Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝURDUMYZDA MÜŞDERÄ BERILÝÄN HYZMATLARYŇ GOWŞAKLYGY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

musderi hyzmatlaryMeniň pikirimçe, Türkmenistanyň hyzmat ulgamynda ýyl-ýyldan az-kem ösüşleri görsegem, ýurtda müşderä hyzmat edilişiniň entegem pesligi ählimize mälim. Aslynda, müşderä hyzmat bermek hususylaşdyrmagy dolulygyna kabul eden we turizmyň ösen döwletlerde ýokary derejede bolýar. Bäsleşik köp bolanda telekeçiler öz harydyny ýerlemek üçin hyzmat berilişini we haryt hilini ýokarlandyrýar. Meniň synyma görä, bu babatda Türkmenistan dünýäden, hatda beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden (esasanam, Gazagystan we Gyrgyzstan) hem yza galýar. Bu ýurtlaryň Türkmenistana görä açyklygy zerarly müşderi hyzmatlary has gowylanýar.

Ýurdumyzda satyjylar köplenç müşderä üns berenoklar, sowuk-sala gürleşýärler, ýa-da haryt barada sorasaň jikme-jiklerini bilmeýärler. Bu aýratynam hökümet dükanlarynda, paý (паёк) paýlaýan ýerlerinde şeýle. Çünki, olar harytlaryň başga ýerde arzan däldigini, monopoliýadygyny bilýärler we satyjylardan müşderi bilen mylakatly gürleşmegi hiç kim talap etmeýär.

Şeýle-de, soňky ýyllarda halkymyzyň material/maddy gymmatlyklara wajyplyk bermegi artýan ýaly. Mundan dükanlaryň hyzmat berişi-de täsirlenipdir. Ýagny, satyjylar dükana gireniňde ilki bilen eşigiňe we ýüzüňe seredýärler. Eger gowuja geýinip, altyna beslenip we makiýaž edip özüňi baý ýaly görkezseň, dessine ýylgyryp näme gerekligini soraýarlar. Adaty geýinip barsaň welin, hamala sen ýok ýaly telefonyny oýnamagyny ýa gapdalyndaky bilen gürleşmegini dowam edýärler. Esasanam, gipermarketleriň brend harytlaryny satýan dükanlarynda şeýle "ulumsy" çemeleşmeler köp.

Hyzmat deňeşdirmäge artykmaç gowy hyzmatly dükanlar ýoklugy zerarly köp adamlar, hususan-da oba ýaşaýjylary satyjylaryň gödekligine çydaýarlar ýa üns bermezden gelmeli bolýarlar. Çünki, obalarda haryt almaga dükan az ýa-da uzakda ýerleşýär.

Şikaýat kitaplary käbir uly dükanlarda bolsa-da aglabasynda ýok. Emma, dükanlaryň eýelerine şikaýat edip bolýar. Ýöne, munuň hem satyjynyň hyzmat edişini nähili derejede ýokarlandyrjagy belli däl. Sebäbi dükan eýeleri köp halatlarda tanyşlaryny ýa garyndaşlaryny işe alýar.

Satyjylaryň nukdaýnazaryndan meselä seretsek, onda zähmet şertleriniň öwerlikli däldigi üçin olar hem nägileligini müşderilerden çykarýan bolarly.

Meniň pikirimçe, satyjylaryň alyjylara gowy hyzmat berme höwesini peseldýän esasy sebäpler:

↪ Iş sagatlary surnukduryjy we uzyn (10-11 sagat);

↪ Köplenç baýramçylyklarda satyjylara dynç berilenok;

↪ Baýramçylykda işlän günleriniň ýerine öwez dolujy dynç güni berilmeýär;

↪ Satyjylaryň aglabasy resmi taýdan, kontraktly, dowamly işe alynmaýar;

↪ Aýlyk az tölenýär (şäherde: 600-900 manat, obada: 300-600);

↪ Ýyllyk tölegli zähmet rugsady berilmeýär.

Satyjylaryň aglabasy bu işi diňe wagtlaýyn işleýänligi zerarly işine äwmezeklik edýärler. Mundan başga-da, satyjylar işe alynmazdan öň olara müşderä hyzmat etmegi we mylakatly gürleşmegi öwredýän ýörite okuw sapagy geçirilmeýär. Muny umuman halkda müşderä hyzmat etme düşünjesiniň pesligi we dükan eýeleriniň satyjylary köplenç haryt ýerleşdirmek, dükany arassalamak üçin işe alýanlygy bilen düşündirip bolar.

Elbetde, gowy zady hem bellemek gerek. Uly dükanlarynda (esasy mebel, elektronika satýanlar) hyzmat birneme ýokarlanýar. Has takygy, satyjylar haryt bilen bagly maglumat bermäge çalyşýarlar, ýylgyryp jogap berýärler. Ýöne, dükanyň "hyzmaty gowy" diýip kanagatlanýan ýeriňde-de käwagt satyjylaryň biri-biri bilen dawalaşyp duranyny eşidýärsiň. Şeýle zady eşitmek alyjyda ýakymsyz duýgy döredýär.

Päkize Ýomudowa

  • 620 gezek okalan