Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYNYŇ PIKIRI: AÝALLARA BIREK-BIREGI BEÝGELTMEK NÄME ÜÇIN MÖHÜM?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ayallar bb beygeltmekÝakynda Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň (CEDAW) 87-nji mejlisi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň dürli ministrliklerinden 9 sany aýal wekiller gatnaşyp, ýurtda aýal-gyzlaryň ýagdaýlary barada çykyş etdiler we soraglara jogap berdiler. Olaryň biri "aýallaryň hukuklaryndan borçlary möhümdir" diýip gygyrsa, beýlekisi abortyň möhletini göwreliligiň 5-nji hepdesine çenli azaltmagyň milli aýratynlyklarymyza gabat gelýändigini belledi. Olaryň çykyşlaryny diňlänimde jemgyýetimizde aýallaryň kiçeldilmegine we hukuklarynyň bozulmagyna aýallaryň özleriniň nähili derejede goşant goşýandygy hakynda oýlandym. Olaryň bolşy maňa jemgyýetimizdäki adaty aýallaryň ençemesiniň bolşuny ýatlatdy.

Käbir maşgalada gelnini ýa gyzyny kötekleýän aýal bar bolsa, beýleki birinde goňşy aýal bilen oňuşmaýan aýallary az görmeýärin. Men birek-biregiň egninden galdyrýan aýallardan birek-biregi kemsidýän, günäkärleýän, sylamaýan, ýaman görýän aýallara has köp duşýaryn. Beýle hereketler gyzjagazlara hem kiçilikden birek birege rehimsiz daraşmagyň adaty zatdygyny öwredýär.

Emma, jemgyýetimizde aýal-gyzlar asyrlarboýy ýan-ýana durup zähmet çekip gelipdirlerem-ä. Bilelikde dokma dokamak diýjekmi, ekerançylyk etmek ýa-da biş-düş etmek, olaryň gol birikdirip başyna baran işi bol hasyl berýär. Eger şeýle bolsa, onda bize birek-biregi goldanymyzda nähili uly öňegidişliklere ýetjegimize düşünmäge wagt bolmadymy?

Aýal-gyzlar haçanda birek-birege arka durup, birek-biregi arşa galdyranlarynda olar tutuş jemgyýeti, geljekki nesillerini arşa galdyrýarlar. Beýleki aýallara ylham, kuwwat, goldaw berýän aýallar öz çagalaryna hem sagdyn görelde görkezýärler. Aýallaryň arasynda parahatçylyk, agzybirlik we jebislik bolanda il-gün hem parahat bolýar.

Aýal-gyzlar birek-biregi nädip ýokary götermeli?

1. Özüňden başla: Öz niýetleriňi, hereketleriňi we sözleriňi päkle. Goý, seniň bilen ýoly kesişen her bir aýal-gyz özüni bir basgançak beýgelen ýaly duýsun. Maksatlaryňy üstünlikli amala aşyrmaga synanyş – bu beýlekileri hem maksat tutunmaga we oňa ýetmäge höweslendirer.

2. Aýallara arka dur: Aýal-gyzlara edilýän adalatsyzlyklara göz ýumma, dymma, goşulma. Tersine, olaryň hukuklaryny, ýagny öz hukuklaryňy bil we olaryň dikeldilmegi ugrunda göreş. Onlaýn bolsun ýa oflaýn, aýala nähaklyk edilýänine şaýat bolsaň, hatda başga bir aýal tarapyndan hem, ýerlikli ýollar bilen oňa garşylyk görkez.

3. Öz gurşawyňy döret: Diňe saňa nusga bolup biljek güýçli, erjel, üstünlikli aýallar bilen däl, eýsem ýoluny ýaňy tapanlar we heniz ýoluny gözleýänler bilen hem ýakyn gatnaşyklar aç. Özüňden öňdäkilerden köp zat öwrenseň, deňiňdäkilere goldaw çeşmesi, yzyňdakylara bolsa görelde bolarsyň.

4. Kemçilikleriň bilen bile şöhle saç: Birkemsiz adam bolmaýar. Birkemsizlige ymtylmak hem peýdasyz. Käte ejizleýändigiňi, gowşak taraplaryň bardygyny aýan etmekden, gerek ýerinde kömek soramakdan we gelin-gyzlary kemçiliklerine garamazdan şöhle saçmaga höweslendirmekden çekinme.

5. Aýal-gyzlary goldaýanlary golda: Ähli gyz-gelinler bilen şahsy gatnaşyk gurup bolmaýar, emma olara başga ýollar bilen gol uzadyp bolýar. Meselem, görýän-eşidýän iş ýa okuw mümkinçilikleriňi aýal-gyz tanyşlaryň bilen paýlaşmak ýa-da aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýän guramalara/toparlara raýdaşlyk görkezmek.

Saýtyň okyjysy

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Saglyk.org köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

  • 155 gezek okalan