• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BSGG: JYNS AGZALARYNYŇ UÇUGY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK MESELESINE ÖWRÜLDI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BSGG: JYNS AGZALARYNYŇ UÇUGY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK MESELESINE ÖWRÜLDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyjyns agzalarynyn ucugy dünýäde ýarym milliard adamda jyns agzalarynyň uçugynyň (gerpes ýokançlygy) bardygyny habar berdi. Täze çaklamalar birnäçe million adamyň agyz uçugy infeksiýasyndan ejir çekýändigini görkezýär. Bu habarlar adamlaryň uçuk baradaky bilimini artdyrmagyň we uçugyň öňüni alyş we bejeriş çärelerini ösdürmegiň zerurdygyny ýatladýar.

2016-njy ýylda dünýäde 15-49 ýaş aralygyndaky adamlaryň 13% töweregi 2-nji görnüşli ýönekeý gerpes wirusy infeksiýasyny (HSV-2) göterýär eken. Bu barada 2016-njy ýyldan soňra maglumat berilmeýär. HSV-2 jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýar we jyns agzalarynyň uçugyna sebäp bolýar. Bu infeksiýa gaýtalanyp bilýär. HSV-2 ýokuşan adamlaryň üçden birinde jyns agzalarynyň agyryly ýaralary döreýär.

1-nji görnüşli ýönekeý herpes wirusy (HSV-1) esasan agyzdan ýokuşýar we agyzda uçgun infeksiýasynyň döremegine sebäp bolýar. Käwagt agzyň içinde ýa-da töwereginde agyryly ýaralar hem çykýar. HSV-1 oral jynsy gatnaşygyň üsti bilen jyns agzalaryna hem ýokuşyp bilýär.

2016-njy ýylda dünýäde 0-49 ýaş aralygyndaky adamlaryň 67% töwereginde (3.7 milliard adam) HSV-1 infeksiýasy bar eken. Bu infeksiýalaryň köpüsi agyz uçuklary bolsa-da, 122-192 million töweregi adamda jyns agzalarynyň uçugynyň bolandygy çaklanylýar.

Eger HSV-2 infeksiýasyny göterijiler AIW ýokançly adam bilen gatnaşyk etseler, olara AIW-iň ýokuşma ähtimallygy azyndan üç esse ýokarlanýar. Şonuň üçin hem, AIW infeksiýasynyň dünýä ýaýramagynda HSV-2 möhüm rol oýnaýar. HSV-2 we AIW infeksiýalary esasan aýallara has uly howp salýar.

Uçugyň heniz bejergisi ýok. Wirusa garşy dermanlar uçugyň agyrysyny we ýygylygyny azaltmaga kömek edip bilýärler, emma ony bütinleý bejerip bilmeýärler. Şonuň üçin global derejede adamlaryň habardarlygyny ösdürmek, wirusa garşy dermanlary elýeter etmek, we HSV infeksiýasyndan ejir çekýänleri AIW-den goramagy pugtalandyrmak örän möhümdir. Galyberse-de, HSV infeksiýasynyň öňüni almagyň we bejermegiň has netijeli ýollaryny tapmaly, esasan hem HSV waksinalaryny döretmeli.

Çeşme: BSGG

GOŞMAÇA MAGLUMAT

UÇUK ÝOKANÇLYGYNYŇ KÖP DÜRLÜLIGI

ÖPÜŞME ARKALY ÝOKANÇLYKLAR GEÇIP BILÝÄRMI?

GORAGSYZ GEÇIRLEN JYNSY GATNAŞYKLARYŇ GORAGLYLYK ÇÄRELERI

JYNSY ÝOKANÇLYKLAR: NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY WE NÄDIP SAÝGARMALY? – DIŇE HAKYKATLAR

  • 1808 gezek okalan