Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜÝN GÜRLEŞENIM BU GÜN ÝOK: GAÝWANA GATNAŞYKLARDA DUÝDANSYZ GAÝYP BOLMAK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ghosting namedirTürkmenistanda internet ösüp başlany bäri, ýaşlaryň arasynda sosial medianyň üsti bilen tanyşmak we gatnaşyk açmak has artdy.

1-2 ýyllykda joralarymyň biri üýtgeşik durmuş tejribesini gürrüň berdi: "Bir oglan bilen sosial mediýada tanyşdym. Bir aýa golaý ýazyşyp, jaňlaşanymyzdan soň iki gezek görüşdik. Duşuşanymyzda gowy gürleşdik, wagtymyz gowy geçdi. Çalaja söýgi gürrüňleri hem başlapdy. Soňra, günleriň birinde, ol duýdansyz ýitirim boldy. Ne jaň bardy ne sms. Özüm jaň etsem-de, ýazsam-da jogap berenokdy. Hamala, durmuşymda bolmadyk ýaly ýitip gitdi. Aklyma her hili pikirler geldi, emma tanyşanymyza diňe 2 aýa golaý wagt bolansoň, dostlaryny ýa onuň bilen habarlaşyp biljek hiç kimi bilemokdym. Şundan soň birnäçe wagtlap depressiýada gezdim".

Şeýle durmuş tejribelerini başga-da tanyşlarymdan/dostlarymdan eşitdim we bu barada öwrenmek isledim. Şeýle ýagdaý ylymda gosting (iňlisçe: ghosting) diýlip atlandyrylýar. Gosting – bu bir adamyň hiç hili düşündiriş bermezden, duýdansyz ähli gatnaşyklary kesip, ýitmegidir.

2018-nji ýylda, 1300 adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlaga görä, erkekleriň we aýallaryň 25%-i romantiki gatnaşyklarda gost edilendigini, 22%-i bolsa özleriniň başgalary gost edenligini boýun aldylar. Gosting edilmek adama ünji berip, gelejekki gatnaşyklara ynamsyzlyk döredip, özynamlylygyny peseldip we ruhy çökgünlige salyp biler.

Adamlaryň gosting etmeginiň esasy sebäpleri:

Gyzygyň gaçmagy: Eger adamyň gatnaşykda içi gysyp, gyzygy gaçyp ýa romantiki özüne çekijilik duýman başlasa, taýyny gosting edip biler.

Konfliktden gaça durmak/gorkmak: Käbirleri gatnaşyk kesilende ýüze çykyp biljek uruşdan gorkup ýa garşysyndakynyň reaksiýasyny, emosiýalaryny görmekden (aglamak, gynanmak) ýaýdanyp, gosting etmegi saýlap bilerler.

Jogapkärçiligiň azlygy: Gatnaşyga täze başlan adamlaryň käbiri köp tarapdan känbir jogapkärçilik duýmaýarlar. Şonuň üçin, eger olar islendik sebäbe görä gatnaşygy kesmek isleseler, hiç zat düşündirmesiz ýitirim bolmak olar üçin mesele bolmaýar.

Şahsy ideg: Eger-de täze gatnaşyk adamyň durmuş hiline negatiw täsir edýän bolsa, ol öz saglygy we abadançylygy üçin gosting etmegi çözgüt hökmünde saýlap biler.

Gosting edilmekden nädip baş alyp çykmaly?

Özüňi günäkärleme! Özüňi günäkärlemek gam-gussanyň uzak dowam etmegine sebäp bolup biler. Gosting edileniňden soň müýnlülik, utanç we ökünç ýaly duýgulary başdan geçirip bilersiň. Emma, subutnamasyz ýa sebäpsiz özüňi günäkärlemeli dälsiň. Çünki, hiç zat düşündirmezden ýitip gitmek seniň däl-de onuň adamkärçiliginiň pesligini aňladýar.

Ýakynlaryň bilen wagt geçir. Maşgalaň ýa dostlaryň ýaly, gowy görýän adamlaryňy daşyňa gurşamagyň we olaryň saňa berýän hormatyny, söýgüsini duýmagyň bolanlary ýatdan çykaryp, özüňi gowy duýmagyňa eltip biler.

Wagta çäk goý. "Eger ol meniň bilen pylança wagtlap habarlaşmasa, ony unutmaly we onuň bilen gatnaşyk gutardy" diýip, kesgitli şert goýup bilersiň. Meselem, 5-10 günde ýazan hatyňa jogap bermese, gatnaşygy bütinleý kesjekdigiňi aýdyp, hat ýazyp bilersiň. Elbetde, bu gatyrak çemeleşme ýaly görnüp biler, ýöne şeýle hereket seni garaşmak duýgusyndan halas edip, durmuşyňda öňe gitmegiňe, başgalara mümkinçilik bermegiňe ýol açar.

Ýagdaýy seljer. Seni gosting eden adamyň gatnaşyk üçin nä derjede tagalla edendigini we nä derjede dogrusyny aýdandygyny mazaly seljermek bilen, gatnaşygyň çyn ýa-da ýalan gatnaşyk bolandygyna düşünip bilersiň. Meselem, tanyşlygyň 1-2 hepdesinden soň "Men saňa öýlenmek/durmuşa çykmak isleýärin" ýaly sözler ýalana has ýakyn. Çünki, durmuş gurmak adamy gowy tanap, ýedi ölçäp bir kesilmeli karardyr.

Maslahat al. Özüňdäki ynjalyksyzlandyryjy duýgularyňa bäs gelmek üçin köpi-gören, logiki karar berip bilýän dostlaryň ýa ýakynlaryň maslahatyny alyp bilersiň.

Joramyň başdan geçirenine gaýdyp gelsek, oňa depressiýadan çykmak üçin uýasy goldaw beripdir. Uýasy oňa daşary çykmagy, ýakynlary bilen wagt geçirmegi we ünsüni sowmak üçin komediýalary görmegi, şeýle hem geljekde bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin özüni emosional taýdan kämilleşdirip, logiki pikirlenmek endigini ösdürmegi (muňa degişli kitap okamak, ruhlandyryjy wideolara seretmek) maslahat beripdir. Joram "Gowy oglanlar bilen bir hatarda erbetleriň hem bolup biljegini özüme ynandyrdym. Indi gatnaşyklaryma duýgularymdan öňürti logikam bilen çemeleşýärin" - diýdi.

Awtor: Päkize Ýomudowa

  • 967 gezek okalan