Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PEÝDALY TEJRIBELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (24 Ses)

"Men bilimi diňe bir öz tejribämden alman, başgalaryň tejribesinden hem alýaryn" diýip Lýudwig Vitgenşteýn belläpdir. Elbetde, saýtymyz üçin wajyp bolan, saglyk, sagdyn ýaşaýyş, ekologiýa we ekologik saglyga degişli meseleleriň çözgüdini daşary ýurtly we bize ýakyn ýerleşýän ýurtlardaky döwürdeşlerimiziň öz ýaşaýan sebitlerinde çözüşleri, alyp barýan işleri, toplan tejribeleri barada bilme biz üçin hem peýdaly bolardy. Biziň şu günki söhbetdeşimiz, Gyrgyzstandaky ÝUNISON (www.unison.kg) jemgyýetçilik fondunyň, Klimatyň üýtgemegi boýunça döredilen Meýilnamanyň koordinatory Nurgül Esenamanowa habarçymyzyň soraglaryna jogap berdi.

1. Siz öz gaznaňyzyň esasy işi barada gysgaça gürrüň edip berseňiz?

ÝUNISON – bu 2002-nji ýylda esaslandyrylan garaşsyz, täjirçilige, hökümete degişli bolmadyk gurama. ÝUNISON-yň işi ilki bilen energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini öňe sürmäge, energiýany saklap goraýan tehnologiýalary ulanmaga we binalary täzeden dikeltmäge, eko-syýahaty kämilleşdirmäge we öňe sürmäge, daşky gurşawa degişli meseleleri öwrenmäge we maglumat beriş amaly okuwlary hem-de Gyrgyzstanda energetika we daşky gurşaw boýunça konferensiýalary geçirmäge gönükdirilen energetiki we tebigaty goraýyş taslamalaryň esasynda Gyrgyzstanyň durnukly ösüşine bagyşlanýar.

2. Ýaşlar bilen nähili işleri geçirýärsiňiz? Ýaşlary işe çekmek üçin Siz üstünlik getirýän haýsy usullary ulanýarsyňyz?

ÝUNISON işjeň ýaşlar guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Biz bilelikde dürli-dürli aksiýalary: ýowarlary, fleşmoblary, welosiped ýörişlerini, türgenleşikleri we ş.m. çäreleri geçirýäris.

3. Ekologik meseleleri çözmekde ýaşlaryň tutýan orny nähili? Olar anyk näme edip bilerler?

Biziň ýurdumyzyň ekologik meseleleri bilen meşgullanýan ýaşlary klimatda bolup geçýän özgerişliklere özleriniň parhsyz garamaýandyklaryny görkezýär. Şunuň ýaly guramalaryň günsaýyn köpelýändigi begendirýär. Ýaşlar bilen bilelikde geçirilýän çäreler žurnalistlerde gyzyklanma döredýär. Ýaşlaryň iş başlangyçlary başga ýaşlara we ösüp gelýän nesle görelde almak üçin mysal bolup hyzmat edýär. Ýokary okuw jaýlarynyň köpüsinde maglumaty bermek, jemgyýetiň we ýurduň ekologik meselelerini äşgär etmek hem-de häkimiýet wekilleriniň pikirine ünsi çekmekde täze çemeleşmeleri ulanýan ekologik klublar döredildi. Häli-şindi galdyrylýan meselelere zibil, energiýany tygşytlamak, klimatyň üýtgemegi we ulag meseleleri degişlidir. Ondan başga-da, olar ekologiýa, klimatyň üýtgemegi we tebigy baýlyklara aýawly garamak meseleleri boýunça sebitdäki oba ýaşlary üçin türgenleşik gurama taslamalary durmuşa geçirýärler.

4. Häzirki wagtda gyrgyz ýaşlarynyň işjeňligine nähili baha berip bilersiňiz? Işjeň ýaşlar näçe göterimi düzýär?

Resmi maglumatlara görä, Gyrgyzstanyň ýaşlary ýurduň umumy ilatynyň 31%-ni tutýar. Olaryň köpüsi gazanç etmek üçin daşary ýurda gidýärler ýa-da öz hemişeki ýaşaýan ýerini çalyşmak isleýärler. Emma ýaşlaryň içinde daşary ýurtda bilim alyp, Gyrgyzstany ösdürmek üçin gaýdyp gelýänleri bar. Ýaşlar telekeçiligi ösdürmek meselelerini bilelikde çözüp başlaýarlar, ýagny olar "ýönekeý, ýaşyl" (daşky gurşawda az yz goýan, täsir edýän) telekeçiligi öňe sürýärler. Meselem, käbir ýaşlar makulaturany (köne kagyzlar) gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar. Olar ony edaralardan ýygnaýarlar we töleg höküminde ýerine kanselýariýa harytlaryny hödürleýärler.

