Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (17 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Iýmitlenme, uka gitme, hereketlenmek ýaly fiziologiki talaplar adamyň ýaşaýşynyň esasy düzüjileri bolup, onuň saglygy we işjeňligi şol talaplaryň ýerine ýetirilişine bagly bolup durýandyr. Ýeterlik ukynyň alynmagy we hereketlenmek adamynyň öz islegine bagly bolsa-da, peýdaly we kadaly iýmitlenme köp sebäplere bagly ahyryn.

Akyldar Sokrat diýmişleýin, "Biz iýmek üçin ýaşamzokda, ýaşamak üçin iýýäris". Dogry iýmitlenme bedenimizi peýdaly we zerur önümler bilen üpjün edip, kuwwatlylyk berýär, emosional taýdan lezzetliligi duýmaga kömek edýär. Ýöne "dogry iýmitlenme" düşünjesine biz hemişe eýerýärismi?

Bu günki gün iýmitimizde uglewodlaryň we ýaglaryň agdyklyk edip, iri süýümli önümleriň azalmagy, ýagly we gowurlan, kakadylan iýmit önümlerine islegiň bildirilmegi, howul-hara, kadasyz we ýaramaz iýmitlenme, genetiki taýdan özgerdilen önümleriň saçagymyza aralaşmagy biziň saglygymyza abanýan howp bolup durýandyr. Beden agramynyň artykmaçlygyndan azap çekýän adamlaryň köpelmegi, iýmitlere allergiki täsirliliginiň ýokarlanmagy, iýmit siňdiriş agzalarynyň dürli keselleriniň, sol sanda howply täze döreme keselleriniň ýygy duş gelmegi ýokardaky faktorlaryň beren ýaramaz netijesi bolup durýandyr.

Brilýa-Sawareniň bellemegine görä, "Haýwan döýmaga ymtylýar, adam iýýär, akylly adam bolsa iýmitlenmegi başarýar". Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda

Iýmitlenmede Siz nämä ýykgyn edýärsiňiz: tagamlylygamy ýa-da peýdalylyga?

Ýaşaýyş üçin şeýle wajyp sorag barada öz pikirleriňiz, durmuş tejribäňiz bilen paýlaşarsyňyz diýen umyt bilen Jahan.

  • 22423 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Maşgala durmuşynda çaga terbiýesi ene-ata üçin iň wajyp hem-de çylşyrymly wezipe bolup durýar. Maşgalada alnan terbiýe köp babatda çaganyň sosial durmuşa uýgunlaşmagynyň derejesini kesgitleýär. Misli çarkandakly dag eteklerinden geçmäge kömek edýän ýol görkeziji ýaly, çagalarymyzy asuda we howpsuz durmuş ýolundan geçirmäge, olary bu ýolda gurşap aljak nogsanlyklardyr howplylyklar barada habardar etmäge, olaryň her soragyna jogap tapmaga ymtylýarys.

Ýöne biz hemişe olaryň berjek soragyna jogap tapmaga taýynmy? Bizde bu meselä degişli statistika maglumatlaryň ýoklugyna garamazdan, tejribeli lukmanlar we mugallymlar ene-atalaryň aglaba böleginiň jynsy gatnaşyklara degişli terbiýeçilikde kynçylyk çekip, çagalary bilen gürrüňdeşligiň başa barmaýandygyny belleseler, ýaşlaryň aglaba bölegi aýal bilen erkegiň gatnaşygyna degişli maglumatlary başga çeşmelerden (deň-duşlaryň gürrüňi, kinofilmler, Internet ulgamy, ululara niýetlenen filmler) alýandyklaryny äşgär edýärler.

Eger 7 ýaşly çagaňyzyň "Siz meni nireden aldyňyz?" diýen soragyna, "Dükandan (bazardan) satyn aldym" diýip jogap berseňiz, onuň 12 ýaşap beren ýene şeýle soragyna "Ulalyp bilersiň. Sen şeýle zatlary nireden eşidýärsiň?" diýip, gatyrganmagyňyz mümkin. Ene-atasynda bu soraga döreýän täsiri gören 15 ýaşly ýetginjek, bu soragy size bermäge çekinip, jogaplary başgalardan gözlemäge synanşyk eder. Bu soraglara dogry jogap tapyp, ýönekeý görnüşde oňa mekdep düşündirse gowy zat. Bilim beriş ulgamynyň hem bu babatda öz düzgünleri bolup biler...

Siziň pikiriňizçe, çaga jynsy terbiýe haçan we nähili görnüşde berlip başlanmaly?

Bu durmuşy soragy çözmekde ýaşlaryň özleriniň, olaryň ene-atalarynyň, mugallymlarynyň, terbiýeçileriň gatnaşyp, pikirlerini beýan etjekdiklerine umyt edip Jahan.

