• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ENDOMETRITI ENDOMETRIOZDAN NÄHILI TAPAWUTLANDYRMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENDOMETRITI ENDOMETRIOZDAN NÄHILI TAPAWUTLANDYRMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

endometritEndometrit – ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriý) sowuklama keselidir. Ýatgynyň içki gatlagyny düzýän öýjükler aýbaşy halkasynyň doly düzülmegini, şeýle hem önelgelilik ukybynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Endometriý gatlagy aýbaşynyň kadaly gelmegi, çaga düwünçegiň berkäp galmagy üçin şertler döredýändir. Şol sebäpden hem, endometrit keselini wagtynda we doly bejermek wajypdyr.

Endometrit nämeden döräp bilýär?    

Adatça  birnäçe sebäpler bilelikde kesele getirip bilerler:

↪ Beden immunitetiniň gowşamagy;

↪ Bedene ýokançlyklaryň düşmegi ýa-da dowamly ýokançlyk ojaklarynyň bolmagy (kariýes, tonzillit, piýelonefrit);

↪ Ýatgynyň içki gatlagynyň şikeslenmegi (ýatga spiral goýmak, ýatgynyň içini gyrmak, endoskopiki emleri geçirmek);

↪ Gaýraüzülmeli geçen dogum (dogumdan soňky endometrit);

↪ Abortlary geçirmek;

↪ Kesarewo kesimi wagtynda şikeslenmeleriň bolmagy;

↪ Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň, bakterial waginozyň bolmagy;

↪ Jynsy gatnaşykda gigiýena çäreleriniň doly ýerine ýetirilmezligi.

Dürli sebäpleriň esasynda ýatgy gatlagynyň şikeslenmegi we ýokançlyklaryň oňa düşüp, alawlamany döretmek hadysasy ýatýandyr. Immun ulgamy gowşak bolan halatlarynda ýokançlyk nemli gatlakdan ýatgynyň myşsalaryna (endomiometrit) geçip, çynlakaý gaýraüzülmeleri döredip bilýändir.

Endometritiň tapawutly alamatlary barmy?

Endometritiň alamatlary ýiti başlap, wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda dowamly görnüşe geçýär. Keseliň ýiti görnüşinde alawlama alamatlary ýaýraň bolmaýar we bir aýdan uzaga çekmeýär:

↪ Garnyň aşagynda ýiti agyrylaryň döremegi aýalyň tiz ünsüni çekip bilýär;

↪ Jynshanadan adatdakysyndan has goýy, sarymtyl bölünip çykmalar;

↪ Beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy we umumy zäherlenme alamatlarynyň döremegi: gowşaklyk, ýadawlyk, kelleagyrylar we baş.;

↪ Ýatgydan kadasyz gan akmalar.

Wagtynda bejerilmese, kesel dowamly görnüşe geçýär. Dowamly endometrit üçin uzak wagt alamatsyz geçmek we keseliň belli bir öjükdiriji ýagdaýlaryň täsiri bilen  beterleşmegi häsiýetlidir. Dowamly endometritiň aşakdaky häsiýetleri bolýar:

↪ Aýbaşy halkasynyň bozulmagy, aýbaşynyň dowamly, agyryly geçmegi;

↪ Aýbaşara gan gelmeleriň ýüze çykmagy;

↪ Garnyň aşagynda agyrylaryň bolmagy;

↪ Göwreliligiň irki möhletlerinde çaga düşmeleriň bolmagy;

↪ Önelgesizlik ýagdaýy.

Bejerilmedik endometritiň gaýraüzülmeleri howplumy?

Wagtynda anyklanylyp, bejerilmedik endometrit beden üçin çynlakaý gaýraüzülmelere getirip biler: çanaklyk we aýaklaryň wenalarynyň tromboflebit keseli, sepsis ýagdaýy, uzak bejergini talap edip biljek aýbaşy halkasynyň bozulmagy, önelgesizlik ýa-da çaga düşmeleri, çanaklygyň agyryly sindromy.

Endometrit keseli nähili bejergini talap edýär?

Bejergi ortaça 7-10 gün dowam etse-de, bejergiden soň 3-6 aýlap lukmanyň gözegçiliginde galmak wajypdyr. Bejerginiň esasyny antibiotikler düzýär. Anyklanylan ýokançlygyň görnüşine görä antibiotigiň bir ýa-da birnäçe görnüşi ulanylyp bilner. Ondan başga-da, bejergä kömelekleriň ösmegine garşy serişdeler, umumy zäherlenme alamatlaryna garşy serişdeler, agyrysyzlandyryjylar goşulýar.

Keseliň dowamly görnüşinde fizioemleri, gormonal serişdeler, görkezme bilen hirurgiki bejergi bellenilip bilner.

Endometrit we endometrioz keselleri tapawutlymy?

Köplenç bu iki keseli çalyşýarlar ýa-da meňzeş alamatly hasaplaýarlar. Endometrit ýokançlyklaryň täsiri bilen, diňe ýatgyda döreýän keseldir. Bejergide esasy orun antibiotiklere berlip, bejergi özwagtynda geçirilende sagalma mümkinçiligi ýokarydyr.

Endometrioz – ýatgynyň içki gatlagynyň öýjükleriniň aşa bölünip köpelmegi netijesinde ýaýrama hadysasydyr. Endometriniň öýjükleri diňe jyns agzalaryna ýaýraman, eýsem içegelere, öýkenlere çenli hem ýaýrap bilýärler. Keseli bejermek dowamly ýagdaýa eýe bolup, gormon serişdeleri ulanmagy, köplenç halatlarda hirurgiki bejergini geçirmegi talap edýär. Bu keselde önelgesizligiň, çaga düşmeleriň ýüze çykma ähtimallygy has ýokarydyr.

Endometrit göwrelilige täsir edip bilýärmi?

Aýdylyp geçilişi ýaly, bejerilmedik endometrit keseli önelgesizligiň, çaga düşmeleriň, wagtyndan öňki dogumlaryň döreme töwekgelligini ep-esli ýokarlandyrýar. Ondan başga-da, soňuna çenli bejerilmedik endometrit göwrelilik döwründe fetoplasentar ýetmezçiliginiň, çaga ýoldaşynyň kadasyz ýerleşmeginiň, kadasyz berklenmeginiň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. Şol sebäpden hem, göwreliligi meýilleşdirme döwründe ginekolog lukmanynyň maslahatyny alyp, göwrelilige taýynlanmak wajypdyr.

Endometrit haýsy ýaşda ýygy duş gelýär?

Bu kesel esasan çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky ýaş aýallarda duş gelýär. Şol sebäpden hem, her ýyl ginekolog lukmanynyň öňüni alyş barlaglaryndan geçmek zerurdyr. Lukman kesele getirip biljek sebäpleri anyklamaga, keseliň dowamly görnüşini kesgitlemäge we bejergini özwagtynda bellemäge kömek edip biler.

Şöhle Myradowa, maşgala lukmany

Ulanylan edediýat:
"Гинекология"  Национальное руководство Москва 2013 г
В. К. Лихачев "Практическая гинекология" Москва 2013 г

  • 295 gezek okalan