Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNYŇ RAGY: TÜRKMENISTANA DEGIŞLI SOŇKY SANLAR WE MASLAHATLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1

yatgynyn boyunjygynyn ragyÝatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almagyň amatly we subut edilen ýollary bar hem bolsa, olary heniz dünýäniň her bir ýurdy durmuşa geçirip bilmeýär. UNFPA tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabrynda taýýarlanylan "Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň öňüni alşyň, bejerişiň we palliatiw kömegiň geriminiň analizi" hasabatda GÝMA sebitindäki ýurtlarda we territoriýalarda ragyň bu görnüşine degişli maglumatlar we maslahatlar berilýär. Hasabat Türkmenistana degişli hem möhüm synlary we maslahatlary hödürleýär.

Ýurtda adamyň papillomawirusynyň (APW) waksinasy

APW waksinasy Türkmenistanyň Milli immunizasiýa maksatnamasyna girizilen we 9 ýaşly gyzlaryň 99%-ne berilýär.

Ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň skriningi (barlagy)

Türkmenistan häzirki wagtda 33-54 ýaşly aýallara her 5 ýyldan ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň skrininginiň sirke kislotasy bilen geçirilýän görnüşini (sitologiýa ýa-da Pap-çyrşak hem diýilýär) hödürleýär. Bu hyzmat diňe saglyk ätiýaçlandyrmasy bolan aýallar üçin mugt. 2017-nji ýylda ýurtda aýallaryň 70% bu barlagdan geçipdir. Şeýle-de bolsa, ýurtda skriningi pozitiw çykan aýallary goşmaça barlaglardan geçirmek ýa-da bejermek boýunça milli gollanmalardyr kliniki protokollar kemçilik edýär. Ilatyň we saglyk işgärleriniň kesel dogrusynda bilimini, garaýşyny we tejribelerini derňeýän ylmy gözlegler we habardarlygy artdyrmaga niýetlenen kampaniýalar geçirilmändir.

Ileri tutulmaly maslahatlar:

↪ Adamyň papillomawirusynyň başlangyç skriningini ýola goýmak.

↪ Ýatgynyň boýunjygynyň skrininginiň alnyp barlyş tertibini güýçlendirmek.

↪ Ýatgynyň boýunjygynyň skriningini geçirmek üçin milli gollanmalary we kliniki protokollary taýýarlamak we tassyklamak.

↪ Skrining geçirýän saglyk işgärleriniň bilimini we taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ylmy gözlegleri hem-de okuwlary gurnamak.

Ýurtdaky UNFPA edarasyna berilýän maslahatlar:

↪ Ýerli ekspertler we hökümet bilen işleşip, ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň skrininginiň ähli aýallara mugt üpjün edilmegini we skriningleri hasaba alyş mehanizminiň hem-de Sorag-Jogap programmasynyň ýola goýulmagyny gazanmak.

↪ Ýerli ekspertler we hökümet bilen işleşip, sitologiýa barlagynyň ornuny APW-DNK barlagy bilen çalyşmak (APW-DNK testi ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň görnüşleriniň aglabasyna sebäp bolýan Adamyň papillomawirusynyň ştamlaryny ýüze çykarýar).

↪ Ýerli ekspertler we hökümet bilen işleşip, ýatgynyň boýunjugynyň ragynyň skriningi pozitiw çykan aýallary goşmaça barlaglardan geçirmek üçin gollanmalary we kliniki protokollary taýýarlamak hem-de saglyk işgärlerine ýetirmek.

↪ Ilatyň we saglyk işgärleriniň kesel dogrusynda bilimini, garaýşyny we tejribelerini derňeýän ylmy gözlegleri geçirmek arkaly, barlagdan geçýän aýallaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini anyklamak.

↪ Ýokarky ylmy gözlegleriň netijelerine esaslanyp, ýerli ekspertler bilen hyzmatdaşlykda ilatyň bilimini we habardarlygyny artdyrýan kampaniýalary gurnamak.

Ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň bejergisi

Türkmenistanda saglyk ätiýaçlandyrmasy bolanlar üçin rak keseliniň bejergisi mugt. Ýurtda ýatgynyň boýunjygynyň ragyny bejermek üçin operasiýa, himioterapiýa we/ýa-da şöhle terapiýasyny üpjün edýän 5 sany onkologiýa merkezleri hereket edýär. Emma welin, onkologiýa hünärmenleri diňe ýurduň içinde okuw tejribe geçýärler we daşary ýurtlardaky institutlar bilen okuw tejribe alyş-çalşygyna gatnaşmaýarlar. Şeýle-de, ýurtda ýatgynyň boýunjygynyň ragyny bejermek üçin tassyklanan milli kliniki protokol kemçilik edýär.

Ileri tutulmaly maslahatlar:

↪ Ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini bejermek üçin milli kliniki protokollary syndan geçirmek we gerek ýerinde rejelemek.

↪ Ýatgynyň boýunjygynyň ragyny bejeriş hyzmatlaryny pugtalandyrmak üçin daşary ýurtlar bilen okuw tejribe alyş-çalyşlaryny gurnamak.

Ýurtdaky UNFPA edarasyna berilýän maslahatlar:

↪ Ýerli ekspertler we hökümet bilen işleşip, bar bolan kliniki protokollary sebitleýin modellere gabat geler ýaly syndan geçirmek we gerek bolsa rejelemek. Soňra ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň bejergisini geçirýän ähli hünärmenlere täze protokollar barada öwredýän okuwlaryny gurnamak.

↪ Ýerli ekspertler bilen işleşip, ýatgynyň boýunjygynyň ragynyň bejergisini geçirýän saglyk işgärleri üçin zerur bolan türgenleşikleri kesgitlemek we olary geçirmek üçin okuw tejribe alyş-çalyşlaryny gurnamak.

Palliatiw kömek

Türkmenistanda palliatiw (ýeňillik beriji) kömegiň bahasynyň 50%-ini syrkawyň özi töleýär. Ýurtda aýratyn palliatiw kömek ulgamy ýok we bu idegi köplenç syrkawa öýünde maşgalasy berýär. Häzirki wagtda ýurtda palliatiw kömegi üpjün edýän bölümler kemçilik edýär.

Ýurtdaky UNFPA edarasyna berilýän maslahatlar:

↪ Ýerli ekspertler bilen işleşip, palliatiw kömek berýän hyzmatlary güýçlendirmek üçin syýasy goldaw gazanmak.

↪ Ýerli ekspertler bilen işleşip, palliatiw kömegi üpjün edýän saglyk işgärleri üçin zerur bolan türgenleşikleri kesgitlemek we olary geçirmek üçin okuw tejribe alyş-çalyşlaryny gurnamak.

  • 538 gezek okalan