Ýene başga bir mysal, ýaňy-ýakynda Gyrgyzstanda hökümete degişli bolmadyk "Ekobaştyk" (Eko-torba) atly festiwal geçirilip, onda biziň ÝUNISON guramamyz hyzmatdaş höküminde çykyş etdi. Festiwal Gyrgyzstanda plastikden ýasalan paketler meselesine bagyşlanandy. Festiwalyň çäginde eko-torbalary işläp taýýarlamak üçin ençeme bäsleşikler geçirildi, wideorolikler we taslama teklipleri işläp taýýarlanyldy. Ýaşlar tarapyndan adaty bolmadyk teklipler we plastikden ýasalan gaplaryň hem-de başga-da zibiliň dürli görnüşlerini ulanmakda gadagan edilmek meselesini çözmek boýunça teklipler hödürlendi. Şeýle hem festiwalyň gidişinde, ýaşlar ekologiýa aýawly garamak düşünjesini üýtgetmäge ýardam berýän birnaçe teklipleri öňe sürdüler.

Şeýle-de, soňky döwürde ýaş ykdysadyýetiň durnukly ösüş mehanizmini ýaýbaňlandyrmak maksadyny göz öňünde tutýan telekeçi-kärhana bölegi hem ösüp başlady. Mysal üçin, "awto-eneke" ýa-da "Taksi-poputka" ýaly hyzmat edişligi guramak, awtoulag ulgamynda çykýan gazlary azaltmak ýa-da organiki (zyýanly himiki maddasyz) ýer bejerişi öňe sürmek.

5. Gyrgyzstan ýaşlarynyň nirede anyk netijeleri gazanandyklary barada mysal (ýa-da mysallar) getirip bilersiňizmi? Olar haýsy meseleleri we nähili usulda çözdüler?

Gynansak-da, ýaşlaryň işjeňligine garamazdan haýsy-da bolsa bir anyk netijäni mysal edip getirip bolanok. Birinjiden, ekologiýa meseleleri döwletiň ileri tutýan meselelerine girmeýär, sebäbi wajyp meselelere durmuş-ykdysady meseleleri çözmek girýär. Ikinjiden bolsa, döwlet edaralarynyň arasynda ösen korrupsiýa plastikden ýasalan gaplary ulanmaklykda gadaganlyk girizmege böwet bolup durýar.

Emma ýokarda sanalanlara garamazdan, ýaşlaryň haýsy-da bolsa bir toparlaryň, edaralaryň çäginde ýa-da ýekebara daşky gurşawy goramak babatynda pozitiw işleri edýändigini görüp, entek hemme üstünlikler öňde diýip hasap edýäris we ahyrky ýeke-täk maksada geljekdigimize ynanýarys.

6. Öz taslamalaryňyzda siz Gyrgyzstan halkynyň, bütin jemgyýetiň derejesinde we şeýle hem ýekebara derejesinde belli bir ugurlar, belli bir meselelere bolan endikleri, aň-düşünjeleri, garaýyşlary üýtgetmäge çalyşýarsyňyz. Meselem, elektrik energiýasynda we umuman tebigy serişdelere aýawly garamaklygy öwretmek. Öz işiňizde täze aň-düşünjeleri ornaşdyrmak üçin haýsy modeli ulanýarsyňyz?

Hawa, biziň işimiz kanunçylygyň we infragurluşlaryň bar bolan mehanizmlerini ulanyp, ilatyň ukyplaryny we mümkinçiliklerini, hukuk bilimi artdyrmak arkaly öz durmuş derejäňi ýokarlandyrmaga, ulanyş mentalitetini (zibil, energiýa) üýtgetmeklige, medeniýeti kemala getirmeklige gönükdirilen.

Biz ilatyň arasynda maglumat-düşündiriş işlerini giňden geçirýäris. Energiýany aýawly saklamak taslamalary durmuşa ornaşdyran progressiw adamlaryň üsti bilen, biz köpçüligi energiýany aýawly saklamaklygyň bar bolan usullary bilen tanyşdyrýarys. Dürli ugurly we dürli maksatly maglumat beriş çaplary ulanýarys – meselem, mekdepler üçin – ündew suratlary, işewürler üçin –kitapçalar, çözgüt kabul edýän şahslar üçin – seljermeler we teklipnamalar.