  • 6342 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Täze ýylyň öňsyrasynda gowy arzuwlar edilýär, öz durmuşymyz üçin möhüm meseleler babatda meýillerimizi kesgitleýäris, geljege umydymyzy berkidip, özümizi durmuşy täze çözgütleri tapmaga taýýarlaýarys. Bu döwür geçen ýylyň netijelerini jemläp, täze ýylda täze sepgitlere ýetmäge galkynma berýän wagt araçägi bolup durýar.

Her kimiň öz arzuwy, oňa ýetmäge ýardam berýän öz ýoly bolýar. Ýöne meýilleşdirilýän işleri ýerine ýetirip, öňde goýulýan maksatlara berk jan saglyksyz ýetip bolmajakdygy her kime-de bellidir. "Saglygym-begligim" diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar.

Biziň saglygymyz nämä bagly? Öz durmuş ýörelgämizemi? Ekologiýamy? Ýa-da iýýän iýmitimiziň hilinemi? "Ol sanalan sebäpleriň hemmesine hem bagly. Şeýle-de, saglygy goramagyň hili lukmanlaryň işine hem juda bagly bolup durýar" diýmegiňiz mümkin. Siz mamla.

Soňky ýyllarda, saglygy goraýyş ulgamynda halkyň saglygyny goramak ugrunda köp reformalaryň durmuşa geçirilendigi hemmämize mälimdir.

Siz täze ýylda saglygy goraýyş ulgamyň işinde nähili üýtgeşmelere garaşýarsyňyz?

Täze ýylyň bosagasynda, biziň durmuşymyz üçin derwaýys mesele barada pikiriňizi paýlaşarsyňyz diýen umyt bilen, Jahan.

  • 5151 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (11 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

WWW.SAGLYK.INFO saýtynyň lukmanlary lukmançylyga degişli dürli mowzuklardan söz açýan makalalary siziň dykgatyňyza hödürleýärler. Şonuň bilen birlikde, biz saýtyň sahypalarynda jemgyýet üçin wajyp soraglary galdyrýan makalalary hem ýerleşdirip, sizi özara pikir alyşmalara çagyrýarys. Biri-biriňi diňläp, özara pikir alyşmalaryň dogry çözgüde getirip biljegi ikiuçsyzdyr.

Hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem lukmançylyk ylymy adamyň önelgelilik ulgamyna degişli meseleleri çözüp, durmuşa geçirmekde ummasyz uly iş alyp barýar. Şonuň bilen bir hatarda, abort etmegiň we göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ulanylmagy, adamyň önelgelilik häsiýetini üýtgetmäge gönükdirilen çäreler bolup durýandyr. Ýöne göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri islenilmedik göwrelilikden goraýan bolsa, abort (çaga düwünçegini emeli aýyrma) etmeler ençeme lukmançylyga we ahlaklylyga degişli meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Abort edip, çaga düwünçegini ýaşaýyşdan mahrum etme aýaly hem, ony geçirýän lukmany hem deň derejede, ahlaklylyk ülňüleri babatda jogapkärçiligi duýmaga mejbur edýär. Dürli döwürlerde hem jemgyýetde bu meselä degişli dürli garaýyşlar bolsa-da, aborty geçirmegiň garşysyna çykyş edýänleriň sany agdyklyk edipdir. Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň köp görnüşleriniň hödürlenmegi, aborty geçirmä gözegçiligiň güýçlendirilmegi ýaly çäreleriň geçirilýändigine garamazdan, çaga düşürmeleriň sany azalanok. Dünýäde ýylda 60 mln. abort geçirilip, her üçünji göwrelilik abort bilen tamamlanýandyr. Eýsem-de bolsa,

Biziň jemgyýetimizde nähili çäreleriň geçirilmegi, abortlaryň sanynyň peselmegine getirip bilerkä?

Orta atylan soraga açyk we anyk jogap berip, öz pikiriňizi paýlaşarsyňyz diýen umyt bilen Jahan.

  • 6977 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Biz lukmançylyga degişli maglumatlary saýtymyzyň sahypalarynda yzygiderli ýerleşdirip, Sizi gyzyklandyrýan soraglara jogap berýäris. Ýöne munuň bilen hem çäklenmän, Sizi durmuşyň esasy meseleleriniň käbirleri boýunça pikir alyşmaga çagyrýarys. Çünki sagdyn we gözýetimi giň bolan jemgyýete pikir alyşmaklyk mahsusdyr. Biz islendik meseläni diňe pikir alyşmalar, dialog arkaly netijeli we dogry çözüp bolýandygyna ynanýarys.

WwW.Saglyk.org saýtynyň sahypalarynda biz diňe bir dürli keseller, beden şikeslenmeleri barada doly maglumaty beýan etmän, eýsem bu keselleriň täze, döwrebap bejergi usullary barada hem anyk maglumaty bermäge çalyşýarys. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alyp gaýdýan lukmançylyk ylymy XXI asyrda öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basyp, täze tehnologiýa ösüşleriň goldawyna eýe boldy. Bu günki gün, adamynyň gen toplumyny öwrenip, oňa özgertmeler girizme mümkinçiligi gazanylan, beden agzalaryny alyp oturtma bejergi usullarynyň kämilleşdirilen, rak keselleriniň käbir görnüşlerine bejergi usullary işlenilip düzülen döwründe lukmançylyk ylymynyň adam saglygyny goramakda beýik sepgitlere ýetendigine göz ýetirýärsiň.

