• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • IÝMIT ZÄHERLENMESI: DÜŞÜNMEK WE ÖŇÜNI ALMAK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÝMIT ZÄHERLENMESI: DÜŞÜNMEK WE ÖŇÜNI ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

iymit zaherlenmesiIýmit zäherlenmesi haçanda adam mikroblar ýa-da beýleki zyýanly bakteriýalar bilen zäherlenen iýmit ýa-da içgi kabul edende döreýän keseldir. Alamatlary köplenç zäherlenen iýmiti iýeniňden birnäçe sagadyň ýa-da birnäçe günüň içinde ýüze çykýar. Esasy alamatlar:

Içgeçme;

↪ Aşgazanda ýa-da garynda agyrylar;

↪ Ýürek bulanma;

↪ Gaýtarma;

↪ Gyzzyrma. 

Köp adamda biraz näsaglyk döräp, bejergisiz gutulyp gidýärler. Käte welin, iýmit zäherlenmesi agyr kesele ýa-da çynlakaý gaýraüzülmelere eltýär. Islendik adam iýmitden zäherlenip bilýär, emma çagalar, göwreliler, gartaşan we immun ulgamy gowşak adamlara zäherlenen iýmitdir içgileriň täsir etme we agyr kesele uçratma ähtimallygy has ýokary bolýar.

Iýmit nädip zäherlenýär?

Iýmit ekerançylyk ýa-da balykçylyk ýerinden saçaga baryp ýetýänçä islendik ýerde zäherlenip bilýär. Zäherlenme iýmitiň ösdürilip ýetişdirilýän, hasyl edip ýygnalýan, tutulýan, işlenilýän, saklanylýan, paýlanylýan ýa-da taýýarlanylýan döwürleriniň islendiginde ýüze çykyp bilýär. Onuň esasy sebäpleri:

Elleri gowy ýuwmazlyk. Hajathana ulanylandan soňra ellerde galýan nejasat iýmiti zäherläp bilýär. Beýleki zäherleýjiler iýmit taýýarlanylanda we äberilende ellerden iýmite geçip bilýär.

Tagam bişirilýän we iýilýän ýerleri arassalamazlyk. Ýuwulmadyk pyçaklar, tagtalar ýa-da beýleki aşhana gurallary zäherleýjileri ýaýradyp bilýärler.

Ýerliksiz saklanylyş. Otag temperaturasynda ýa-da sowadyjyda aşa uzak wagtlap galdyrylan nahar zaýalanyp bilýär. Gyzgynka sowadyja ýa-da doňduryja salynýan nahar hem zaýalanyp bilýär.

Nädip öňüni almaly?

Öý şertlerinde iýmit zäherlenmesiniň öňüni almagyň birnäçe ýönekeý ýoly bar:

Elleriňi azyndan 20 sekuntlap sabyn we suw bilen ýuw. Muny hajathanadan soň, iýmit iýmeziňden öň we iýmit ellemezden öň we soň berjaý et.

Gök-önümleri iýmezden, artmazdan we taýýarlamazdan öňürti mazaly ýuw.

Aşhana gap-gaçlaryny, tagtalary, pyçaklary we beýleki abzallary et önümleri ýa-da ýuwulmadyk gök-önümleri üçin ulananyňdan soňra sabynly suw bilen arassala.

Çyg ýa-da gowy bişmedik et ýa-da balyk iýme. Eti we balygy azyndan 63C gradusda, üwelen eti azyndan 71C gradusda we guş etlerini azyndan 74C gradusda bişir.

Galan nahary sowadyja sal. Galan naharlary sowansoň ýapyk gapda sowadyjyda goý. Galan naharlary sowadyjyda 3-4 güne çenli saklap, iýip bolýar. Eger olary 4 günüň içinde iýmejek bolsaň, göni doňduryja sal.

Galan naharlary seresaply gyzdyr. Doňan iýmiti ýylatmagyň 3 ýoly bar: Ony mikrowolnowkada ýyladyp bilersiň. Sowadyja geçirip, bir gije goýup bilersiň. Ýa-da ýapyk gaba salyp, otag temperaturasynda sowuk suwda goýup bilersiň. Galan naharlary 74C gradusda gyzdyr.

Şübhelenýän bolsaň iýme. Eger iýmitiň howpsuz taýýarlanandygyna, äberilendigine ýa-da saklanylandygyna ynamyň ýok bolsa, onda ony zibile at. Hatda onuň görnüşi we ysy zyýansyz ýaly hem bolsa, ol iýmek üçin howply bolup biler.

Heňlän iýmiti iýme. Islendik peçde bişirilen önümleriň heňlänini haýal etmän zibile at. Heňlän ýumşak gök-önümleri (pomidor, ir-iýmiş, şetdaly) we maňyzlary hem zyň. Dykyz we az suwly iýmitleriň (käşir, bulgar burç, gaty peýnir) heňlän ýeriniň 2.5 santimetr daşyndan kesip aýryp iýip bilersiň.

Sowadyjyňy arassala. Sowadyjyň içini her birnäçe aýdan arassalap dur. Onuň üçin bir nahar çemçe nahar sodasyny 0.9 litr suwa garyp ulanyp bilersiň.

Iýmit zäherlenmesine öýde nähili çäre görmeli?

Köp adamda zäherlenmäniň alamatlary bejergi almazdan 48 sagadyň içinde gaýdyşýar. Özüňi ynjalykly duýmakda we bedeniň guramagynyň öňüni almakda aşakdakylar kömek edip biler:

Aşgazanyňa wagt ber. Aşgazanyň özüne gelýänçä we ajykýançaň iýmit iýmekden saklan. Iýmäge usul bilen başla we sada, ýagsyz, siňňitli iýmitleri iý. Ýene aşgazanyň bimaza edip başlasa iýmegiňi bes et.

Suwuklyklaryň öwezini dol. Bedeniň suwuklygynyň azalmazlygy üçin suw, sport içgilerini, suw goşulan miwe şiresini we süňk çorbasyny iç.

Gowulaşýançaň belli iýmitleri we serişdeleri kabul etme. Olar: süýt önümleri, kofein, alkogol, nikotin, ýagly we köp mukdarda tagamlandyryjy goşulan iýmitler.

Dynç al. Näsaglykdan we bedeniň guramasyndan açylmak üçin dynç almak möhümdir.

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Eger-de keseliň ýiti alamatlaryny, şol sanda aşakdaky alamatlary başdan geçirýän bolsaň, lukmana görün:

↪ Ganly içgeçme;

↪ 3 günden uzaga çeken içgeçme;

↪ Ýokary temperaturaly gyzzyrma (38 gradusdan ýokary);

↪ Iýeniň-içeniň gaýdyp durmagy;

↪ Beden guramasynyň alamatlary: kän buşukmazlyk, agzyň we bokurdagyň guramagy, dik duranyňda başaýlanma.

Сeşme

  • 691 gezek okalan