Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
IMMUN ULGAMY NÄME WE ONY NÄDIP GORAMALY?
Immun ulgamy (rus. – immunitet) – bedeni daşky gurşawyň dürli ýaramaz täsirlerinden (ýokançlyklar, allergenler) goraýan bedeniň goraglylyk ulgamydyr.
Bedeniň goraglylyk ulgamy iki görnüşde tapawutlandyrylýar: doga we gazanylan. Doga işleýän immun ulgamy tiz hereket edýär-bu ulgama degişli fagosit öýjükler, interferon, alawlama hadysanyň mediatorlary dörän näsazlygy duýup, onuň bilen göreşmäge başlaýarlar. Gazanylan immun ulgamynyň işi çylşyrymlydyr. Onuň işi kesgitlenen howpa garşy ýörite täsir etjek öýjükleri işläp çykaryp, soňundan ony ýok etmäge gönükdirilendir. Immun ulgamynyň bu görnüşi belli bir ýokançlygy "ýatda saklap", indiki gezek oňa duşulanda çalt göreşmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gazanylan immun ulgamynyň "ýadynda" biziň bedenimiziň duşmanlarynyň hemme sanawy saklanylýar. Her adamda bu sanaw dürlüdir.
Bedeni goramaga gatnaşýan öýjükleriň emele gelmegine ýörite agzalar jogapkärdir. Bu agzalara çarşak görnüşli mäz (timus) we süňk ýiligi degişlidir. Olarda öýjükleriň emele gelmegi we saýlanmagy bolup geçýär. Olaryň işjeňleşmegi bolsa uly bogunlaryň töwereginde we boýunda ýerleşýän limfa düwünlerinde bolup geçýär. Şonuň ýaly-da, immun ulgamy içegede ýaşaýan ýokançlyklar toplumyna (mikroflora) hem baglydyr. Immun ulgamynyň 70% içegelerde ýerleşýär diýip hasaplaýarlar. Onuň esasy wezipesi:
↪ howply ýokançlyklary tanap ýok etmek;
↪ az howply ýokançlyklary bolsa göýberip, bedeniň olara garşy goraglylygyny üpjün etjek öýjüklerini işläp çykarmagyny gazanmak.
Netijede, immun ulgamy – bedende del faktorlary tanaýan we ýok edýän öýjükleriň we agzalaryň birleşigidir.
Immun ulgamyny nädip goramaly?
Immun ulgamyny gorama we işjeňligini ýokarlandyrma çäreleri toplumlaýyn geçirilmelidir. Ulgamy gorama çärelerine durmuş tertibini we iýmitlenmegi kadalaşdyrmak, görkezme boýunça immun ulgamy berkidiji serişdeleri ulanmak degişli edilýär:
1. Bedeniň kadaly agramyny saklamak – kadaly immun ulgamyny saklamagyň esasydyr. Ýöremek, ylgamak, welosiped sürmek, şeýle-de, sport bilen kadaly meşgullanmak immun öýjükleriniň täzelenmegine ýardam berýär.
2. Ruhy-emosional durkuň durnuklylygy – gönüden-göni immun ulgamyna täsirini ýetirýär. Dowamly stres, gahar-gazap, gamgynlyk, uzak wagtlaýyn jemgyýetden üzňelik immun ulgamyny gowşadyp, dowamly keselleriň beterleşmegine we täze keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Tersine, ruhy durkumyza pozitiw täsir edýän ýagdaýlar (halaýan işiň bilen meşgullanmak, gülküli filmlere tomaşa etmek, syýahat etmek, halaýan sazyňy diňlemek, halaýan, göwnaçyk adamlaryň bilen gatnaşmak we baş.) bedene zyýanly ýokançlyklardan gaça durmaga kömek edip bilýär.
3. Ukyňy almak – beden üçin wajyp hadysa bolup, uky wagty günüň dowamynda kabul edilen maglumatlar işlenilýär, öýjükler täzelenýär, beden peýdaly energiýa ýygnaýar. Ukynyň ýetmezçiligi netijesinde immun ulgamyň işjeňligi peselip, kesellere garşy durnuklylyk gowşap bilýär. Ukynyň dowamlylygy 7-8 sagatdan az bolmaly däldir.
4. Iýmitlenme. Iýmit kabul edilende iýmit köpdürlüligini saklamak, çylşyrymly uglewodlardan, ýaramaz ýaglardan gaça durmak wajypdyr. Beloklary, peýdaly ýaglary, uglewodlary, witaminleri we mikroelementleri saklaýan iýmit düzümini kabul etmek we ýeterlik suw mukdaryny içmek peýdalydyr.
5. Alkogol, çilimkeşlik, neşekeşlik. Ýaramaz endikleriň düzüminde saklanýan zyýanly himiki maddalar we olaryň beden agzalarynyň ýagdaýyny üýtgetmegi goraglylyk ulgamynyň dürli böleklerine ýaramaz täsirini ýetirip, ony gowşadýar. Immun ulgamyny ýokarlandyrmak ýaramaz endiklerden bütinleý ýüz döndürmegi talap edýändir.
6. Beden kesellerini wagtynda bejermek. Esasan hem dem alyş ýollarynyň ýiti ( ýiti pnewmoniýa) we dowamly kesellerini (dowamly bronhit, himiki maddalaryň täsiri bilen dörän bozulmalar we baş.) wagtynda bejermek ýa-da gözegçilikde saklamak öýkeniň sag dokumasynyň zeperlenmeginiň öňüni alyp bilýär.
7. Immun ulgamyny tijendiriji serişdeleri kabul etmek. Bu serişdeler gelip çykyşy boýunça dürli toparlara degişlidir:
↪ Tebigy ösümliklerden taýynlanan serişdeler (spirulin, ehinaseýa, itburun we baş.);
↪ Ýokançlyklaryň howply däl böleklerini saklaýan serişdeler;
↪ Interferonyň esasynda taýynlanan serişdeler;
↪ Witaminleri (A, B topar, D) saklaýan serişdeler;
↪ Düzüminde çarşak şekilli mäziň böleklerini saklaýan serişdeler.
Immun ulgamyna degişli serişdeleri adamynyň ýaşyna, bar bolan kesellerine, bu serişdeleri kabul etmegiň maksadyna laýyklykda diňe lukman bellemelidir.
- 355 gezek okalan