Ýöne durmuş çylşyrymly hem-de köptaraply wagt akymy bolup, adam öz saglygyny gorap, janyny halas etmek ugrunda diňe bir lukmanlara däl-de, eýsem, tebiplere hem ýüz tutýan halatlary az bolanok. Tebipçilik emlerini ulanyp haýyr tapýan adamlar hem az däldir. Eýsem, tebipçilik emlerinden peýdalanma islegi lukmançylyk emlerine bolan ynamsyzlykdan ýa-da gorkydan döreýämika? Belki-de bu isleg, amaly lukmançylygynyň entek kömek berip bilmeýän halatlarynda, halk emlerinden haýyr tapma umydy bilen döreýändir? Umuman aýdylanda,

Adamlar näme üçin tebiplere ýüz tutýarlar?

Orta atylan soraga çynlakaý seredip, ýaňsylamazdan, öz pikirleriňizi aç-açan beýan edersiňiz, durmuş tejribäňizi paýlaşarsyňyz diýen umyt bilen, Jahan.

  • 7322 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.98 (43 Ses)

Gomoseksual gatnaşyklary öz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, adamzat jemgyýetinde hemişe duş gelip duran ahwalat bolsa-da, onuň sebäplerini, tebigatyny düşündirmek synanşyklary hem-de oňa bolan ýazgaryjy garaýyşlar şu güne çenli dowam edip gelýändir.

Näme üçin gatnaşyklaryň gomoseksual ugruny saýlap alýarlar? Bu ýagdaý biziň aňymyzyň gözegçiliginden çykýan hemişelik ahwalatmyka? Bu gatnaşyklar durmuşyň belli bir döwründe meýletin saýlanan çözgütmikä? Belki-de, bu gatnaşyklar çaganyň maşgalada ýa-da mekdepde alan terbiýesi netijesinde saýlanylýandyr?

Dowamy

  • 11762 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Biz lukmançylyga degişli maglumatlary saýtymyzyň sahypalarynda yzygiderli ýerleşdirip, Sizi gyzyklandyrýan soraglara jogap berýaris. Ýöne munuň bilen hem çäklenmän, Sizi durmuşyň esasy mesleleriniň käbirleri boýunça pikir alyşmaga çagyrýarys. Çünki sagdyn we gözýetimi giň bolan jemgyýete sagdyn pikir alyşmaklyk mahsusdyr. Biz islendik meseläni diňe pikir alyşmalar, dialog arkaly netijeli we dogry çözüp bolýandygyna ynanýarys.

Saglyk@info saýtyna günde soraglaryň ençemesi gelip gowuşýar. Olaryň aglaba bölegini ýaşlaryň soraglary düzýär. Ýaşlar bolsa, esasan-da, jyns gatnaşyklary barada özlerini gyzyklandyrýan dürli-dürli soraglary berýärler. Saýtyň lukmanlary olara höwes bilen jogap berýärler. Olar munuň diňe ýaňsylamak ýa-da "at oýnatmak" maksady bilen däl-de, dogrudan-da, bilmek maksady bilen soralýandygyna düşünýärler. Sebäbi ýaşlar şeýle pynhan meseläni ululardan soramaga utanýarlar, lukmana aç-açan ýüz tutmaga çekinýärler. Emma jynsy gatnaşyklaryna bolan garaýşyň emele gelşi ýaş juwanlaryň gelejegine, gelejekdäki maşgala durmuşyna örän uly täsirini ýetirýändir.

Hawa, saýtyň lukmanlary ýaşlaryň şeýle soraglaryna jogap berýär we gelejekde hem jogap berer. Ýöne şeýle soraglaryň diňe fiziologiki taraplary däl-de, ahlak taraplarynyň hem bardygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin-de, okyjylaryň öz  durmuş tejribesini paýlaşyp bilmegi, pikirlerini beýan etmegi üçin, Saglyk@info saýty has ýygy berilýan soraglaryň käbirleri boýunça pikir alyşmany gurnamagy makul bildi.

Orta atylan soraga çynlakaý seredip, ýaňsylamasyz, öz pikirleriňizi aç-açan beýan edersiňiz, durmuş tejribäňizi paýlaşarsyňyz umudy bilen,

Jahan.

*********

Maşgala gurmazdan, jynsy gatnaşyklaryň  başlanylmagyna Siz nähili garaýarsyňyz? Bu şahsy azatlyk hukugyny ulanmamy? Ahlaksyzlykmy? Ýa-da tejribe toplama synanyşygymy?

*********

  • 5816 gezek okalan
  • 1
  • 2