Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÄZE HASABAT: DÜNÝÄDÄKI ABORT ÝAGDAÝLARY
Soňky 30 ýylda, dünýä ýüzünde niýetlenilmedik göwrelilikleriň sany azaldy, emma abortlaryň sany köpeldi. Şeýle-de bolsa, aborta kanun taýdan rugsat berilýän ýurtlarda onuň azalandygyny görmek bolýar. Dünýädäki abort ýagdaýlary barada Lancet Global Saglyk ylmy barlagy şeýle netijeleri ýüze çykardy:
↪ 2015-2019 ýyllar aralygynda, dünýäde her ýylda 121 million sany niýetlenilmedik göwrelilik bolup geçýär. Olaryň 61 göterimi abort bilen togtadylýar.
↪ Abortyň çäklendirilen ýerlerinde, ýylda her 1000 aýaldan 73 sanysy niýetlenilmedik göwrelilige sezewar bolýarlar. Her 1000 göwreliligiň 36 sanysy bolsa, abort bilen togtadylýar.
↪ Aborta kanun taýdan rugsat berilýän ýurtlarda, her 1000 aýaldan 58 sanysy niýetlenmän göwreli bolýarlar. Her 1000 göwreliligiň 40 sanysy abort bilen togtadylýar.
Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, ösüp barýan ýurtlarda abortyň köplügine elýeterli we göwnejaý kontrasepsiýanyň (göwreliligiň öňüni alýan serişdeler) ýetmezçiligi sebäp bolup biler. Niýetlenilmedik göwrelilikleriň azalmagynda bolsa, maşgalany meýilleşdirme programmalarynyň goşandynyň uly bolmagy mümkin.
"Bu edilen açyşlar ilaty hemmetaraplaýyn seksual we reproduktiw saglyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň örän möhümdigini görkezýär. Bu hyzmatlaryň içine kontrasepsiýa, abort, we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hemmelere elýeter edilmegi hem girýär" diýip, ylmy işiň awtorlary belleýärler.
Bu ýagdaý bizde nähili?
UNIСEF-iň barlaglaryna görä, Türkmenistanda 15-45 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 50% kontrasepsiýa ulanmaýar.
Türkmenistanyň 2016-nji ýylda täzelenen kanuny abortyň möhletini çäklendirdi. Öňki kanun göwreliligiň 12-nji hepdesine çenli abort etdirmäge hukuk berýärdi. Täze kanun bolsa, bu möhleti 5 hepdä çenli azalty.
Mähriban okyjy, seniň pikiriçe bu kanun aýallaryň fiziki we psihiki saglygy üçin howpsuzmy? Adalatlymy?
- 2628 gezek okalan