Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN HAT: HÄZIRKI SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ LUKMANÇYLYK KÖMEGI ILATY KANAGATLANDYRÝARMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

lukmancylyk komegi soragSSSR diýip atlandyrylan imperiýa dargandan soň, düzümine girýän hemme ýurtlar bilen bir hatarda biziň Türkmenistan döwletimiz hem özbaşdak döwlet boldy. Ýurdumyzyň başga ulgamlarynda degerli täzelikleriň girizilşi ýaly saglygy goraýyş ulgamynada täzelikler girizildi:

↪ Saglyk öýlerinde öňki bellenen meýdançalarda belli bir ýaşdaky ilata öz ugurlary boýunça hyzmat edýän, gerek bolsa, inçe hünärmenleriň maslahatyndan peýdalanýan terapewt, pediatr wezipeleri birikdirilip, döwletiň hasabyna maşgala meýdançasy döredilip, maşgala lukmançylyk gullugy girizildi.

↪ Beýleki lukmançylyk kömekleri: saglyk öýleriniň inçe hünärmenleriniň, döwletde ilata hyzmat edýän hemme hassahanalaryň, şypahanalaryň lukmançylyk kömegi tölegli hyzmata geçirildi.

↪ Lukmançylyk kömegine mätäç raýata ýardam berer ýaly lukmançylyk kömeginiň kesgitli göterimi tölemäge kömek berýän saglyk ätiýaçlandyş pasporty girizildi.

Her adamyň ilkinji lukmançylyk kömegi diýip, ýüzini direýän, saglyk edaralarymyzyň ilkinji basgançagy-saglyk öýleri-maşgala lukmanlary, maşgala şepagat uýalary. Olar başda kesgitli 500-e golaý adam sany bilen, häzir 1000 adamdan az bolmadyk bellenilip berilen meýdançada ýaşaýan ilatyna, ýagny täze bolan bäbejikden başlap, çagalaryň, ýerginjekleriň, çaga dogurmaga ukyply zenanlaryň, göwrelileriň, işlemäge ukyply ýaşaýjylarynyň, maýyplygy bolan çagalaryň we uly adamlaryň, gartaşan uly ýaşly adamlaryň, umuman meýdançasyndaky hemme ýaşaýjynyň saglygyna, bejeriş we keseliň öňüni alyş çäreleriniň geçirilşine jogapkär.

Öz hyzmat edýan meýdançasyndan başga-da düzülen tertip boýunça nobatçy bolup, günüň dowamynda Saglyk öýüniň çäginde ýaşaýan ilatdan "Tiz kömek" gullugyna düşen öýe çagyryşlara-da, haýsy pasyla garamazdan-gyş, ýaz, tomus bolsa-da, pyýada baryp, lukmançylyk kömegini berip gaýtmaly. Saglyk öýüniň çäginde ýerleşýän mekdeplerde keselleriň öňüni alyş sanjymlary, keselleýjiligiň önüni alyş barlaglary geçirmeli, ýüze çykarlan nowsanlyklary çözmeli. Ýylyň dowamynda üznüksiz döwlet derejesinde geçirilýän çärelere gyşarnyksyz gatnaşmaly.

Üznüksiz buýruklar, görkezmeler

Maşgala lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň iş-borçlary "Maşgala ýörelgesi boýunça ilata edýän Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak barada" at bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we dermen senagat ministrliginiň çykaran buýrugynda anyk, aýdyň görkezilen. Şol büýruk boýunçada işlenilýär.

Bu buýrukdan başga-da her ugurdan köp sanly büýruklar, görkezmeler bolup, ýokarky instansiýalaryň buýruklardaky, görkezmelerdäki meseleleriň ýerine ýetirilşine üznüksiz yzygiderli jogap soralýar, haýsyny ýerine ýetirjegiňi, haýsysyna ýetişjegiňi bileňok. Haýsy ugurdan ýokardan görkezme gelse, şonuň bir tarapy maşgala lukmanyna degişli. Şeýle bir ýazuw işler köpeldi, başyňy galdyrman gije-gündiziň dowamynda turman ýazsaň hem gutarar ýaly däl. Maşgala lukmanyň raýat, näsag bilen arkaýyn gepleşmäge wagty hem ýok, häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe üznüksiz ýazuwa beren wagtyňy adam, ýagny näsag bilen gepleşip, degerli peýdaly maslahatlar berilse peýdaly bolmazmy!? Belleýşimiz ýaly maşgala gullugynyň işi köpugurly, gaty jogapkärli.

bolýarda!

