Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AKUŞERÇILIK-GINEKOLOGIÝADAKY ZULUM

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ak gin zulumHassahanalarda ginekolog ýa akuşer bilen görüşmäniň ýa-da çaga dogumynyň dowamynda pasiýente edilýän süteme, gödek daraşma akuşerçilik-ginekologiýadaky zulum diýilýär. Ynsan hukuklaryny bozýan bu görnüşli zorluk jemgyýetçilik saglygynda gaýragoýulmasyz meseledir.

Akuşerçilik-ginekologiýadaky zulum akuşerler we ginekologlar tarapyndan edilýän ýerliksiz we razylyk berilmedik hereketleri öz içine alýar. Mysallar:

↪ Pasiýente gödek daramak;

↪ Äsgermezlik etmek;

↪ Mertebesini peseltmek ýa kemsitmek;

↪ Wajyp maglumatlary bermezlik;

↪ Pasiýentiň çekýän agyrylaryna göz ýummak;

↪ Pasiýentiň üstüne gygyrmak;

↪ Ýakymsyz we gödek teswirleri aýtmak;

↪ Pasiýentiň razylygyny almazdan ony itmek, gysmak, urmak, waginasyny dilmek (dogumyň dowamynda) ýa-da kesarewo etmek.

BSGG-nyň habar bermegine görä, dünýäniň ähli künjegine aýallar saglyk öýlerinde we çaga dogrumynyň dowamynda zuluma, äsgermezlige we gödek daraşma sezewar bolýarlar. Emma zorlugyň bu görnüşi gözden salynýar we onuň gürrüňini etmek köp ýerlerde tabu saýylýar. Galyberse-de, aýallaryň ençemesi bu hereketleriň zorlukdygyna düşünmeýärler we muny adaty hadysa hökmünde kabul edýärler. 2019-njy ýylda BMG Aýallara garşy zorluga degişli ýyllyk çap edýän ýörite hasabatyny çaga dogumynyň dowamynda bolup geçýän zuluma bagyş etdi.

Akuşerçilik-ginekologiýadaky zulumy nädip azaltmaly?

BSGG hökümetleri, jemgyýetleri we lukmanlary akuşerçilik-ginekologiýadaky zulumy içgin öwrenmäge we oňa çäre görmäge çagyrýar:

↪ Akuşerçilik-ginekologiýadaky zulumy jenaýat hökmünde kabul edip, döwlet kanunyna girizmeli;

↪ Adamlaryň saýlaw azatlygyna hormat goýýan we olaryň razylygyny talap edýän kanunlary güýje girizmeli;

↪ Akuşerçilik-ginekologiýadaky zuluma gözegçilik etmek we netijeli çäreleri görmek üçin yzygiderli maglumat ýygnamaly;

↪ Zorluk hadysalary barada şikaýatlary ýygnaýan garaşsyz ulgam döretmeli;

↪ Saglyk işgärlerini pasiýentler bilen bitewi, sypaýyçylykly, duýgur, professional we BSGG-nyň gollanmalaryna laýyk gelýän usulda aragatnaşyk etmäge türgenleşdirmeli;

↪ Ilatyň akuşerler-ginekologlar tarapyndan baş goşulýan zulum barada bilimini ösdürmeli. Esasan hem, aýal-gyzlara öz hukuklary we olardan nähili peýdalanmalydygy hem-de olary nädip goramalydygy barada öwretmeli.

Gadyrly okyjy, bu mesele tabu hasaplansa-da, aramyzda gödek akuşere ýa ginekologa duşan tanyş aýal-gyzlarymyzyň, garyndaşlarymyzyň başdan geçirenlerini eşidenlerimiz bardyr. Seniň pikiriňçe, Türkmenistanda akuşerçilik-ginekologiýa zorlugy köp bolup geçýärmi? Onuň sebäpleri we mümkin bolan çäreleri barada näme aýdyp bilersiň?

  • 1183 gezek okalan