Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN GELEN HAT: TÜRKMENISTANDA ÖÝSÜZ HAÝWANLARA NÄHILI ÇÄRE GÖRMELI?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm oysuz haywanlarHormatly redaksiýa,

Şäheriň dürli raýonlaryndan we Aşgabadyň gyralaryndan ýöräniňde ençeme öýsüz haýwanlary görmek bolýar. Pişikler hiç kimi üýtgeşik gorkuzmaýan ýa aladalandyrmaýan bolsalar-da, köpler köçe güjükleriniň sürüsine duşmakdan heder edýärler. Köplenç, adamlaryň güjüklerden ýaňa belli bir ýere ýa-da zibil gutularynyň ýanyna baryp bilmeýändiginden ýa-da köçede ýeke ýöräp bilmeýändiginden zeýrenýändiklerini eşitmek bolýar. Bu meselä çäre görmek üçin bolsa, jemagat hyzmatlaryna jaň edip, bu itleri tutdurmak we "zyýansyzlandyrtmak" teklip edilýär.

Gynansakda, ýurdumyzda haýwanlaryň öýsüz galmagy bilen göreşmek üçin ulgamlaýyn çözgütleriň we şertleriň ýokdugy sebäpli, meselä çäre hökmünde bu haýwanlar öldürilýärler. Öldürmeler käwagt iň bir rehimli usulda hem berjaý edilmeýär we ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň gözüniň alnynda geçirilýär. Bu bolsa medeniýetleşen jemgyýetiň kadalaryna düýpgöter gabat gelmeýär we adamlaryň psihikasyna ýaramaz täsir edýär.

Meniň özüm ýuka ýürek adam, şonuň üçin meniň hemmelere, haýwanlardan gorkýanlara we haýwanlaryň özlerine hem nebsim agyrýar. Men meseläniň iki tarapyna-da düşünýärin, emma başga ýurtlardan mysal alyp, bu meseläni hiç kime zyýan ýetirmän, haýwanlary hem köçede goýman çözüp boljagyna ynanýaryn.

Eger biz bu meseläni rehimli ýol bilen çözsek, şäheriň köçeleri arassa we howpsuz bolar, hiç kim it sürüsinden gorkmaly bolmaz, haýwanlardan kesel ýokuşma gorkusy bolmaz, sanitar-epidemiologik ýagdaýlar gowulaşar, öýsüz itler we pişikler zibil dörmelerini we töwereklerine ýokançlyklary ýaýratmaklaryny bes ederler.

Galyberse-de, haýwanlara merhemetli daraşmak çagalara jogapkärçiligi, empatiýany we jemgyýetimizde ýetmezçilik edýän ukyp bolan - özümizden ejizlere rehimli bolmagy öwredýär.

Meniň tekliplerim:

↪ Kanuny esaslary taýýarlamak: haýwanlara jogapkärçilikli daraşmak we düzgüni bozana jerime/jeza ýüklemek, hökmany çipleme, belli tohumlaryň köpeldilmegini/import edilmegini gadagan etmek, hökmany waksinasiýa we tohum däl haýwanlary tohumsyzlandyrmak/biçmek.

↪ Bilim: Öýsüz haýwanlar bilen iş salyşýan işgärler we haýwanlaryň eýeleri üçin. Adamlara öý haýwanlaryna nähili ideg etmelidigini we munuň nähili jogapkärçilikdigini, olaryň daşaryk erkin goýberilmeli däldigini, haýwanlary urmaly ýa-da daşlamaly däldigini düşündirmeli. Tohumsyzlandyrmagyň we biçmegiň haýwanlaryň ömrüni uzaldýandygy we itleriň gaharjaňlygyny aýyrýandygy aýdylmaly. Biz haýwanlaryň psihologiýasy barada bilimi öňe sürmeli.

↪ Haýwanlara jogapkär daraşmak boýunça kampaniýa geçirmek we olary gaçybatalgalardan almaga çagyrmak.

↪ Elýeterli weterinar hyzmatlary: Häzirki wagtda tohumsyzlandyrma we biçdirme örän gymmat, köp maşgalanyň oňa ýagdaýy ýetmeýär. Şonuň üçin haýwanlaryň sany gün-günden artýar. Olaryň köpüsi zibile zyňylyp goýberilýär ýa-da şäheriň daşyna äkidilýär. Hyrsyz güjük sürüleri hem şeýdip döreýär. Häzir şäherde ýekeje klinika bar, emma ol uzakda ýerleşýär. Eger hususy weterinarlara rugsat berilse we öz klinikalaryny ýöreder ýaly pul kömegi edilse, şäherde olaryň sany köpelerdi we bahalary arzanlardy. Bu ahlak we sanitar düzgünlerine garşy bolan öýde geçirilýän operasiýalaryň we bejergileriň hem bes edilmegine getirerdi.

↪ Haýwanlaryň rehimlilik bilen köçeden ýygnalmagy, olara ýerlikli ideg edilmegi, waksinasiýasy we tohumsyzlandyrylmagy, olara eýe gözlenilmegi ýa-da ömürleriniň galan böleginiň gaçybatalgada geçirilmegi üçin maliýe serişdeleriniň we strukturalaryň döredilmegi. Bu strukturalaryň esasynda meýletinçilere haýwanlary halas etmek boýunça sapaklar we jogapkärli haýwan eýelerine sapaklar hödürlenip bilner.

Ýurt şeýle programmany UNDP (BMG-nyň ösüş maksatnamasy) bilen bilelikde taýýarlap we ornaşdyryp biler. Çünki UNDP-niň bu ugurda tejribesi we bilimi bar. Biz öňki Sowet döwletleriniň içinde öýsüz haýwanlara heniz çäre tapyp bilmedik ýeketäk ýurt däl.

Beýle programma nädip dörediler, ilkinji dogry ädimler nädip ädiler, adamlar/bazar muny nähili garşylar? Men bu meseläni çözmäge maddy taýdan kömek etjek onlarça adamy tanaýandygymy anyk aýdyp biljek. Emma bu işler merkezleşdirilmeli, ulgamlaşdyrylmaly we aç-açan bolmaly.

Ýurtda heniz beýle programma bolmansoň, men itleri tutmaga, tohumsyzlandyrmaga/biçmäge, olara waksina we howandarlyk üpjün etmäge başlamagy dogry çärelere tarap ilkinji ädim hökmünde görýärin.

Awtor: Haýwanat bagynyň sakçysy

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Saglyk.org köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

  • 159 gezek okalan