Ýokarda bellenilen meseleleri ýerine ýetirmäge bir adamyň kellesi ukyplymy? Köp üznüksiz üstüňe ýüklenilip oturlan meseleleri, talaplary beýniň ýady, ünsi kabul edip, jemläp, seljerip bilmezligi meseleleriň "aý bolýarda", "owarramçylyk" bilen çözülmegine ýa-da düýbünden ýerine ýetirilmezligine sebäp bolup, maşgala lukmanlaryny, şepagat uýalaryny biparhlyk derejesine ýetirdi. Olaryň hünermenlik derejesiniň peselmegine, bejeri işiniň hiliniň ýaramazlaşmagyna sebäp boldy. Maşgala lukmanlary näsagy "bejeriji" lukman däl-de, "ugrukdyryjy işgäre" uwrüldi. Olaryň öz hünärmenlik derejesini kämilleşdirmäge, ýokarlandyrmaga wagty hem ýok. Pajygaly çykan hemme meselelerde ýagny, näsagyň keseli, bejergisi, alynyp barylşy seljerilip, ýene-de hemme meselelerde maşgala lukmany günäkär bolup, "taýak", "käýinç" iýýän saglyk öýleriniň lukmanlary.

Maşgala lukmançylygk hyzmaty özüni ödedimi, ilat kanagatlanýarmy, maşgala lukmanlaryň ýagdaýlary nähili?

Jemgyýetiň hemme ulgamlarynda işleriň ýerine ýetirilişinde hil tarapy hökmandyr, ýöne adamyň saglygy meselesinde hili bolmasa, dürli ýagdaýdaky nowsanlyga, heläkçiligi getirjegi hemmä mälim.

Saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy gullygynyň girizilenden bäri bir adam ömri-27 ýyl geçdi. Geçen şu döwrüň içinde ilata berilýän maşgala lukmançylygk hyzmaty özüni ödedimi, ilat kanagatlanýarmy, maşgala lukmanlaryň ýagdaýlary nähili???... Saglygy goraýş ulgamynyň işiniň hiliniň netijesiniň görkezijileri bolan, ýurdumyzda ilatyň arasyndaky keselleýjilik, keselçilik, neslimiziň fundamenty jemleýän çaga dogurmaga ukyply zenanlaryň saglygy, geljegimiz bolan çagalaryň ösüşi, aýratyn ünsi talap edýän ýetginjek oglan, gyzlarymyzyň saglygy we uly ýaşly adamlaryň ýaşynyň ortaça dowamlylygy, maýyplyga çykmagy, ölümçiligi nähili ýagdaýda?... Bu meselelere jogapkär hünärmenler seslener diýip tama edýän!

Köp meseleleriň maşgala gullugyna ýüklenmegi ýetişmezlikden ýaňa çagalaryň kadaly ösmeginde gözegçiligiň, olaryň kesellemezligiň, uly adamlaryň keselçiligiň öňüni alyş, bejeriş we bolan dowamly keselleriň beterlleşip, gaýraüzülmelere getirmezliginde ýerine ýetirýän işleriniň hiliňiň peselmegine getirýär. Bularyň netijesi dowamly keseli näsaglaryň, zähmete ukyply ýaşdaky maýyp adamlaryň köpelmegine, ölümçiligiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Nähili sistema?

Häzirki Saglygy goraýyş ulgamy nähili sistemada, tertip-düzgünde işleýär? Öňki Sowet sistemasynyň ýa-da bazar ykdysady sistemasynyň düzgüni bilenmi? Düşüner ýaly däl. Döwletiň saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş, keselçigiň öňüni alyş çäreleriniň hemme çykdaýjylaryny özi üpjün edende-de, ilat bilen keseliň öňüni alyş barlaglaryny, ýüze çykarlan keselleriň, bejergi çärelerini geçirmek uly mesele bolup durdy. Häzir hem uly problemalygyna galýar. Maşgala lukmany, şepagat uýasy "geläýiňdä", "edäýiňdä" diýip, düşünmäýänine düşündirip, düşünjelisine-de ýalbaryp gapy-gapy aýlanyp, bagyşlaň, "gedaýlara" öwrüldi. Maşgala lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, saglyk işgäri hökmünde abyraýy gaçdy. Hiç bir jemgyýetde beýle saglygy goraýyş sistemaly düzgün ýokmyka diýýän!