Biz meseläni çözmäge gatnaşýan taraplar bilen deňhukukly gepleşigi gurýarys we kabul edilen çözgütler hem-de özüňi alyp barmada jogapkärçilik we hususyýetçilik duýgusyny öňe sürýäris. Biz biriniň hasabyna ýaşamaklygy goldamaýarys, biziň bar işimiz tankydy pikirlenmä hem-de raýatlaryň we taraplaryň özleriniň öz hususy mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen.

Şeýle hem, biz meseleleriň köpüsiniň çözülmeginiň gös-göni gatnaşyjysy hökmünde telekeçilik-birleşigine üns berýäris. Harytlaryň hem-de hyzmatlaryň bazaryny guramak we giňeltmek boýunça işi hem biziň işimizde öz degişli ornuny eýeleýär. Meselem, WIE (Energiýanyň täzelenýän çeşmeleri) boýunça örän ýörgünli – ilat üçin maglumat böleginden başga, ony hil önümi we şol gurluşlara hyzmat etmek üçin hyzmat ediş merkezleri bilen üpjün etmek.

7. Döwlet edaralary bilen gatnaşygyňyz nähili ýola goýulýar? Üstünlikli hyzmatdaşlygyňyzyň mysallaryny getirip bilersiňizmi?

Gyrgyzstanda döwlet we döwlete degişli däl sektorlaryň arasyndaky özara gatnaşyk pudak ministrlikleriniň ýanyndaky Jemgyýetçilik gözegçilik sowetini (JGS) we geçiş döwrüniň Prezidenti R. I. Otunbaýewa tarapyndan raýat jemgyýetiniň işjeňligine we syýasy çözgütleri kabul etmekde jemgyýetçilik gyzyklanmalaryň zerurlygyna jogap hökmünde ýangyç-energetika toplumynda Aýdyňlyk inisiatiwasyny ulanmak bilen 2010-njy ýylyň aprelinde konstruktiw esasda gurlan. "ÝUNISON" häzirki wagtda iki JGS-ne – Energetika ministrliginiň we Daşky gurşawy goramak boýunça döwlet agentliginiň düzümine girýär. 2010-njy ýylyň noýabr aýynda ÝUNISON Gyrgyz respublikasynyň Energetika ministrliginiň ýanyndaky Ýangyç-energetika toplumynda Aýdyňlyk inisiatiwasy boýunça Gözegçilik Sowetiniň wekilligine gecmek üçin iki tapgyrly saýlanyp seçilme bäsleşigi geçdi. ÝUNISON-yň baştutany, direktor Nurzat Abdyrasulowa umumy ýygnakda jemgyýetçilik tarapyndan (2010-njy ýylyň dekabrynda we 2012-nji ýylyň noýabrynda) Gözegçilik Sowetiniň başlygynyň orunbasary höküminde saýlandy. Bu bolsa biziň guramamyzyň raýat jemgyýetiniň başga guramalary we döwlet edaralary tarapyndan hormatlanýandygyny we ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Mundan başga-da, biz dürli döwlet edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Ençeme gezek bilelikdäki tegelek stollary, syýasy gepleşikleri, konferensiýalary geçirdik.

ÝUNISON-yň kanun çykarýan we hökümet edaralary bilen hyzmatgaşlyk etmek üstünlikleri hökmünde Gyrgyzstanyň "Binalaryň energetiki netijeliligi barada" diýen kanunynyň kabul edilmegini belläp bolar. ÝUNISON-yň topary onuň işläp taýýarlanmagyna we öňe sürülmegine gönüden-göni gatnaşdy. Kanunyň taslamasy Gyrgyz respublikasynyň Binagärlik we gurluşyk döwlet agentligi bilen bilelikde Ýewropanyň binalaryň energetiki netijeliligi boýunça direktiwalaryň esaslarynda Ýewropa Birleşiginiň (Slowakiýa, Daniýa) öňdebaryjy barlag institutlarynyň hem-de ýerli bilermenleriň bilelikde gatnaşmagynda işläp taýýarlandy.

Biz Size wagtyňyzy sarp edip, gürrüňdeşlige gatnaşanlygyňyz üçin öz minnetdarlygymyzy bildirýäris! Köp sag boluň!

  • 5219 gezek okalan