Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JEMGYÝET PIKIR EDÝÄR: ÇAGA ÖLÜMINI PESELTMEK ÜÇIN TEKLIP

  • Näbelli
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (21 Ses)

Soňky 75 ýylyň dowamynda Finlýandiýadaky ähli göwreli enelere döwlet tarapyndan içi zatly guty gowşurylýar. Gutyň ozä täze doglan bäbejige ýatmana ýer bolýar, içindäki çaga eşikleri, ýassyk we ýorgan daşlary, oýnawaçlary ene-atalara uly kömek bolýar. Maglumata gorä, şunuň ýaly sowgatly gutulary  sosial yagdaýyna garamazdan, garyp hem-de  baý maşgaladan bolan aýallaryň hemmesi alýarlar. Bu tejribe 1930-nji ýylda ýola goýlup, şeýle çäre hemme dogulýan çagalaryň durmuşa deň gadam basmagyna mümkinçilik döredýär. Enelere kömek iki görnüşde hödürlenilýär: eneler içi zatly gutyny saýlap bilýärler ýa-da onuň ýerine 140 Euro möçberinde pul kömegini hem alyp bilýärler. Yöne geljekki eneleriň 95%-i  gutyny almaga ymtylýarlar. Sebabi gutudaky zatlaryň gymmatlygy 140 Eurodan has ýokary bolup durýandyr.

Bilermenleriň aýtmagyna gorä, şeýle geçirilýän zerur çäreler Finlýandiýadaky çaga ölümininiň derejesini aşak düşürip, ony çaga ölümçiligi pes ýurtlaryň hataryna goşdy. Şeýle kömek 1938-nji ýyldan başlap diňe garyp maşgalalara hödürlenen bolsa, 1949-njy ýylda çykan täze kanuna görä bu kömek hemme göwreli enelere berlip başlandy. Ýöne bu kömegi almak uçin, göwreli eneler hökmany yagdaýda lukmanyň gözegçiligi astyna gowreliligiň möhleti dört aýa ýetmäkä barmalydyrlar. Bu özgerdişlik iki maksat bilen durmuşa geçirlen: bir tarapdan, gowreli enelere zat ýa-da pul kömegini bermek, beýleki tarapdan olaryň lukmanlaryň we şepagat uýalaryň gözegçiligi astyna özwagtynda alynmagyny gazanmak.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Finlýandiýa garyp ýurt bolup, onda her bir 1000 doglan çagadan 65 çaga ölyärdi. Ene-atalaryň bellemegine görä, şunuň ýaly kömegiň döwlet tarapyndan berilmegi onuň maşgala hakyndaky aladasynyň beýany bolup, her çaganyň deň hukukly şahsyýet höküminde seredilmegine mümkinçilik döredýändir.

Eýsem tebigy baýlyklara bay we ykdysady ösüşe ymtylýan Türkmenistan Finlýandiýada toplanan şeýle tejribeden nämeleri öwrenip bilerdi? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşyän "Save the Children" guramanyň ýyllyk hasabatynda (PDF - 4.4 MB), dünýäniň 176 ýurdunyň arasynda, dogulýan çagalaryň ölümçilige sezewar bolmak howpy boýunça Türkmenistan 99-njy orunda goýlupdyr. Hasabatda täze dünýä inýän her müň çagadan Orsýetde 2 çaganyň, Gazagystanda 5 çaganyň, Gyrgyzystanda 7 çaganyň, Türkmenistanda 8 çaganyň, Täjigistanda 9 çaganyň doglan güni ölýändigi aýdylýar.

Hemmämize mälim bolşy yaly, Türkmenistanda gowreli eneleri "hasaba almak" jogapkärçiligi ginekologlara (ayal-gyzlar lukmanlaryna) we maşgala lukmanlaryna ýuklenilýär. Göwreli eneleriň arasynda geçirilyän düşündüriş işleriň hili we netijeliligi pes bolup, olaryň aglaba bölegi lukmanyň gözegçiligine gijä galyp, göwreliligiň giçki möhletlerinde barýarlar. Hatda käbir ýagdaýlarda, köplenç oba ýerlerinde lukmanyň gözegçiliginden gaçyp, diňe dogurmana barýan aýallaryň bardygyny eşitmek bolýar. Ýöne göwreli enä bir zat bolsa, ol näsaglap çagany ýitirse, ýa-da çaga wagtyndan öň dogulsa, onda bu ýagdaýda diňe lukman käýinç alyp, degişli lukmançylyk edaralary tarapyndan "kowalanyp" başlanýar. Lukmana öz işini ýerine ýetirmäne bermän, ony gowreli aýallaryň yzyna düşüp, olary zor edip lukmanyň gözegçiligine durmana mejbur edilýär.

Lukmany jezalandyrýan, onuň mertebesini peseldýän, lukmançylyk işi bilen doly meşgullanmaga mümkinçilik bermeýän düzgünçilikleriň ýerine, göwreli enelere we lukmanlara kömek berjek, ynsanperwerlik özgerdişikleriň geçirilmegini teklip edesim gelýär. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan enelere, olaryň sosial ýagdaýlaryna garamazdan, göwrelilik wagty şeyle sowgatly gutyny gowşyrmak peýdaly bolarmyka diýip pikir edýärin. Yöne bu maddy kömegi almak üçin eneleriň oňünde bir şert anyk goýulmaly: göwreli ene hökmany ýagdaýda gowreliligiň üç aýyna ýetmäkä lukmanyň gözegçiligine barmalydyr. Netijede, göwreli eneler lukmana wagtynda ýuz tutarlar, öz saglygy barada wagtynda alada ederler. Göwrelileri tijendiriji bu çäräniň başga çäreler bilen geçirilmegi, alynjak netijeliligi has hem ýokarlandyrardy. Göwreli enäniň bilimini artdyrmak, onuň öz we çagasynyň saglygynyň ilki bilen özi üçin wajypdygynyň düşünilmegi, lukman-göwreli aýal bileleşiginiň özara ynamly, sylagly aragatnaşygyny gazanmak ýaly meseleleriň üstünde işlemek wajypmyka diýip oýlanýaryn.