Biziň halkymyzyň köpüsiniň saglygyna garaýşy ýabygorly. Olar her adamynyň saglygyny saklamak, berkitmek, keselçilikden goranmak meselesini durmuşda iň soňky orunda goýýarlar. Her birimiziň saglygymyzyň sähelçe göterimi lukmançylyk hyzmatyna baglydygyna düşünenoklar. Kesellemezlik üçin öňüni alyş çärelerini geçirenoklar. Näsaglap, ötüşdirip, dowamly kesel gazananyndan soň, saglygyna seretmäge başlaýar. Onda-da özine bagly ýerine ýetirmeli bejeriş maslahatlary ýerine ýetirmän, ýagdaýyny gowylaşdyrmagy, gutulmagy derman serişdelerinden gözleýärler. Çykdaýjylaryny tygşytlamak maksady bilen saglyk öýlerine ýüz tutman, hassahanalarda ýatyp, ýylda birnäçe gezek bejergi alýarlar. Hassahanalaryň lukmanlary hem bilmezlikdenmy ya-da düzgün şeýlemi, talap ýokmy bilemok, lukman hökminde işe garaýyşlaryndan göwnüň suw içenok. Hassahanalarda lukmanlaryň her gün işe başlanda aýlanyp, näsag bilen gepleşip, ýagdaýyny sorap, degerli maslahatlar berip, gepleşmesi, ýüzbe-ýüz ýokary derejeli hünärmenleriň maslahaty ýok. Lukmanlaryň mähirli ýüzi, näsaga beren degerli maslahatyň muň derman serişdesinden peýdalydygyi hemmä mälim. Näsaglaryň, ýagdaýlary boýunça derman serişdelerini almaga görkezme barmy, dermanlaryň bagra, böwrege getirjek zyýanly täsiri, olaryň biri-biri bilen oňuşman getirýän zyýanly täsiri göz öňünde tutulanok. Näsagyň ýatan 7-10 gününiň içinde bir "paket" derman serişdelerini belläp, bejerdim edip, näsaglaryň hem ýagdaýlary gowylyga tarap üýtgemänkä, hassahanadan çykarylýar.

Bejeriş işlerinde täzelikçi, sowatlylyk tarapyndan nusga bolmaly ylmy kliniki merkezli hassahanalarynda bejergi alan näsaglaryň çykyş hatyny okanyňda, anyklan kesel kesgitlemeleri, belleninen bejergi çäreleri hassahanyň lukmanlarynyň keselli näsagy däl-de barlanyp, netije çykaran "lukmançylyk enjamlaryny" bejerdilermikän diýen pikir gelýär. Hassahanada anyklanyp bejerlen esasy kliniki kesel kesgitlemesi diýen zat ýok. Anyklanan kliniki kesel kesgitlemelerinde esasy kesel kesgitlemesi, baglanşykly, ugurdaş, gaýraüzülmeler, funksional bozulmalar anyklanyp ýazylanok. Barlanylyp ýüze çykarlan lukmançylyk enjamlaryň netijeleri goýulup berilýär...

Bu ýagdaýlar lukmançylyk ýokary okuw jaýynda okadylyş usuly, ütgedimikä, talap şeýlemikä diýen pikir döredýär...

Garyplyk we tebipler

Geçen 27 ýylda jemgyýetimizde halkyň ýaşaýş durmuşynyň hiliniň peselip, ýagny baý, orta, garyp gatlaklara bölünýäni durmuşda mese-mälim duýulýar. Saglyk edaralarynda baran ýeriň hem hojalyk hasaplaşygynda. Bu ýagdaýda garyplar-maşgalada bir agzasynyň hem işlemeýäni, girdeýjileri gaty az bolup, ýaşaýyş durmuşy aýlandyrmasy kyn bolan maşgalalar, pensionerler näme etmeli? Olar lukmançylyk kömeginiň gymmatlygyndan kösenip, çykdaýjysyndan ýaýdanyp, öz-özlerini bejerýärler, ýa-da tebiplere ýüz tutýarlar. Tebipler hem funksional bozulmalara ýardam berse berer, organiki üýtgemelere haýry ýetenok. Şeýdip hem keseller otüşýär, gaýra uzulmelere getirýär, maýyplyk köpelýär, soňy hem hemmämize belli…

Meniň pikirimçe, saglygy goraýyş ulgamyna girizlen maşgala lukmançylygy gullugy özüni ödemedi! Belki! Saglygy saklaýyşyň ilkinji basganjagyndan başlap, ýokary instansiýa çykan, ilatyň yagdaýyna düşünýän alymlar, işine ezber bilermenler, hünärmenler, ýolbaşçylar pikirlenip, dünýäniň biziň jemgyýetimiziň ösüşi, ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen kybapdaş ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny öwrenip, halkyň hemme gatlaklaryna elýeterli edip, lukman nasagy gözlemän, raýat saglygyň wajyplygyna düşünip, lukmany gözleýän, saglygy garaýş ulgamynyň ilkinji başganjagy bolan, saglyk öýlerine, "Tiz kömek" gullugyna üýtgetmeler girizerler.

Ýokardaky bellenen meselelere meniň garaýşym. Siziň pikiriňiz nähili?!

Maşgala lukmany

Okyjylardan gelýän ýazgylar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär. Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler. Pikiriň, düşünjäň barmy? Paýlaş!

  • 919 gezek okalan