylarymyz köplenç körpe oglunyň maşgalasy bilen ýaşaýarlar. Her çagada öz garrap barýan ene-atasyna seretmeli diýen, däbe öwrülen jogapkärçilik bar. Bu gowy jogapkärçilik, emma köpleriň öz seretmeli garrylary bolansoň, daş-töwerekdäki başga tanyş-u-nätanyş garrylar bilen gürleşip, olara kömek etmegi pikir etmeýärlerem. Gartaşanlarymyz hem öz agtyklarydyr çagalary bilen gündelik gürleşip ýörensoňlar, beýleki ýaşlar bilen aragatnaşygyň çägini giňeltmeýärler.

Çaga terbiýesi

Türkmen maşgalasynda köplenç çagalykda ulularyň gepine goşulmazlyk, ululara gaýtargy bermezlik öwredilýär. Bu hem ýaşlarda ululary halasa-halamasa hökman diňlemeli, hatda olar ýalňyş bolsa-da "hawasyny" ýetirip, razylaşmaly diýen pikir döredýär. Beýle terbiýe çagany gartaşanlardan uzaklaşdyrýar.

Mundan başga-da, gyzlar köplenç dogan-garyndaşlaryndan başga erkekler bilen gürleşseler, hatda olar gartaşan erkekler bolsa-da, gaty bir halanylyp barylmaýar. Bu ýetginjeklerde umuman ähli ulular bilen, şol sanda garrylar bilenem gürleşmeli däl diýen düşünjäni oýaryp bilýär.

Bizde ene-atalar çagalaryna: "garranymyzda bize seredersiňiz" diýip aýdýarlar, ýöne "başga garryjalara hem ýardam etmeli ýa hal-ahwal soraşyp durmaly" diýlip öwredilmeýär.

Medeniýetimiziň säwlikleri

Umuman, ilatymyzda duýgudaşlyk bildirme we sosiallaşma medeniýetimiz pes. Sypaýyçylyksyz çemeleşme we agras jogap berme az-kem halkyň häsiýetine siňene meňzeýär. Bu SSSR döwründen galan miras bolarly. Hususan-da, dogan-garyndaşlardan başgalaryna kömek etmek, kyn gününde duýgudaşlyk bildirmek ýaly hereketleri halkymyzda juda az görýäris. Ine, bu hem nesilleriň aragatnaşygynyň peselmegine getiren faktorlardandyr.

Şeýle hem, nesilara gatnaşyklaryň gowşaklygyny ikitaraplaýyn seljermek gerek:

Ýaşlaryň gözi bilen seretsek:

↪ Häzirki wagtda, ýaşlar bilen garrylaryň gyzyklanmalary düýpgöter çapraz gelýär. Indi ýaşlaryň durmuşy ekeransyz we tehnologiýasyz geçmeýär. Garrylaryň ýaşka eden işleri we pişeleri - kitap okamak, el iş etmek, ekin ekmek ýaly zatlar bilen indi ýaşlaryň köpüsi meşgullanmaýarlar.

↪ Ýaşlaryň aglabasy gartaşanlary köneçil we şahsy durmuşyňa garyşagan (meselem: "ýaşyň bir çene ýetip barýar, deňiňden galman durmuş gursaň bolmazmy?"; "ýene bir çagajyk edinäýseň gowy bor, ulalanda bir-birine direg bolar-da") hasaplaýarlar.

↪ Käbir ýaşlar özleriniň gartaşanlar bilen gowy aragatnaşyk gurup bilmeýänliginiň sebäbini öz bilim-düşünjeleriniň garrylaryňkydan ýokarydygy we gürrüň edere zadyň ýokdugy (ýa azdygy) bilen düşündirýärler. Çünki, uly ýaşlylaryň köpüsi telefon, kompýuter, internet ulanyp bilmeýärler. Bu-da gartaşanlarda maglumat kemçiligini döredýär.

Gartaşanlaryň gözi bilen seretsek:

↪ Garrylar ýaşlary gaty eljiredilen, döwrebap ýaşamak üçin däp-dessurlary unudan, hiç zat üçin wagt tapmaýan başagaý adamlar hasap edýärler.

↪ Käbir gartaşanlar ýaşlary ulumsy saýýarlar. Käbirleri bolsa, öz ýagdaýlaryna we meselelerine ýaşlar düşünmez diýip pikir edýänligi üçin aragatnaşyga geçmeýärler.

Meniň pikirimçe, olar her näçe köneçil bolsalar-da, ýaşlara ýaramaýan zatlary diýseler-de, etseler-de gartaşan adamlarda öwrenere gymmatly durmuş tejribeleri köp. Pandemiýa döwründe çäklendirmeler zerarly olaryň özlerini has hem ýalňyz duýýan bolmaklary ahmal. Şonuň üçin, gartaşanlarymyzyň hal-ýagdaýyny sorap dursak we gerek-ýaragyny ýagdaýymyz boldugyndan ýetirip dursak gowulyk etdigimiz bolar. Olar bilen aramyzdaky daşlygy azaltmak üçin olaryň ýalňyzdygyna we fiziki taýdan gowşakdygyna düşünip, ýene birnäçe ýyldan özümiziň hem şolaryň ýerinde boljakdygymyzy unutmaly däldiris.

Awtor: Päkize Ýomudowa

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir we redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 239 gezek okalan