Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN: PAÝTAGTLYLARYŇ AGALYGY WELAÝATLYLARA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

tm paytagtlylarSoňky ýyllarda paýtagtlylaryň agalygy we welaýatly ildeşlerimiziň üzňeleşdirilmegi kem-kemden güýjeýär. Bu çagalardan başlap ululara çenli ýaramaz täsirini ýetirýär.

Tanyşlarymdan biri şeýle diýdi: "Bir gün çagalarymy çagalar meýdançasyna alyp gitdim. Oturan ýerimden birneme aňyrda 5-6 sany 10-11 ýaşly çaga üýşüpdir we bir çagany oýunlaryna goşanoklar we oňa ‘Sen welaýatdan gelen. Seň ejeň, kakaň Lebaply we Daşoguzly. Sen tatça gürleýäň, paýtgatly (mestnyý-rus.) däller garyp bolýar’ – diýip, gülüşdiler. Özüm hem welaýatdan bolamsoň, çagalardan bolsa-da muny eşitmek ýokuş degdi. Eger çagalar hem şeýle diýmäge başlan bolsalar, onda welaýatlylara garşy diskriminasiýanyň tüýs gerşe çykandygyna düşündim. Bu gaty lapykeç ediji ýagdaý".

Jemgyýetimizde welaýatlylaryň çetleşdirilmesi, diskriminasiýasy barada açyk aýdylmaýan hem bolsa, ýazylmadyk düzgünler hereket edýär.

Bu agalyk nädip döredi?

Aşgabadyň paýtagtdygy sebäpli iş orunlarynyň, okuw jaýlarynyň, uly edaralyň – ähli zadyň merkezi bu ýerde. Ýurduň beýleki sebitleriniň paýtagt bilen deň derejede ösmezligi welaýatlylary paýtagta iş we beýleki gowy mükinçilikler üçin köpçülikleýin göçmäge iterdi. Bu ýagdaý 2005-nji ýyldan soň has artdy. Soňabaka Aşgabatda hemişelik ýazga durmak (propiska) has kynlaşdy we ýapyldy. Welaýatlylara bolsa paýtagtda işlemek üçin rugsatnamalar alynmaly edildi. Şeýlelikde, paýtagtly bolmak "lýuks" bir zada öwrüldi. Paýtagtlylar artykmaç deňsizlik döredýän mümkinçiliklerden peýdalanyp başladylar. Meselem, paýtagtlylar maşynlary bilen ähli welaýatlara meselesiz baryp bilýärler, emma Ahaldan başga welaýatlylara paýtagta maşynly girmek rugsat edilmeýär.

Iş üpjünçiligindäki deňsizlik

Esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ilatyň köplügi we iş ýerleriniň gytlygy zerarly olar paýtagta gelmeli ýa-da daşary ýurtlara işlemäge gitmeli bolýarlar.

Aşgabatdaky hususy edara-kärhanalaryň 4 welaýata seredeniňde paýtagtlylary we ahallylary işe alma ähtimallygy ýokary. Çünki, beýleki dört welaýatdan işgär almak üçin aýratyn resminamalary doldurulmaly we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden rugsatnama almaly. Üstesine bulary her ýyl täzeläp durmaly. Bu bolsa iş beriji üçin artykmaç hysyrdy we çykdajy. Hökümet edaralarynda hem ahally we paýtagtly adamlaryň iş üpjünçiligi mydama ileri tutulýar.

Welaýatlylara garşy şeýle diskriminasiýanyň ýokarlanmagy-da paýtagtlylaryň baýlaşmagyna we welaýatlylaryň garyplaşmagyna getirdi.

Ýaşaýyş şertleriniň öwrelikli däldigi zerarly, ýurduň beýleki ýerlerine seredeniňde Lebabyň we Daşoguzyň ilaty daşary ýurda işlemäge köp gidýärler. Bu ýagdaý halkyň aňynda şol welaýatlaryň gyzlary "bozuk" diýen stereotipi ornaşdyrdy. Mysal üçin, daşary ýurtda işläp gelen lebaply/daşoguzly gyzlary türkmençilräk maşgalalar ogullaryna alyp bermeýärler. Ýa-da erkekler şol gyzlar barada köplenç "azgyn" diýip pikir edensoňlar, olara köp lak atýarlar ýa olar bilen "bir-iki günlük oýun edip bolar" diýip hasaplaýarlar.

Ylym-bilimdäki deňsizlik

Hatda ylym-bilim almakda hem paýtagtlylaryň we welaýatlylaryň deň bolmadyk hukuklary bar. Ýagny, welaýatlylaryň ýurtdaky ýokary okuwlara girme kwotasy hem paýtagtlylara seredende az. Welaýatlarda paýtagtdaky ýaly güýçli bilim berýän mekdepler ýok diýen ýaly. Paýtagtda welin, welaýatlylar çagalaryny gowy mekdeplerde okatmak isleseler-de, olary welaýatdan bolanlygy üçin mekdebe almaýarlar. Eger welaýatdan bolup Aşgabatda işleseň, düzgüne görä çagalaryňy diňe ýaşaýan ýeriňe iň golaý mekdepde okadyp bolýar. Şol mekdepde ýer bolmadyk ýagdaýynda, bilim müdirligi çagany paýtagtyň islendik ýerindäki mekdebine ýerleşdirip bilýär.

Ýagdaýyň ýene bir erbet ýeri, bu paýtagtly çagalaryň düşünjesine we häsiýetine täsirini ýetirip başlady. Paýtagtly çagalar indi özleriniň artykmaç hukuklarynyň barlygyny, welýatlylara görä gowy durmuşda ýaşaýandyklaryny, hil taýdan gowurak bilim alýandyklaryny bilensoňlar, "biz üstün" diýen düşünje olaryň ulumsylygyna we kemsidiji sözleri ulanmagyna ("tat," "gelmişek," "welaýatlylar wagşy (dikiý-rusça)") sebäp boldy.

Bu meseläni nädip çözüp bolar?

Danalardan biriniň aýdyşy ýaly: "Ömrüňde ýekeje adamy düzetmek ýeterlikdir. Ol hem özüňsiň". Meniň pikirimçe, her adam özüni terbiýelemeli we kellesinden deňsizlik düşünjesini aýyrmaly. Her birimiz diskriminasiýa/kemsitme/çetleşdirme ýaly zatlaryň erbetdigine akyl ýetirsek, dürli ýerlerden bolsagam, ählimiziň bir döwletiň raýatydygymyza düşünsek, tire-taýpa, millet saýlamazdan, birek-birege hormat, adamkärçilik bilen çemeleşsek, bu meseleleri azaldyp bileris.

Eger ýolda-yzda ýa köpçülikde kemsidilmä/çetleşdirilmä duşsaň, gazaba münmezden, mylakatly äheňde kemsidýän adama hemmämiziň deň hukugymyzyň barlygyny (Konstitusiýada 28-nji madda) ýatlatmak we welaýatlylaryň mümkinçilikleri we deňsizligi barada pikirlenip, olaryň ýerine özüni goýup görmegini soramak we düşündirmek ýerlikli bolarmyka diýýärin.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe şeýle deňsizligiň başga nähili sebäpleri we çözgütleri bolup biler?

  • 1321 gezek okalan