Her ene şunyň ýaly gutyny alanda ol Türkmen hökümetiniň aladasyny anyk işlerden biljek. Eýsem, Saglyk öýüne gelip içi bäbek eşikden, oýunjaklardan, çaga kitaplardan, bäbejigiň idegi üçin gerek boljak gigiýena serişdelerinden ybarat sowgat gutusyny alan her Türkmen aýaly, geljekki ene öz ýaşaýan jemgyýeti barada, Turkmen hökümeti barada näme pikirde bolarka?

Türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşyna synçy.

 

P.S. Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

  • 4047 gezek okalan

Teswirler (9)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Güljahan

Örän yerlikli Makala. Hatda bilimsiz ayallar hem şol beriljek sowgata howeslenip wagtynda ucoda durarlar diyip pikir edyan. Eger sure zatlar yola goyulsa.

 
  1. Mirew

Göwreli aýallara we dogulan çagalara bolan aladalar her bir ýurduň lukmançylyk hyzmatlarynyň esaslarynyň biri bolup durýar. Käbi döwletlerde ykdysaty ýagdaýlarynyň erbet däldigine garamazdan çaga ölümi oňuşarlykly bolmaýan ýagdaýynda dowam edýär....

Göwreli aýallara we dogulan çagalara bolan aladalar her bir ýurduň lukmançylyk hyzmatlarynyň esaslarynyň biri bolup durýar. Käbi döwletlerde ykdysaty ýagdaýlarynyň erbet däldigine garamazdan çaga ölümi oňuşarlykly bolmaýan ýagdaýynda dowam edýär. Sebäbi nämekä?

Dowamy
 
  1. Ogulsenem.

Makalany okap onuň bizde saglyk öýlerinde işleýän maşgala we aýal lukmanlarynyň ýüzbe ýüz bolýan ahwalatlaryny ýatladym. Aýratyn hem dogan çaganyň ölen ýagdaýynda olaryň başyna düşýän musallatlaryny ýatlamak hem örän ýakymsyz.Ol ýagdaýda ol...

Makalany okap onuň bizde saglyk öýlerinde işleýän maşgala we aýal lukmanlarynyň ýüzbe ýüz bolýan ahwalatlaryny ýatladym. Aýratyn hem dogan çaganyň ölen ýagdaýynda olaryň başyna düşýän musallatlaryny ýatlamak hem örän ýakymsyz.Ol ýagdaýda ol lukmanlara jenaýatkärler ýaly seredýärler.

Dowamy
 
  1. Gul.

Lukmançylyk gözegçiligini inkär etmek bolmaz weli, esasy göwreliniň gerekli düşünjesi bolmagy bilen wagtynda lukmanlara ýüz tutmagy, öz iýmitine üns bermeg, agyr zähmet bilen meşgullanmazlygy, degna ulgamynyň rahatlygy örän möhüm bolup durýar.

 
  1. Şepagat uýasy.

Aýallaryň göwrelilik döwründe özüne we dogan çagasyna bolan aladasyny oňatlaşdyrmak üçin Finlýandiýa döwletiniň ynsanperwerlik kömegi ýaly durmuşy kömek bizde hem oňat netijesini bererdi. Sebäbi ol kömek enäniň özüne we çagasyna bolan yhlasyny...

Aýallaryň göwrelilik döwründe özüne we dogan çagasyna bolan aladasyny oňatlaşdyrmak üçin Finlýandiýa döwletiniň ynsanperwerlik kömegi ýaly durmuşy kömek bizde hem oňat netijesini bererdi. Sebäbi ol kömek enäniň özüne we çagasyna bolan yhlasyny artdyrardy.

Dowamy
 
  1. Nagym

Çaga ölümine adaty ýagdaý ýaly seredýän jemgyýetde çagalaryň ölümi azalar öýdemok.

 
  1. Sarman

Türkmenlerde aýdylýan bir söz: "çagany Allajan bersede synasy sagat bersin" örän degerli aýdylan. Nebsimiz agyrsada dogulan çagalaryň içinde birnäçeleri bejerip bolmaýan keseller bilen dogulyp, näçe jan edilip bejerilse hem ölýärler. Olaryň...

Türkmenlerde aýdylýan bir söz: "çagany Allajan bersede synasy sagat bersin" örän degerli aýdylan. Nebsimiz agyrsada dogulan çagalaryň içinde birnäçeleri bejerip bolmaýan keseller bilen dogulyp, näçe jan edilip bejerilse hem ölýärler. Olaryň sanyny azaltmak üçin owaly bilen geljekdäki eneleriň saglygy hakynda gowy ýokary lukmançylyk gözegçiligini üpjün etmeli.

Dowamy
 
  1. Magtymguly

Oran gyzykly we gowy makala. Makaladaky edilen teklipler bolsa ondanam beter.<br />Nesip bolsa shol gunlere yeteris, yagny yakyn gunlerde, cunki yurt dolandyryjymyzyn ozi lukman, dushunyandir, we hokman goldar.

 
  1. Annamyrat

Jüpüne düşen teklip.<br />Awtor bilen ylalaşýan.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location