Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAGYŞ SUWUNYŇ DÖREDÝÄN KYNÇYLYKLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yagys suw kyncylyklaryAşgabatda güýçli ýagyş ýaganda köçeleriň käbirleriniň suwdan doluşyny her ýyl diýen ýaly görseň bolýar. Şäheriň pesräkde ýerleşýän bölegi, ýagny Görogly (1-nji maý), Tegeran, Magtymguly (swoboda) köçesini kesip geçýän kiçiräk köçeleriň, Parahat 7, 6-njy kiçi etrapça ýaşaýyş toplumlarynyň töwerekleriniň bu hadysadan has köp ejir çekýändigine özüm birnäçe gezek şaýat boldum. Awtomobil ulaglarynyň gatnaýan köçeleri suwdan dolup, ulaglaryň we pyýadalaryň hereketini örän kynlaşdyrýar; köçeleriň käbir ýerlerinde pyýadalara köçäni kesip geçmek hem mümkin bolmaýar. Şeýle hadysa bolan wagty jemyýetimiziň ejizräk toparlaryna, ýagny garry adamlara, maýyplara, çagalara şäherde özbaşdak hereket etmek asla başartmaýar. 2018-nji ýylyň maý aýynda güýçli ýagyş ýaganda, ýerasty geçelgeleriň (tunelleriň) käbirleri hem ulag boýuna barabar suwdan dolup galdy. Şol ýyl "Berkarar" söwda we dynç alyş merkeziniň aşaky bir gatyny hem suw aldy.

Türkmenistanyň klimaty aslynda beýle bir ýagyşly hem däl, emma näme üçin ýagyş seýrek ýagsa-da Aşgabadyň käbir köçeleri suwdan dolýarka diýen sorag ýüze çykýar. Bu meseläniň esasy sebäbi, ýagyş suw zeýkeş ulgamlarynyň (drenaž) geçirijilik ukybynyň pes bolmagy ýa-da ol ulgamlaryň asla bolmazlygydyr. Diýmek, şäher gurluşygy meýilleşdirilende köçeleriň ýagyş suw kanalizasiýa ulgamyna gereginden az üns berlipdir.

Beýik Britanýanyň paýtagty London şäherini mysal edip alsak, Türkmenistanyň islendik şäherine garanyňda ol şäherde ýagyş has köp ýagýar. Londonda ýaşan tanyşlarym bilen söhbetdeş bolanymda, olar hemişe Londonda ýagşyň ýygy-ýygydan ýagýandygyny, emma köçelerden suwuň derrew ýitip gidýändigini belläp geçýärler. Sebäbi ol şäheriň ýagyş suw drenaž ulgamlary şähere laýyk gurnalan.

Nämeler edilýär?

Türkmenportal çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, 2002-2016 ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň astynda uzynlygy 18 kilometre, diametri 6 metre we uzynlygy 13 kilometre, diametri 3 metre deň bolan ýerasty drenaž tunelleri gurlupdyr. Mundan başga-da, Ukrainanyň gurluşyk birleşigi "Interbudmontaž" şäheri ýagyş suwlarynyň joşmalaryndan goramak maksady bilen diametri 3 metre deň bolan kollektorlary gurmagyň taslamasyny taýynlady. Bu tunel dagyň eteginden gelýän ýagyş suwlaryny Garagum derýasyna ýa-da suw howdanlaryna guýar. Kollektorlaryň birnäçesiniň Görogly we Kemine köçeleriniň ugrunda ýerleşdirilip, Köşi tarapdan gelýän suwlaryň bu kollektorlara guýjakdygyny Türkmenportal belleýär. Aslynda-da Görogly we Kemine köçeleri ýagyş suw joşmasyndan has köp ejir çekýär.

Has netijeli çözgütler

Ýerasty tunelleriň we kollektorlaryň gurlany örän gowy habar. Ýöne, gynansakda, ýagyş suw joşmasy meselesi heniz Aşgabadyň hemme köçelerinde çözülmedi. Kollektorlar gurlup ulanyşa berilýänçä 10 ýyldan hem gowrak wagt gerek ekeni. Meniň bilen işleýän bir tejribeli mehanik inženeriniň tekliplerine görä:

↪ Köçeleriň bejeriş we abatlaýyş işleri geçirilende, ýagyş drenaž ulgamyny gurmak gowy netije berip biler.

↪ Ýagyş suwuny ekine (gazona) tarap akdyrmak hem bir çykalga bolup biler. Sebäbi ekinde suw biraz wagtyň dowamynda topraga siňip bilýär. Emma bu usul gaty bir netijeli bolman biler. Çünki suwy ekine tarap akdyrmak üçin, ekin köçeden pesräkde ýerleşmeli we meýdany ýeterlik bolmaly. Emma ýagyş suwy asfalt örtülen köçelerden akyp dursa, akymynyň dowamynda pes tarapa akyp, joşup biler.

↪ Häzirki wagtda ýurtda gurluşyk bilen meşgul bolýan hususy kärhanalar öňki göýberilen kemçiliklerden sapak alyp, täze gurluşyklarda ýagyş suw drenaž ulgamlaryna ýeterlik üns bermelidirler.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler. 

Biz seni saglygyňa täsir edýän islendik tema boýunça synlaryňydyr pikirleriňi paýlaşmaga çagyrýarys. Biz her bir okyjynyň pikirleriniň bütin jemgyýet üçin gymmatlydygyna we meselelere çözgüt gözlemekde derwaýysdygyna ynanýarys.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow

  • 833 gezek okalan