Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
JYNSY ZORLANMA SEZEWAR BOLAN ÇAGALARA NÄDIP KÖMEK BERMELI?
Biziň jemgyýetimizde çagalara edilýän jynsy zorluk hadysalary barada açyk gürrüň edilmeýär. Degişli statistiki maglumatlar hem elýeterli däl. Köplenç halatlarda, jynsy zorluga kiçi ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar duçar bolýarlar. Çünki olar durmuşy tejribesi az, ynanjaň, diýen ediji, ýagdaýa baha berip netije çykarmaga ukypsyz bolýarlar. Şol bir wagtda hem, olar duýgur we goragsyz bolup, zorlugy başdan geçirmek ruhy ýagdaýlaryna zarba urup biler.
Jynsy zorlanma sezewar bolan çagalara mahsus psihiki aýratynlyklar
Jynsy zorluga sezewar bolandan soň çagada ýüze çykyp bilýän ilkinji psihiki bozulmalar: ukusyzlyk, işdäniň kesilmegi, howsala düşmek, ünsüniň we ýagdaýynyň bozulmagy, gamgynlyk, özünden göwni geçmek, özüni alyp barşynyň üýtgäp durmagy. Şeýle-de onda gorky, özünden has ejizlere (meselem, haýwanlara) sebäpsiz gaharlanmak, köpçülige goşulmazlyk ýaly gaýraüzülmeleriň döremegi mümkindir.
Wagtyň geçmegi bilen çagada özüni goramaga synanyşma hereketleri syn edilýär: ýeke ýatmadan gaça durmak, sütem ediji bilen (eger bir öýde ýaşaýan bolsalar) bir ýerde galmadan gorkmak, anyklamasy kyn bolan beden agyrylaryň döremegi, gyzgynynyň ýokarlanmagy, gaýtarmak, berilýän sowgatlary almadan gorkmak.
Jynsy zorlugyň pidasy bolan çagalar köplenç öz deň-duşlary bilen ýakyn aragatnaşygy saklap bilmeýärler. Çünki döreýän utanma, özüni günäli duýma duýgulary olary adamlardan daşlaşmaga mejbur edýär. Olar başga adamlaryň hukuklaryny sylamagy hem başarmaýarlar we olarda özüňi alyp barmagyň kadalary barada düşünje ýoýlan bolýar. Köplenç alaçsyzlygy ýeňip, özüne bolan ynamy gazanmak synanyşygy agressiw hereketlere, başgalary jynsy gatnaşyklar geçirip ulanma görnüşine eýe bolýar.
Jynsy zorlugy başyndan geçiren çaganyň dogry ösmegi üçin öwezini dolujy faktorlar zerurdyr: özwagtynda fiziki we emosional kömek bermek; ýanynda oňa ynanýan we goldaýan adamlaryň bolmagy; oňa özüne bolan ynamyny we şahsy gymmatlygyny gaýtadan dikeltmäge kömek etmek.
Jynsy zorlanmany başyndan geçirenligi aýan bolan çaga nähili ýardam bermeli?
↪ Ilki bilen siziň özüňiz köşeşmeli we özüňizi ele almaly. Siziň rahatlygyňyz çaga üçin söýgetdir. Çaga öz gürrüňi, başyndan geçiren ýagdaýy bilen ene-atasyny, ýakynlaryny alada goýmakdan ýa-da olaryň käýinjine, igenjine duçar bolmakdan gorkýar. Edil şu sebäpden hem, şeýle ýagdaýlarda çagalar dymmagy saýlap alýarlar. Ulular bilen çaganyň arasynda söhbetdeşlik näçe asuda we düşünişmeli geçse, soňky dikeldilme çäreleri hem şonça netijeli bolar.
↪ Çaganyň hemme aýdýanlaryny diňläň. Baha bermeden, tankyt etmeden saklanyň. Oňa basyş etmäň, has hem ony jezalandyrma bilen gorkuzmaň.
↪ Bolup geçen ýaramaz ahwalaty kabul ediň we anyk düşündirmäge çalşyň: zorlan adama nädogry hereket edendigini aýdyň. Çaga özi bilen bolup geçen ahwalatlaryň sütem we jenaýatdygyny bilmelidir.
↪ Size ynanýandygy we bolan ýaramaz ahwalat barada gürrüň berendigi üçin çaga minnetdarlygyňyzy bildiriň. Dogruçyllygy we mertligi üçin buýsanýandygyňyzy aýdyň.
↪ Çaga bilen indiki etjek işleriňiz barada gürrüňdeş boluň. Ýetginjekden bolsa onuň özüniň näme isleýändigi barada (meselem, polisiýa ýüz tutmak) soraň. Ony goldap we bu ugurda geçirjek işleriňizi aýan edip, çaga öz durmuşyny gözegçilikde saklamaga kömek edersiňiz.
↪ Özüňiz belli bir karara gelmäge synanyşyň. Eger jynsy sütem geçiren adamy tanaýan bolsaňyz, sizde ony özbaşdak jezalandyrma islegi döräp biler. Ol ýagdaýda özüňiziň hem jenaýatkäre öwrülýändigiňizi unutmaň. Polisiýa ýüz tutan ýagdaýyňyzda çaganyň kazyýet-lukmançylyk barlaglaryndan geçip we polisiýa işgäriniň soraglaryna jogap berip, ýene geçen ýaramaz wakalary ýatlamasynyň ony tolgundyrjagyndan habarly bolmalysyňyz.
↪ Eger size we sütemi geçiren çagaňyza emosional ýagdaýyňyza erk etmek başartmaýan bolsa, psihologlara ýüz tutmadan çekinmäň. Şeýle hem, psiholog çaganyň başyndan geçiren süteminiň anyk, wajyp böleklerini açyp görkezmäge, onuň özüne bolan içki gapma-garşylygynyň derejesini anyklamaga uly kömek edip biler.
- 898 gezek okalan